Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik strategiýasy täze neşirlerde öz beýanyny tapýar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik strategiýasy täze neşirlerde öz beýanyny tapýar

опубликованно 22.01.2019 // 503 - просмотров
 

Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanýar.

Neşir däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň ýokary derejedäki ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary we gepleşikleri beýan edilýär. Şolaryň hatarynda milli Liderimiziň GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran iş sapary baradaky habar bar. Bu sapar türkmen tarapynyň Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezdi. GDA agza ýurtlary Türkmenistan bilen öňden gelýän hoşniýetli we ysnyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Biziň döwletimiz 2019-njy ýylda bu düzüme başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne almak bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň soňky ongünlüginde Türkmenistana bolan resmi sapary doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypalary ýazdy. Žurnalda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada jikme-jik gürrüň berýän habar ýerleşdirildi.

Syn berilýän wakalaryň hatarynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreler hem bar. Neşiriň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ÝUNESKO — BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlykda baýramçylygyň öňüsyrasynda guralan «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary çap edildi. Foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan ministrler, ýokary derejeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşyp, ol durnukly ösüş, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary saklamak üçin meşhur ýoluň ähmiýetini aýdyňlyk bilen görkezdi.

2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibiniň kabul edilmeginiň 1000 gününiň şanyna oktýabr aýynda geçirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň günleri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boldy. Çäreler Daşary işler ministrligi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan guraldy. Onuň çäklerinde okuw maslahatlary, duşuşyklar hem-de festiwallar geçirildi.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa žurnalyň okyjylaryny bu çäreleriň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň hökümetine Ählumumy gün tertibini yzygiderli goldaýandygy hem-de ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge ygrarlydygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

«Beýik Ýüpek ýoly we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň gymmatly tejribesi», «Türkmenistan halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamynda» atly makalalar, biziň ýurdumyzyň GDA agza döwletler bilen özara gatnaşyklaryna hem-de durnukly ösüşi we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işlere bagyşlanan makalalar hem uly gyzyklanma döredýär.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jin Ki Hun neşiriň sahypalarynda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň mysalynda häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilişi barada pikir ýöredýär.

Žurnalyň şu sanynyň makalalarynyň ýene biri Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanýar. Bu ýol baradaky maglumatlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki jiltlik kitabynda jikme-jik beýan edilýär. Žurnalyň makalasynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen medeni mirasyň desgalaryny öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça geçirýän bilelikdäki işi barada gürrüň berilýär.

«Ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir» atly makalanyň awtory bu meselä Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan garaýar.

Žurnalyň däp bolan «Diplomatik durmuşyň syny» atly umumy sözbaşynyň astynda konferensiýalara, brifinglere, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, hökümetara toparlaryň mejlislerine, ikitaraplaýyn duşuşyklara hem-de daşary ýurtlaryň wekiliýetleri we iri halkara guramalaryň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklere, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalary bilen bilelikde geçirilen çärelere bagyşlanan habarlar ýerleşdirildi.

***

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çap etmäge taýýarlanylan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany — «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» diýen makala bilen açylýar. Onda döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň ornuna hem-de ähmiýetine üns çekilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenilip düzülen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýandygy bellenilýär. Şu babatda giň gerimli meseleler, şol sanda ekologiýa diplomatiýasy we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ulgamynda BMG bilen gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýe bolýandygy barada aýdylýar.

Okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýän dürli mazmundaky makalalaryň hatarynda «Türkmenistanda saglygy goraýşyň innowasion ösüş ýoly we halkara hyzmatdaşlygy» atly makala bar. Onda türkmen lukmanlarynyň daşary ýurtly hünärmenler bilen üstünlikli gatnaşyk etmekleriniň mysallary getirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion taýdan ösdürilmegine we umuman, mazmuny «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygarda jemlenýän toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

«Durnukly ösüş maksatly özgertmeler» diýen makala milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän strategiýasy bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanýar. Makalada bu ulgamy pugtalandyrmak babatdaky maksatnamalaýyn işlere ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we elbetde, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykarmak babatda garalýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň eýeleýän orny ýurdumyzyň maddy däl medeni mirasyny goramagyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan makalada hem nygtalýar. Makalada bellenilişi ýaly, milli gymmatlyklary goramak jemgyýetiň sazlaşykly we durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Türkmenistan muňa örän uly ähmiýet berip, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

«Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde eýeleýän orny» diýen makalada bu ulgama diňe bir maglumatlar çeşmesi hökmünde däl, eýsem, iň täze maglumatlar tehnologiýalaryny ösdürmek işiniň möhüm düzüm bölegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara gepleşikleri ýaýradyjy kompaniýalar bilen üstünlikli gatnaşyk etmeginiň ähmiýeti nygtalýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Žurnalda Durnukly ösüş maksatlarynyň düzgünleri babatda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşyjylaryň tanyşdyrmalary çap edilýär. Şol sanda ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Siraj Mahmudlunyň çykyşy ýerleşdirilýär. Ol çaganyň hukuklaryny amala aşyrmakda, hususan-da, ýokarda agzalan meýilnamanyň çäklerinde amala aşyrmakda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çäreleriniň oňyndygyny we anyk hereketlere daýanýandygyny belledi. Bu meýilnama, onuň pikirine görä, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we ählumumy abadançylygy gazanmaga goşant goşar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän neşir «Senenama» diýen gysga habarlar ýerleşdirilen bölüm bilen jemlenýär. Onda Aşgabatda abraýly guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäreler beýan edilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter