Watana wepaly bolmak — ata-babalarymyzyň mukaddes wesýeti | TDH
Jemgyýet

Watana wepaly bolmak — ata-babalarymyzyň mukaddes wesýeti

опубликованно 03.01.2019 // 965 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan, parahatçylyk söýüjilikli, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ileri tutulýan ugry döwletimiziň howpsuzlygyny üpjün etmekden, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny goramakdan ybaratdyr. Hut şu babatda hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek işleri amala aşyrylýar. Ýaragly Güýçlerimiz parahatçylygyň, Watanymyzyň durnuklylygynyň, Garaşsyzlygymyzyň möhüm gymmatlyklarynyň hem-de raýatlarymyzyň döredijilikli zähmetiniň goragynda durmagyna gönükdirilendir.

...Wagt örän tiz geçýär, harby adamlar üçin bolsa, aýratyn-da, çalt geçýär, sebäbi berk sazlaşykly hem-de sagat ýaly tertibe eýe bolan harby durmuşda ähli zat minutma-minut bellenendir. Göräýmäge, düýnki mekdep okuwçylarynyň öz mähriban öýlerinden gidip, harby egin-eşiklerini ilkinji gezek geýenleri ýaňy ýalydy, eýýäm her bir harby gullukçynyň durmuşynda örän möhüm bolan waka — harby kasamy kabul etmek ýetip geldi. TDH-nyň habarçysy hemme harby gullukçylar üçin bu dabaraly günde Ahal welaýatynyň harby bölümleriniň birine baryp gördi.

Türkmenistanyň harby gullukçylary başlangyç harby taýýarlygyň maksatnamasyny ýa-da öňler aýdylyşy ýaly, “ýaş esgeriň okuwyny” özleşdirenlerinden soň, kasam kabul edýärler. Harby kasamy kabul etmek her bir harby gullukçynyň durmuşynda ýatdan çykmajak dabara bolup, ýeke gezek bolup geçýär hem-de ýaş oglanlaryň harby gulluga haýsy döwürde çagyrylandygyna baglylykda, bu dabara iýunda we dekabrda geçirilýär. Bu şanly waka bolsa bütin ömrüňe ýatda galýar.

Oglanlaryň ukyplaryna, arzuwlaryna we islegine laýyklykda, möhletli harby gullugy geçmegi üçin goşunlaryň ol ýa-da beýleki görnüşini kesgitlänlerinden soňra, olar öz harby bölümine gelýärler hem-de harby ylymlaryň hemme inçe syrlaryny ele alyp başlaýarlar.

“Özbaşdak Watanymyzyň edermen goragçylary, size jogapkärli wezipäniň we mukaddes borjuň ýerine ýetirilmegi ynanyldy: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watana yhlasly gulluk edip, onuň beýik Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny gözüň göreji ýaly goramak ynanyldy. Bu iki gymmatlyk ähli üstünliklerimiziň, ykdysady, medeni ruhy, ösüşleriň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň pugta esasy bolup hyzmat edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby gullukçylaryna ýüzlenmek bilen aýdýar. Olar hem bu çagyryşa mynasyp jogap berýärler.

Başlangyç harby taýýarlyk geçilýän wagtda Watan gullugyna täze gelen ýaşlar bilen nyzam we beden taýýarlygy boýunça okuwlar, terbiýeçilik işleri geçirilýär hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamasy öwredilýär. Ýaş oglanlar gaýtadan lukmançylyk barlagyny doly we düýpli geçýärler, olara hemme zerur bolan lukmançylyk sanjymlary edilýär. Ýaş esgeriň harby bölüme gelmegi bilen oňa egin-eşik berilýär hem-de şol eşikler onuň öz ölçeglerine laýyk getirilýär. Ýaş esger harby bölümiň gün tertibi hem-de harby gullukçylaryň umumy borçlary bilen tanyşýar.

Başlangyç harby taýýarlygy geçen ýaşlar harby gullukçylaryň umumy borçlaryny, harby gullukçylaryň hereketlerine we döwlete ýetirilen maddy zyýanlara jogapkärçiligini, harby egin-eşigi geýmegiň düzgünini, harby gullukçylaryň hemme zerurlyklar bilen üpjün edilişiniň tertibini, öz ýaragynyň taktiki-tehniki häsiýetnamasyny we söweşjeň mümkinçiligini, ony peýdalanmagyň we ulanmagyň düzgünini, özüni arassa saklamagyň kadalaryny hem-de keselleriň öňüni almagyň usullaryny, öz harby bölüminiň gün tertibini, onuň taryhyny, taryhy we häzirki zaman söweşjeň däplerini bilmelidir.

Esgeriň harby gullugyň howpsuzlygynyň esaslary barada düşünjesi bolmalydyr hem-de ol harby kasamyň sözlerini bilmelidir. Esger şol kasamy öz ýurdunyň döwlet baýdagynyň, bölümiň söweşjeň baýdagynyň we öz gullukdaşlarynyň nyzamynyň öňünde aýtmalydyr.

Şeýlelikde, kasamyň kabul edilmegi başlangyç harby taýýarlygyň tamamlanmagy bolup, hakyky harby gullugyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Munuň özi ýaş harby gullukçylar üçin aýratyn gündür. Olar öz mähribanlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda harby borjy mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini hem-de konstitusion gurluşyny mertlerçe we edermenlik bilen gorajakdyklaryna kasam etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda hem-de ýurdumyzyň harby bölümlerine baryp görende, ýaş esgerlere Watana ygrarly bolup, kasama wepalylygyň nusgasyny görkezip, öz belent borçlaryny asylly ýerine ýetirmäge, watançylyk, mertlik we gaýduwsyzlyk ýaly türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleri artdyryp, hemişe harby däplere eýermek barada öwüt-nesihat berýär.

...Her bir harby gullukçy üçin wajyp bolan bu günde bölümiň şahsy düzümi meýdançada nyzama düzülýär. Serkerdeleriň, seržantlaryň, hatarçylar düzüminiň ählisi baýramçylyk lybasynda harby bölümiň söweşjeň baýdagy dabaraly ýagdaýda çykarylýar. Baýdak göterijileriň sazlaşykly ädim urşy uzakdan eşidilýär.

Soňra serkerdäniň gutlagy aýdylýar. Ol ýaş harby gullukçylary esgerler üçin uly ähmiýete eýe bolan bu gün bilen gutlaýar. Harby orkestr tarapyndan ýerine ýetirilýän Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda belende galdyrylýar.

Motoatyjylar, tankçylar, aragatnaşykçylar, inžener goşunlarynyň esgerleri, topçular hem-de ýörite maksatly güýçleriň wekilleri nyzama düzülip, sarsman durlar. Bölümleriň serkerdeleri ýaş harby gullukçylary kasam kabul etmek üçin nobatma-nobat çagyrýarlar. Esger harby kasamy okap, degişli resminama gol çekýär hem-de baş egip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny öpýär.

Ýaş esgerleriň ählisi harby kasamy kabul edip bolanyndan soň, wzwodlaryň serkerdeleri bu barada öz ýolbaşçylaryna hasabat berýärler, olar bolsa, öz nobatynda, bölümiň serkerdesine hasabat berýärler. Bölümiň serkerdesi harby gullukçylaryň ählisini bu şanly gün bilen gutlaýar. Üç gezek “Ura!” diýen sesler ruhubelentlik bilen ýaňlanýar.

Däp bolşy ýaly, harby kasamy kabul etmek dabarasyna ýaş esgerleriň garyndaşlarynyň we ýakynlarynyň köp sanlysy gatnaşýar. Olar özleriniň ogullaryny, doganlaryny we dostlaryny harby gullugyň başlanmagy bilen gutlamak üçin ýörite gelýärler. Myhmanlaryň käbiri meýdança ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, gutlag sözi bilen çykyş edýär.

Şondan soňra eýýäm ikinji ýyl gulluk edýän esgerler başa-baş söweşiň tälimlerini görkezýärler. Olar bu tälimlerini halypa serkerdelerinden öwrenipdir. Dabaranyň ahyrynda bölümiň şahsy düzümi dabaraly ýöriş bilen meýdançadan geçýär, soňra harby gullukçylara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Merkezi serkerdeler öýüne wekilçilik edýän aýdym-saz toparynyň çykyşy garaşýar.

Ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki esasy syýasy strategiýasy onuň bitaraplyk derejesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçin tagallalary birleşdirýän, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýan döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar”.

Serkerdeler hem-de möhletli gullugy geçýän esgerler döwlet Baştutanymyzyň bu sözlerini Watan goragçylaryna ruhy çagyryş hökmünde kabul edýärler.

Eýýäm harby kasamyň kabul edilen gününiň ertesi ýaş esgerleriň umumy harby taýýarlygy we hünärler boýunça taýýarlygy başlanýar. Olaryň käbiri dürli harby wezipelere belleniler, ýaş esgerler dürli ugurly söweşjeň wezipeleri (söweşjeň nobatçylyk, garawul gullugy we beýlekiler) ýerine ýetirmäge çekiler. Olara ýarag we harby tehnika berkidiler.

— Hakykatdan hem, bu dabara buýsandyryjy we şatlykly ýagdaýdyr, kasamyň kabul edilmegi örän tolgundyryjy pursatdyr. Şol pursat hemişelik meniň ýadymda galar. Esger üçin bu gün örän wajypdyr. Goşun gullugyna gitmäge höwes edýärdim, her bir hakyky erkek kişiniň gulluk etmegini, bu durmuş mekdebini mynasyp geçmegini wajyp hasaplaýaryn — diýip, ýaş esger Oraz Baýramow aýtdy.

Garaşsyz we Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan entek örän ýaş döwletdir, ýöne şu taryhy gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy we taýsyz-tagallalary netijesinde dünýäniň iň soňky ülňülerine we talaplaryna laýyk gelýän döwrebap Ýaragly Güýçleri döretmek başartdy. Türkmen goşunynyň esasy ýörelgeleri berk düzgün-nyzam hem-de watançylyk bilen baglanyşyklydyr. Şolar, zerur bolan halatynda, halkymyzyň howpsuz we parahat durmuşyny üpjün etmek boýunça dürli wezipeleri çalt çözmäge mümkinçilik berýär.

Ýaş harby gullukçylaryň harby kasamy tolgunmak bilen, ýöne örän takyk we sowatly ýerine ýetirýändiklerini, eziz Watanymyzyň Döwlet baýdagynyň öňünde wepadarlyk bilen baş egýändigini göreniňde, ýurdumyzyň geljeginiň olar üçin örän wajypdygyna hem-de uly ähmiýete eýedigine düşünýärsiň. Biziň ogullarymyzyň we doganlarymyzyň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň asmany hemişe arassa bolar. Bagtyýar durmuş hem-de halal we tutanýerli zähmet üçin hemişe ajaýyp şertler bolar, çünki olar gaýduwsyz ata-babalarymyzyň mukaddes wesýetlerine eýerip, eziz Watanymyza wepaly bolup galýarlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter