Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy | TDH
Jemgyýet

Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

опубликованно 01.01.2019 // 600 - просмотров
 

Şu gün, täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada ýadawsyz alada milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bagtly çagalygy üpjün etmek, olaryň sazlaşykly ösmegi, bilim we terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Şeýle aladalar netijesinde biziň çagalarymyz döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň köp sanly mümkinçiliklerine eýe bolýarlar. Olar her ýyl ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere we festiwallara işjeň gatnaşýarlar.

Çagalary şatlykly baýramçylyk bilen gutlamak üçin milli parlamentiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, ýaşlar, zenanlar hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Şeýle hem bu ýere ýurdumyzyň belli aýdymçylary, sazandalary, artistleri ýygnandylar. Olar çagalar bilen bilelikde söýgüli erteki gahrymanlaryny, şol sanda Aýazbabany we Garpamygy mähirli garşyladylar.

Soňra bu ýerde baýramçylyk şatlygyna beslenen Täze ýyl konserti guraldy, oňa döredijilik toparlary, estrada aýdymçylary we sirk sungatynyň ussatlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli toý lybaslaryna beslenen şadyýan çagalar dürli oýnawaçlar hem-de dürli öwüşginli çyralar bilen bezelen arçanyň daşynda gol tutuşyp, Täze ýyl aýdymlaryny aýtdylar we baýramçylyk goşgularyny okadylar.

Dabaranyň ahyrynda Döwletliler köşgüniň çagalary ajaýyp sowgatlar we bagtly çagalyk üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Okuwçylar okuwda we döredijilikde täze üstünlikleri gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglygyny, mähriban halkymyza hem-de her bir maşgala bagt getirjek ösüşiň täze belentliklerine ýetmekde täze üstünlikleri, abadançylyk arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter