Watan gerçekleriniň şanyna | TDH
Jemgyýet

Watan gerçekleriniň şanyna

опубликованно 04.05.2015 // 837 - просмотров
 

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda ýakynda “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly görkezme söweşjeň atyşykly okuw täliminiň barşynda aýratyn tapawutlanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlaryň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi barada aýdyp, ýokary derejede geçen bu okuw-türgenleşiginiň esgerlerimiziň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek görkezendigini belledi.

Okuw-türgenleşiginde tapawutlanan, nobatdaky harby atlaryny alan harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda sylagladylar. Eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň öz harby borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirip, raýatlarymyzyň asudalygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň goragynda berk durýandyklary buýsanç bilen bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan şol türgenleşige gatnaşan harby gullukçylara ýörite sylaglar hem gowşuryldy.

Çäräniň barşynda oňa gatnaşyjylar—ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrýan, diňe asuda maksatlara gulluk edýän Milli goşunymyzyň goranyş ukyplylygyny berkidýän okuw türgenleşikleriň ähmiýetiniň örän uludygyny bellediler. Şunuň ýaly tälim okuwlarynyň ýurdumyzda geljekde hem yzygiderli geçiriljekdigi nygtaldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, gury ýerde, howada we deňizde sazlaşykly hereket etmäge ukyply, ýokary derejeli harby hünärmenleri taýýarlamak üçin kämil mekdebe öwrülendigi bellenildi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli goşunymyzyň söweşjeň kuwwatyny we goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taýsyz tagallalary üçin watançylyk duýgusy bilen tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter