Saglygy goraýyş ulgamynda halkara maslahata taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Saglygy goraýyş ulgamynda halkara maslahata taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 11.01.2019 // 442 - просмотров
 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata taýýarlyk görmäge bagyşlanylan maslahat geçirildi.

Duşuşyga Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, BMG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejedäki maslahatynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri bellenildi, şeýle hem degişli ýurtlara olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin kömek bermek boýunça meselelere garaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahaty geçirmek hakyndaky Kararynda Aşgabat forumynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guralýandygy nygtalýar.

Maslahatyň barşynda ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olara garşy degişli meseleleriň birnäçesi barada durlup geçildi, özara peýdaly tejribäni alyşmagyň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen umumy tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlemegiň wajypdygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejeli maslahata dünýäniň 53 döwletinden abraýly hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olar ýokanç däl keselleri azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek babatda toplanan tejribe barada çykyş ederler hem-de beýleki ýurtlarda ony ulanmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, maslahata Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ştab-kwartirasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň ählisiniň, şeýle hem beýleki halkara hökümet we hökümete dahylsyz edaralaryň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahata gatnaşyjylar “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyň türkmen paýtagtynda geçirilmeginiň ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda milletiň beden taýdan sagdynlygyny pugtalandyrmak we ruhy taýdan kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter