Tebigaty goramak: milli tejribe we halkara hyzmatdaşlygy | TDH
Jemgyýet

Tebigaty goramak: milli tejribe we halkara hyzmatdaşlygy

опубликованно 05.06.2015 // 1428 - просмотров
 

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda tebigaty goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlygy” atly maslahat boldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy alymlar, bilermenler, tebigaty goramak düzümleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň milli parlamentiniň bilermenleri bar. Duşuşyga iri halkara hem-de sebit guramalarynyň, ýagny BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (PROON), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Germaniýa jemgyýetiniň (GIZ), Türkiýe Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky agentliginiň (TIKA) wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda: “Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan zerur işler durmuşa geçirilýär” diýip nygtaýar.

Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli her ýylda guralýan maslahatyň barşynda şu ulgamda geçirilýän işleriň jemleri jemlenildi, milli Liderimiziň başyny başlan döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde pudagyň öňünde duran nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar Watanymyzyň baýlyklaryny hem-de tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamagyň we köpeltmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge daýanýar. Bu bolsa adamlaryň durmuşynyň ähli babatda rowaçlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan howpsuz we durnukly ösüşe eýerýändigini BMG-niň biologiýa köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreş boýunça, howanyň üýtgemegi hakynda, ozon gatlagyny goramak barada, serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara köllerini goramak we peýdalanmak boýunça tebigaty goramaga degişli maksatnamalaryna goşulmagy aýdyň tassyklaýar. Bular barada maslahatyň barşynda gozgalan meseleleriniň çäklerinde hem aýdyldy. Çykyşlarda türkmen hünärmenleriniň öňdebaryjy tejribesi, tebigaty goramak babatda görülýän çäreler, ýurdumyzyň milli tebigy baýlyklary gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde gazanylanlary beýan edildi. Şeýle hem bagy-bossanlyga büremegiň uly maksatnamasynyň, suw hojalyk taslamalarynyň, biologiýa köpdürlüligini we tebigy gözelligi gorap saklamak boýunça çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada habar berildi.

Ekologiýa maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň adyndan mähriban topragymyzyň tebigatyny gorap saklamak we baýlyklaryny köpeltmek işinde uly goşant goşan tebigaty goramak ulgamynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Şonda daşky gurşawa aýawly garamak işlerine berýän uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, tebigatdan aýawly peýdalanylmagyny üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň tebigatyny netijeli goramak maksady bilen, ekologiýa ähmiýetli taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin özleriniň ähli bilimleriniň we tejribeleriniň gaýgyrylmajakdygy ynandyrylýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter