Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 18.01.2019 // 796 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlarda gazanan uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, taryhy özgerişlerini, jemgyýetimiziň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny we onuň wezipelerini Türkmenistanda durmuşa geçirmek boýunça çäreleri we işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan maksatlary ýurdumyzda durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Meýletin Milli Synyny taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter