Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

опубликованно 08.01.2019 // 1141 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzda giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa serişdelerini gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Aşgabadyň okgunly ösmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzda her ýyl täze binagärlik toplumlary, ýollar peýda bolýar. Olaryň ugrunda has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Şäher öz çägini giňeldýär we tutuş dünýä açylyp, özüniň gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýar.

Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky täze desgalardaky gurluşygyň barşy bilen yzygiderli tanşyp hem-de şäheriň ähli durmuş-üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere uly üns berip, bu işleriň ählisiniň häzirki zaman talaplaryna we ülňülerine, şol sanda hil, bezeg we ekologiýa babatdaky görkezijilere doly laýyk gelmegi bilen tapawutlanmalydygyny nygtaýar.

...Ir bilen milli Liderimiz Çoganly toplumynyň çägine geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýleki degişli ýolbaşçylar, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň taslamalary we şolaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary goýlan ýere bardy.

Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Şolary 2020 — 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu iri durmuş maksatly taslamalar tutuş şäherçäniň gurluşygyny öz içine alýar. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki edara binalarynyň, hyzmatlar we durmuş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygy bar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olar umumylykda 2560 çaga niýetlenendir. Şeýle hem her biri 960 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy göz öňünde tutuldy. Olar jemi 5760 okuwça niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde Medeniýet öýi, Saglyk öýleriniň ikisi we Bagt köşgi gurlar.

Bularyň ählisi jikme-jik meýilnamalaryň esasynda dürli görnüşlerde görkezildi. Mysal üçin, bu ýerde jemi 564 gektara barabar meýdanda ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si ýerleşdiriler. Şolar umumylykda 16 müň 614 öýli 15 gatly we 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary jemi 74 müň 800 maşgala niýetlenendir.

Ýeri gelende aýtsak, her biri 88 öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy bolsa 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Umuman, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala niýetlenendir.

Bu ýerde şeýle möçberdäki maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak meýilleşdirilýär. Şolarda jemi 96 öý bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly öýlerdir.Ýene-de iki toplumdan ybarat bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar.

Mundan başga-da, awtomobil ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany bolan seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat hojalyk binalarynyň we söwda merkezleriniň hem-de inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň we toplumlaryň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze binalarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Olary 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugry boýunça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň garşysynda, ikinji görnüşi boýunça bolsa Arçabil şaýolunyň ugrunda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň garşysynda ýerleşdirmek teklip edilýär. Baş meýilnama laýyklykda, bu okuw mekdepleriniň toplumyna, esasy binalardan başga-da, konsert zallary, umumy ýaşaýyş jaýlary, sport merkezi we stadion, dynç alyş zolagy, duralgalar girer.

Şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, köp gatly awtomobil duralgalarynyň, gül bazarynyň gurluşygynyň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz dürli beýiklikdäki iri ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalaryna, şol sanda Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn ünsi çekdi. Şäheriň sazlaşykly ösýän bu künjeginde çagalar baglaryny, mekdepleri, ýylda 40 müň näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýüni, seýilgähleri we gök zolaklary gurmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda şäher giňişliginiň döwrebap gurşawynyň döredilmeginiň esasy talapdygyny belledi. Ýaşaýyş toplumlarynda adamlaryň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Şolar häzirki zaman söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlarynyň ýokary derejesine eýe bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz desgalaryň we jaýlaryň binagärlik keşbinde bolşy ýaly, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklaryna birnäçe bellikleri aýtdy. Aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýerleri kesgitlenende, onuň çäginde adamlaryň ýokary durmuş üpjünçiliginiň döredilmegine möhüm orun degişli bolmalydyr. Binalaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary, önümçilik-senagat toplumlarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, ulag-ýol ulgamyna degişli desgalaryň çäkleri hereket edýän halkara ölçeglerine we kadalaryna doly kybap gelmelidir. Munuň özi seýsmiki howpsuzlygyň üpjün edilişi ýaly, arassaçylyk, ekologiýa kadalary babatda has-da möhümdir. Şeýle talaplaryň raýatlaryň amatly we rahat ýaşaýşyny üpjün edýändigi unudylmaly däldir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de häzirki zaman usullaryny öwrenmegi, hökmany suratda gurluşyk hem-de abadanlaşdyryş işlerini alyp barmak boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylanda şolary göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary howpsuzlyk, adamlar üçin oňaýlylyk hem-de ekologiýa abadançylygy nukdaýnazaryndan halkara awtomobil ýollaryndan, hem-de awtobanlardan uzakda ýerleşdirilmelidir.

Milli Liderimiz bularyň geljekki desgalar meýilleşdirilen mahalynda göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, gurluşyk taslamalaryna hemmetaraplaýyn baha bermek üçin ýörite topary döretmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäher düzüminiň rejeli gurluşynyň toplumlaýyn çemeleşme, takyk dolandyryş we gözegçilik esasynda gurulmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mysal getirdi. Bu ýerde ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlaryň hereket etmeginiň takyk hem-de oýlanyşykly ulgamy döredildi.

Şäheriň bezegi hem örän wajypdyr, şoňa görä-de, onuň gurluşygynda köp dürli usullary ulanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Täze binagärlik taslamalary täsin, özboluşly bolmalydyr. Munuň üçin binalaryň we desgalaryň bezeginde milli bezeg amaly-haşam sungatynyň usullary, döwrebap we gyzykly çözgütler döredijilikli ulanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz köçeleri, meýdançalary, seýilgähleri heýkeller hem-de çeper kompozisiýalar bilen bezemek boýunça aýratyn tabşyryklary berdi. Şolar türkmen medeniýetini, milletimiziň baýlygyny hem-de däp-dessurlaryny beýan etmelidir. Belent binalary mozaiki pannolar hem bezäp biler. Esasy wezipe — diňe bir desgalary gurmakda däl, eýsem, olaryň kömegi bilen täze giňişligi döretmekden, raýatlarymyza amatly bolar ýaly ähli şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün hödürlenen taslamalaryň üstünde ýene-de işlemegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz esasy bellikleri we düýpli maslahatlary aýdyp, ýolbaşçylary daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmäge, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň ýörelgelerini seljermäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny, mysal üçin, Gün energiýasyny ulanmak bilen bagly tehnologiýany giňden ulanmaga çagyrdy. Şeýle hem ygallary netijeli ulanmak bolar — ýagyş suwlaryny toplaýjy ulgam ony ýörite meýdançalardaky otlary suwarmak üçin ulanmaga mümkinçilik berer.

Paýtagtymyz — ak mermerli Aşgabadymyz diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap we uly şäher bolmalydyr. Munuň özi şäheriň durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde hem-de daşky keşbinde öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Munuň üçin ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny işjeň çekmek zerurdyr.

Şähergurluşyk ulgamynda özümiziň işgärler kuwwatymyzy artdyrmak üçin oňat bilim ulgamy döredildi, şony giňden ulanmak we ösdürmek, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlaryny, täzeçiliklerini höweslendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Aşgabadyň täze desgalary, ýaşaýyş toplumlary we edara binalary, binagärlik toplumlary paýtagtymyzyň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biz döwrebap, okgunly ösýän, açyk hem-de köpöwüşginli şäheri gurýarys. Şoňa görä-de, ýokary derejedäki arassaçylyk we tertip-düzgün, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin hemme şertleri döretmek wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şäheriň ekologiýasy, bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň täsirini gowulandyrmagyň öňdebaryjy gurallaryny, bu ulgamda dünýäniň tejribesini, serişdeleri hem-de energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalara garamagyň we şolary ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe Aşgabady düzümleýin ösdürmek, onuň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şäheri abadanlaşdyrmak, ýaşaýjylar hem-de myhmanlar üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, şähergurluşyk meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Olara aýratyn üns bermek möhümdir.

Ýokarda agzalyp geçilen bilermenler topary bilen bilelikde, dürli ugurly hünärmenleriň gatnaşmagynda geodezik barlaglardan başlap, desgalaryň bezegine çenli binagärlik-gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamagyň ähli meselelerine milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, toplumlaýyn we yzygiderli esasda garamak zerurdyr. Şu meseleleriň hataryna ekologiýa taýdan meýilleşdirmek, tebigy-howa aýratynlyklaryny, şol sanda ýelleriň ugry, Gün şöhleleriniň binalara düşüşi ýaly şertleri hem-de gaz geçirijileriniň, awtomobil we demir ýollaryň ýerleşişini nazara almak bilen, geljekki desgalaryň inžener-tehnologik seljermesi bilen bagly meseleler goşulmalydyr diýip nygtady.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümini döretmäge iri maýa serişdeleri gönükdirilýär. Şol düzüm bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Mähriban Diýarymyzyň dürli künjeklerinde peýda bolýan täze obalar, etraplaryň, şäherleriň we welaýat merkezleriniň döwrebaplaşdyrylan keşbi ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň ajaýyp miwesidir. Yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän täze desgalar bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Umuman, bularyň ählisi ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleriň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň netijesinde, hatda ýurdumyzyň alysdaky künjeklerinde ýaşaýan türkmenistanlylaryň abadançylygy has-da ýokarlanýar.

Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň uzak möhletli netijesi onuň has rowaçlanýan, ýokary derejede ösen, kuwwatly döwletiň paýtagty hökmündäki derejesine kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter