Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 07.01.2019 // 744 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazdurdyýew Nurýagdy Söýünowiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Derkar Uzakmädowiç Ilmädow Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumanazar Allanazarowiç Maşaripow Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýram Akmyradowiç Açilow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ibragimow Batyr Sapargulyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Furkat Ikramžanowiç Burhanow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter