Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 08.01.2019 // 165 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýylda bagt we rowaçlyk arzuw edýäris.

Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti
Başar AL-ASAD maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Täze ýyl bilen gutlaýaryn!
Bagt, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Armen SARKISÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, täze üstünlikler hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini
ýerine ýetiriji.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Sizi Täze ýyl bilen gutlamaga rugsat ediň!

Size we Siziň ýakynlaryňyza bagt hem-de abadançylyk, Türkmenistana bolsa rowaçlyk arzuw edýärin. Goý, 2019-njy ýyl Ýewraziýanyň halklarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň bähbidine täze pikirlere we wakalara baý bolsun!

Sebitde hem-de halkara derejede parahatçylygy we milletara ylalaşygy pugtalandyrmaga ýardam edýän medeniýet hem-de sungat ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine umyt edýäris.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Dýusen KASEINOW,
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Täze ýylda döwlet häkimiýetiniň, dürli dini däpleriň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň özara gatnaşyklarynyň dowam etdiriljekdigine hem-de adamlaryň durmuşynda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we adalatlylygyň mizemez gymmatlyklarynyň berkarar bolmagyna, raýat ylalaşygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ösüp gelýän nesliň ruhy-ahlak terbiýesine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk we geljekki işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

KIRILL,
Moskwanyň we Tutuş Russiýanyň Patriarhy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze, 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Şu Täze ýyl baýramçylyk günlerinde biz hemişe gowulyklara umyt edýäris hem-de geljegimize uly ynam bilen garaýarys.

Goý, 2019-njy ýyl Siziň üçin rowaçlykly hem-de halkyňyzyň bähbidine alyp barýan köpugurly işiňizde üstünlikli ýyl bolsun!

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

M.ŞAÝMIÝEW,
Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň döwlet geňeşçisi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2019-njy ýylyň gelmegi mynasybetli, Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Goý, bu ýyl doganlyk Türkmenistan üçin abadançylygyň, bolelinligiň hem-de Siziň beýik başlangyçlaryňyzyň netijesinde, ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikleriň ýyly bolsun!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür hem-de doganlyk türkmen halkynyň ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde ägirt uly üstünlikleri dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Şeýh Faýsal bin Naser bin Hamad AL-TANI,
Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter