Döwletliler köşgündäki dabaralar | TDH
Jemgyýet

Döwletliler köşgündäki dabaralar

опубликованно 01.06.2015 // 1840 - просмотров
 

Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiziň Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gaznasynyň hasabyna geçiren haýyr-sahawat serişdesi hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň we rehimdarlygyň ýene-de bir çäresi, ösüp gelýän nesil hakdaky atalyk aladanyň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara gününiň şanyna ýurdumyzyň okyjylarynda uly meşhurlykdan peýdalanýan, şeýle hem daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen, özge ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolan öz kitaplarynyň galam hakyny bu edaranyň hasabyna geçirdi.

Döwletliler köşgüniň toparyna sowgatlyk serişdeleriň resminamasynyň gowşurylyş dabarasy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde geçirildi. Köşgüň meýdançasy hatarynda hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, bilim ulgamynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri, ýaşulular bolan hormatly myhmanlary owadan bezelen milli öwüşginlerde garşylady. Bu ýerde haly düşelen sekilerde el işleri bilen meşgul bolup oturan ýaş tikinçi gyzjagazlar, beýleki tarapynda bolsa bagşylar we ýaşuly nesliň wekilleri ýerleşdiler.

Bularyň ýanynda çagalaryň çeken suratlarynyň we ýasan çeper işleriniň ekspozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançada kitaplaryň sergisine aýratyn orun berlipdir. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, hususan-da, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediýasy, “Janly rowaýat”, “ Döwlet guşy” eserleri bar. Bu ýerde “Ganatly bedewler”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” , “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk”, “Milli Lider”, şeýle hem beýik türkmen nusgawy şahyrlarynyň—Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Andalybyň we beýlekileriň eserleri bar. Kitaplaryň arasynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, däplerine bagyşlanan, Marguş, Dehistan barada “Türkmen zenanynyň taryhy keşbi” atly ylmy ýygyndy neşirleri, ýurdumyzyň, onuň welaýatlarynyň we Aşgabadyň häzirki zaman ösüşi barada kitaplar bar. Mekdep okuwçylary we mekdebe çenli çagalar üçin okuw hem-de çeper edebiýat kitaplarynyň giň görnüşi görkezilýär.
Töwerekde köpsanly çagalar—köşkde terbiýelenýän hem-de olaryň paýtagtyň beýleki mekdeplerindäki deň-duşlary elleri döwlet baýdakly, dürli reňkli baýramçylyk öwüşginli serişdeler bilen dabara gatnaşýarlar. Şadyýan milli oýunlar, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem woleýbol we futbol boýunça sport ýaryşlary baýramçylyk öwüşginini artdyrýar. Ýaş suratkeşler şatlykly pursatlary özleriniň owadan “senenamasynda” beýan edýärler.

Dabarada çykyş edenler Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, olar üçin hemme şertleriň döredilmegine gönükdirilen köptaraply işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, çagalar hakyndaky alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata-ene mährinden mahrum bolan çagalaryň ýaşamaga, bilim almaga, saglyklaryny goramaga we beýlekilere bolan hukuklaryny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hossarlyk çagalar öýlerinde terbiýelenýänlere jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Çagalaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň we halkara festiwallarynyň baýraklaryna mynasyp bolýarlar.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň arasynda 2015-nji ýylyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleri, dürli umumymilli
döredijilik bäsleşikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, daşary ýurtlarda geçirilen festiwallaryň ençeme gezek baýrak eýeleri bar.

Köşkde terbiýelenilýänler öz döredijilik zehinlerini şu günki dabarada hem görkezip, myhmanlaryň öňünde şowhunly tanslar we söýgüli Watanymyzy wasp edýän göwün galkyndyryjy aýdymlar bilen çykyş etdiler. Bagtyýar çagalar aýdym-sazlarda we şahyrana setirlerde özleri baradaky atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimize uly hoşallyk bildirdiler.

Döwletliler köşgüniň ähli çagalarynyň adyndan 7-nji synp okuwçysy Bägül Nuryýewa çykyş etdi. Ol milli Liderimize ajaýyp döwürde ajaýyp ýurtda ýaşamak bagty üçin tolgundyryjy we tüýs ýürekden çykýan mähirli sözlerini aýdyp, çagalara berýän ünsi hem-de nobatdaky uly sowgady – köşgüň ygtyýaryna beren eserleriniň galam haky üçin hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň eserleri çagalar üçin bilim almakda we durmuş paýhasyna akyl ýetirmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Biz öz okuwymyz, özümizi göreldeli alyp barmak bilen döwlet Baştutanymyzyň we Watanymyzyň ynamyny ödemäge çalşarys diýip, ol ynandyrdy hem-de Arkadaga, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan goşgyny okap berdi.

Bu ýerde çagalaryň durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi, bilim almaga, saglygyny goramaga we beýleki hukuklarynyň üpjün edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda çagalar üçin şeýle öýler işleýär. Olarda çagalar doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýar. Degişli çagalar edaralarynyň uçurymlaryna hossarlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanda bu çagalara niýetlenen ýörite gazna döredildi. Bu gaznanyň döredilmegi döwletimiziň dürli ýagdaýlara görä, ata-ene mährinden mahrum bolan öz ýaş raýatlary hakyndaky yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletiniň Baştutanymyz ösüp gelýän nesli terbiýelemegiň täze eýýamda öňümizde durýan esasy meseleleriň biridigini nygtaýar. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň, ahlak ugurlarynyň we gymmatlyklarynyň, durmuşa ukyplylygynyň we maksada okgunlylygynyň binýady tutulýar. Bularyň hemmesi, ilkinji nobatda, maşgalada kemala gelýär. Çünki çaga maşgalada özüne bildirilýän söýgini, ünsi we aladany duýýar, beýlekiler üçin duýgudaşlyk etmegi we şatlanmagy, özi we ýakynlary üçin jogapkärçiligi öwrenýär, köp zatlary bilmäge ymtylýar. Ata-enesiz galan çagalar hakyndaky aladany olaryň uly we agzybir maşgala eýe bolmagy, özleriniň şol maşgala jemgyýetimize gereklidigini duýmagy üçin hemme şertleri döredip, döwlet öz üstüne alýar.

Munuň özi ilatyň goldawa has mätäç gatlagyny goldamagyň diňe bir durmuş çäresi bolman, türkmen halkynyň ruhy hem-de ajaýyp ýörelgeleriniň biridir. Bu gün şeýle ynsanperwer däp çaganyň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň we goramagyň hukuk kepillikleriniň toplumyny, ykdysady çäreleriň ulgamyny, bu çagalaryň durmuş ulgamyna doly bahaly goşulmagyna, özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmäge, belent ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýatlylygy terbiýelemäge gönükdirilen ýörite durmuş çäreleriniň toplumyny göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalara özleriniň goraglylygyny hem-de jemgyýetimize gereklidigini duýmagy üçin diňe bilelikde şatlyk-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny sowgat edip biljekdigimizi nygtaýar. Hut şu günki işlerimize, çagalaryň meselelerine neneňsi garaýandygymyza ertirki günümiz baglydyr, çünki çagalar Garaşsyz Watanymyzyň geljegidir.

... Döwletliler köşgündäki çärelere gatnaşyjylar, onuň ýolbaşçylary, mugallymlary we terbiýeçileri Ýüzlenme kabul edip, ýaşlar, hemme ýaş türkmenistanlylar hakyndaky atalyk aladasy, olaryň durmuşy we ösmegi, deň mümkinçilikleriň gülläp ösýän jemgyýetinde öz ornuny tapmagy üçin iň oňat şertleri döredýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de öz ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we ymtylyşlaryny mähriban Watanymyza bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Göni dabaralaryň üstüne Döwletliler köşgüniň “Joşgun” tans toparynyň gelmegi aýratyn ýakymly sowgada öwrüldi. Olar ýap-ýaňy Türkiýeden dolanyp geldiler. Ol ýerde köşkde terbiýelenýän çagalar Stambul şäherinde geçirilen “Çoçuk Şöleni” halkara festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler. Çagalar hemişe bolşy ýaly, doganlyk ýurtda türkmen medeniýetine, milli tans sungatyna mynasyp wekilçilik edip, ajaýyp ýerine ýetirijilik üçin ýörite diploma eýe boldular. Dolanyp gelmekleri Döwletliler köşgünde häzirki baýramçylyk çäreleri bilen gabat gelen ýaş artistleri dabara gatnaşyjylaryň ählisi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

... Döwletliler köşgündäki dabaralar tamamlanandan soň, onda terbiýelenýänler üçin “Arkadag” binasyna hem-de Aşgabadyň beýleki gözel ýerlerine gezelenç guraldy.

Şu gün tutuş ýurdumyz boýunça Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreler geçirildi. Bu baýramçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwletimiziň milli baýramçylyklarynyň sanawyna resmi taýdan girizildi.

Ýer ýüzüniň ähli çagalaryna bagyşlanan bu ajaýyp baýramçylyk olaryň hukuklaryny we bähbitlerini jemgyýetiň we döwletiň ilkinji nobatdaky aladalarynyň hatarynda yglan edýär.

Türkmenistan hemişe ösüp gelýän nesliň has amatly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy bolsa durnukly durmuş ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, maşgala goldaw bermek, beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan doly bahaly ösüşi üpjün etmek babatda döwlet syýasaty hem-de çagany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we halkara borçnamalaryna laýyklykda terbiýelemek bu meseleleriň umumy toplumyna girýär.

Çaganyň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ýurdumyzda binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalary, şol sanda çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň esasy kepilliklerini kesgitleýän “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda” Kanun kabul edildi. BMG-niň birnäçe möhüm maksatnamalary we teswirnamalary kabul edildi. Olaryň hatarynda enelik we çagalyk meselelerine gönüden-göni degişliligi bolan resminamalar bar.

Bu resminamalar milli ileri tutulýan ugurlara hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede gabat gelip, olar döwlet ösüşiniň milli maksatnamalarynda we saglygy goramaga, bilime, durmuş goraglylygyna, türkmenistanlylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalarda öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, iri halkara guramalary, şol sanda ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalara örän işjeň gatnaşýan UNISEF türkmen tarapynyň yzygiderli hyzmatdaşlary bolup çykyş edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gumanitar ulgamda, dünýä talaplarynyň derejesine çykan milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde, şeýle hem medeniýet ulgamynda çagalaryň boş wagtyny öwreniş we köpdürli ýagdaýda guramakda örän täsir galdyryjy üstünlikleri gazandy.

Muňa ajaýyp enjamlaşdyrylan, dynç almak üçin örän oňaýly şertleri hödürleýän Aşgabadyň etegindäki sapaly Gökdere jülgesindäki hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezleri şaýatlyk edýär. Bu merkezler 2-nji iýunda tomusky möwsüme çagalary kabul eder. Umuman, mekdep döwrüniň iň dowamly dynç alyş wagtynda Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinde 21 müňden gowrak, “Awazanyň” çagalar sagaldyş merkezlerinde bolsa 11 müň töweregi çaga dynç alar. Mundan başga-da, welaýatlardaky dynç alyş merkezleriniň 36-sy jemi 1860 orunlykdyr. Mekdepleriň ýanynda döredilen meýdançalaryň 692-sinde, umuman, 24 müňden gowrak adam ýerleşer.

Mekdep we mekdebe çenli bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, bu ulgamyň edaralaryny iň täze multimediýa tehnologiýalary, kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça uly işler geçirildi we geçirilýär, okatmagyň interaktiw usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýokary hilli bilim berilmegine hem-de çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giňeýär, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň abraýyny goraýan ýaş türgenleriň hatary barha artýar. Sagdyn bolmak hukugy—bu diňe bir ynsanyň esasy hukuklarynyň biri bolman, döwletiň baýlygydyr, jemgyýetiň ösüşi üçin zerur şertdir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy ýurduň häzirki ýaşaýşyny üpjün edýär, çagalaryň saglygy bolsa onuň geljegidir. Häzirki çagalar –munuň özi ertirki ululardyr, şoňa görä-de, olar üçin sagdynlyk şertleriniň döredilmegi ýurduň dowamly ösmeginiň esasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, türkmen döwleti çagalygy adam ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem-de çagalary jemgyýetde doly bahaly durmuşa taýýarlamagy ileri tutmak, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýatlylygy terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alýar.

Görnüşi ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni ýaş nesiller üçin diňe bir şowhunly we şadyýan baýramçylyk bolman, eýsem-de, jemgyýete adalatly hem-de rowaç jemgyýeti kemala getirmek üçin zerur şert hökmünde çaganyň hukuklaryny berjaý etmegiň we hormatlamagyň zerurlygyny ýatlatmakdyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter