Türkmenistanyň zenanlarynyň dabaraly maslahaty geçirildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň zenanlarynyň dabaraly maslahaty geçirildi

опубликованно 20.04.2015 // 814 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň bäşýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlandy.

Duşuşyga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabatdan wekiller gatnaşdylar, olaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Hökümetiň agzalary, döwlet, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem BMGÖM, UNFPA, UNISEF ýaly halkara guramalarynyň wekilleri bar.

Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aýal-gyzlaryň alyp barýan köpugurly işlerini, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda işjeň orun eýeleýändigini bellemek bilen, zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna doly we deňhukukly gatnaşmagynyň üpjün edilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksada gönükdirilen syýasatynyň amala aşyrylmagynyň ýardam edýändigini nygtadylar. Jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň doly deňhukuklylygy, ýurdumyzyň Konstitusiýasy, kanunlary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalary tarapyndan berilýän ähli hukuklaryny we mümkinçiliklerini amala aşyrmagy kepillendirilendir.

Türkmenistanyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMGÖM-niň ýurdumyzdaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins bu wakanyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň bu möhüm ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky gezek ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini belledi. Zenanlaryň ýagdaýyna degişli halkara kadalaryny we ýörelgelerini amala aşyrmagyň toplumlaýyn çäreleri netijesinde uly netijeleri gazanmak bilen, Türkmenistan bu ugurda beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyzyň BMG-niň bu düzümine saýlanylmagy degişli syýasaty, ölçegleri we kadalary dünýä derejesinde taýýarlamaga we işläp düzmäge gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar. Gender deňliginiň möhümdigi onuň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ählumumy ösüşiň maksatlarynyň biri hökmünde goşulmagynda jemlenýär.

Gender deňligini gazanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar: aýal-gyzlary döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň işine işjeň çekmäge, olaryň bilim derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär, degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we amala aşyrylýar. Şu ýyl Türkmenistan 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmaga girişdi. Bu resminama aýal-gyzlary jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna çekmek boýunça döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işine täze itergi berer.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa zenanlar hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak bilen, geljekde hem ösüp gelýän nesli halkymyzyň belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we milli däplerine laýyklykda terbiýelemek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary hem-de şekillendiriş we amaly–haşam sungaty eserleriniň sergisi “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gender deňligini gazanmakda ýetilen sepgitler” atly şygar astynda geçirilen maslahata baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter