Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy

опубликованно 31.12.2018 // 631 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Donald Tusk,
Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Ylham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi ýetip gelýän Täze, 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de birek-birege ynanyşmak we dostluk gatnaşyklary esasynda yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de alyp barýan döwlet işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sooronbaý Žeenbekow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we tutuş türkmen halkyny Täze, 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Täze ýylyň tutuş adamzada parahatçylyk we durnukly ösüş getirjekdigine ynanýaryn. Biz hem birleşen tagallalar netijesinde, tutuş dünýäde abadançylygyň we asudalygyň berkararlygynyň şaýady bolarys.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, mundan beýläk-de uly üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Baýramçylyk mynasybetli gutlaglarymy we Täze ýylyň bagt getirjekdigi baradaky arzuwlarymy kabul ediň.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we mähirli arzuwlarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Size hormat goýýandygym baradaky aýdanlarymy kabul ediň!

Halifa Bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Maýkl D.Higgins,
Irlandiýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size Täze ýyl mynasybetli hoşniýetli arzuwlarymy iberýärin.

Kersti Kalýulaýd,
Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter