“Kitaby dädem Gorkut” gadymy türkmen şadessanynyň täze neşiri | TDH
Jemgyýet

“Kitaby dädem Gorkut” gadymy türkmen şadessanynyň täze neşiri

опубликованно 11.05.2015 // 2935 - просмотров
 

Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda “Kitaby dädem Gorkut” diýen gadymy türkmen eposynyň täze neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Bu dabara gadymy türkmen eposynyň taryhyndaky şanly senä bagyşlandy. Şu ýyl Germaniýanyň Drezden şäheriniň gadymy golýazamalar gaznasynda “Kitaby dädem Gorkut” şadessanynyň has irki golýazmalarynyň ýüze çykarylanyna 200 ýyl dolýar. Soňra bu kitap dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna girdi we halk arasynda “Gorkut ata” ady bilen belli boldy. Ýüzýyllygyň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän we dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu ajaýyp eposda gadymy oguz türkmenleriniň durmuş derejesi, medeniýeti, däp-dessurlary we ruhy dünýäsi baradaky gymmatly taryhy maglumatlar beýan edilýär.

Gadymy halk eposynyň täze neşiri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy topary tarapyndan eseriň Drezden nusgasy esasynda çapa taýýarlanyldy. “Kitaby dädem Gorkut” eseri Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik bölüminde neşir edildi. Bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde neşir önümleri Ýewropa ölçeglerine laýyk gelýär. Täze kitap ajaýyp bezegi bilen ýokary çap usulynda neşir edildi we onuň örän baý bezeg aýratynlyklary bar.

Kitap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giriş sözi bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz onda okyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren bu edebi ýadygärligiň ähmiýetini belleýär. Hususan-da, ajaýyp eser, çeper döredijiligiň bitewüligini, Ýewraziýa giňişliginde ýaşaýan gadymy türki halklaryň däp-dessurlaryny, medeniýetini we taryhyny özünde jemlemek bilen “Gorkut ata” eposynyň ylmy dünýä aralaşmagyna şu ýyl 200 ýyl dolýandygy bellenilýär.

Kitabyň tanyşdyryş dabarasynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň medeniýetini we milli mirasyny, dilini we taryhyny öwrenýän
gündogarşynas alymlar halkymyzyň ajaýyp edebi mirasy bolan “Gorkut ata” eposy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu eser gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp, asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy çelgisini alamatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň baý edebi mirasyny, şol sanda “Gorkut ata” eposyny öwrenmek, saklamak hem-da wagyz etmek işi täze many-mazmuna eýe boldy.

Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, ýurdumyzyň döwürleýin neşirleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda hem-de tutuş dünýäde türkmen halkynyň baý edebi mirasyny öwrenmek we ony giňden wagyz etmek işine giňden goldaw berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. “Kitaby dädem Gorkut” eposy ýaly gymmatly döredijilik-edebi mirasynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Gündogaryň halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirendigi barada aýdyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter