Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl gutlaglaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl gutlaglaryny kabul etdi

опубликованно 28.12.2018 // 814 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nurana, şatlykly we hemmeler tarapyndan söýülýän Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.

Ýygnananlar — Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan —–rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny we köpugurly döwlet hem-de jemgyýetçilik işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýygnananlar “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçen 2018-nji ýylyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryna tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtadylar.

Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda senagat pudagynyň, obasenagat toplumynyň, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň, hususy telekeçiligiň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin ygtybarly esas döredildi. Ol türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň baş maksady bolup durýar.

Ýokary tehnologiýaly pudaklar bilen birlikde, intellektual ulgama — bilime, ylma, maglumat-kommunikasiýa ulgamyna, saglygy goraýşyň, medeniýetiň we sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly möçberli maýa goýumlary goýberilýär. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ykrar edildi. Şol syýasat bolsa durmuş ugruna gönükdirilendir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny», şähergurluşyk we beýleki giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde her ýyl has oňaýly hem-de otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, zerur enjamlaryň ählisi bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, döwrebap saglygy goraýyş merkezleri hem-de ajaýyp medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, beýleki möhüm durmuş-ykdysady maksatly desgalar ulanylmaga berilýär.

Örän netijeli bolan 2018-nji ýyl wajyp wakalaryň döwri hökmünde hem taryha girer. Şol wakalar bolsa Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrdy. Şolaryň ählisi Türkmenistanyň baý geosyýasy, ykdysady serişdeler we adam kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna doly goşulyşmagyna gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirilýän, parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Ýurdumyz saýlap alan, esasyny oňyn Bitaraplyk ýörelgesi düzýän ugruna gyşarnyksyz eýermek bilen dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli berkidýär.

Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk has-da ösdürildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bellärliklidir. Munuň özi häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hem-de meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren anyk teklipleri ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy hem-de durnuklylygy, ekologiýa abadançylygyny saklamak, energiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de rejeli ulanmak ýaly möhüm meseleleri hem-de beýleki birnäçe ugurlary boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oňyn tejribesi hem-de ýokary durmuş-ykdysady görkezijileri dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Şol görkezijiler bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Döwletimiz bu işi yzygiderli esasda alyp barmak bilen, özgertmeler maksatnamalaryny hem-de ösüşiň geljekki meýilnamalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde Durnukly ösüş maksatlarynyň binýatlaýyn ugurlaryny hem-de görkezijilerini peýdalanýar.

Türkmen halky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji kuwwatynyň barha artýandygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Ýurdumyzyň iri halkara forumlaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan edilen başlangyçlary tutuş dünýä bileleşiginiň düşünmegine hem-de giň goldawyna mynasyp bolýar. Soňky ýyllarda kabul edilen, bu iri halkara gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan makullanan we doly goldawa eýe bolan Kararnamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýygnananlar durmuşa geçirýän oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan içeri we daşary syýasaty üçin ildeşlerimiziň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, halkymyza hem-de ata Watanymyza wepaly hyzmat etjekdiklerine, ähli bilimlerini we tejribesini ýurdumyzda “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda göz öňünde tutulan giň möçberli wezipeleri çözmäge gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, egindeşlerini hem-de türkmenistanlylaryň hemmesini ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we 2019-njy ýylyň täze beýik işleriň ýylyna öwrülmegini hem-de ähli ýagşy umyt-arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz belent maksatlara ýetmek üçin öňümizde uly we maksada okgunly işleriň durandygyny belläp, göz öňünde tutulan giň möçberli meýilnamalaryň hemmesiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň döredijilikli zehininiň hem-de tutanýerli zähmetiniň bu maksatnamalary amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny nygtady. Mähriban halkymyz şu ýyl hem jebisligini we agzybirligini görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz adamlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini we şeýle bolmagynda galýandygyny, häzirki döwürde amala aşyrylýan işleriň hemmesiniň türkmenistanlylaryň — häzirki we geljekki nesilleriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ähli babatda has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň bähbidine alnyp barylýandygyny belledi.

Türkmenistan bu baýramçylygy ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylaýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ildeşlerimize Täze, 2019-njy ýylda berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, bagt hem-de zähmetde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter