Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözi

опубликованно 20.12.2018 // 1472 - просмотров
 

Hormatly Ministrler Kabinetiniň
agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly hem-de hormatlanýan döwletdir.

Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberli maýa goýumlaryny goýýarys. Daşary söwda dolanyşygymyz yzygiderli artýar. Zähmet haklary her ýyl durnukly köpeldilýär. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti şol bir derejede durnukly bolmagynda galýar. Hümmetsizlenmek göz öňünde tutulan çäklerde saklanýar. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we sanly ykdysadyýete geçmek işleri depginli alnyp barylýar. Bilim, saglygy goraýyş, ylym we beýleki pudaklarda özgertmeler dowam edýär.

Biziň oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul eden çärelerimiz hem öz netijelerini berip başlady. Şu ýyl bugdaýyň we gowaçanyň gowy hasyly alyndy. Ýurdumyzda iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz känleri özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar, esasy gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar we olar ulanmaga berilýär. Amala aşyrylýan bu işleriň netijesinde, biz jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklaýarys.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň
agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Biziň ýurdumyz içerki durnuklylygy we syýasy ulgamynyň berkligi, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza demokratik kadalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýandygy bilen hem tapawutlanýar. Bularyň ählisi halkara giňişlikde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýän düýpli şertler bolup durýar. Ilki bilen, geçip barýan ýylyň ýurdumyz üçin halkara meselelerde hem, umuman, üstünlikli ýyl bolandygyny bellemek isleýärin. Biz öňde goýan maksatlarymyza we saýlap alan ýolumyza laýyklykda, halkara giňişlikdäki gatnaşyklarymyzy belli bir maksat bilen yzygiderli ösdürdik.

Men Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasda, ýagny bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek arkaly amala aşyrylýandygyny bellemek isleýärin. Şeýle syýasat bize hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça jikme-jik we köpugurly gepleşikleri alyp barmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy, biziň diplomatik işimiz strategik ugurlaryň ikisi boýunça durmuşa geçirilýär. Bu ugurlar «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» beýan edildi. Bular bolsa daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary yzygiderli berkitmekden hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, biz goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris. Biz bu döwletler bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesini gazandyk. Dürli ugurlar boýunça açyk hem-de netijeli gatnaşyklary alyp barýarys. Diňe şu ýylyň özünde goňşy ýurtlarymyz bolan Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň ýurdumyza döwlet, resmi we iş saparlary bilen gelmeginiň özi hem şeýle syýasatyň netijelidigini görkezýär. Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarda biz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga aýratyn üns berýäris. Bu ugurda hem biz gowy netijeleri gazandyk.

Şu ýyl Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde hem işler başlandy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Serhetabat — Turgundy ugry boýunça demir ýoluň gurluşygy tamamlandy. Owganystanyň Akina menzilinde demir ýoluň täze böleginiň gurluşygyna başlandy. Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) üstaşyr geçelgesine degişli ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Maslahat bu ýurtlaryň geljegi örän uly bolan taslamany durmuşa geçirmäge ýokary derejede taýýardygyny tassyklady.

Owganystan bilen hyzmatdaşlyk barada aýdanymyzda bolsa, biz hemişe bu ýurduň doly bahaly gatnaşyjy we deňhukukly hyzmatdaş hökmünde sebit hem-de halkara taslamalaryna goşulmagynyň zerurdygyny belläp geçýäris. Goňşy ýurt hem-de Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň Owganystan boýunça parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmak üçin öz syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny men ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk hem dowam ederis.

Biziň ýurdumyz Azerbaýjan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi dowam eder. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýaňy-ýakynda Aşgabada bolan resmi sapary bu ugurda möhüm ädim boldy. Dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny we mümkinçiliklerini kesgitledi. Biz Eýran Yslam Respublikasy bilen yzygiderli dostluk gatnaşyklaryny we netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýýarys. Halklarymyzyň bähbitlerine biz geljekde hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam ederis.

Meniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyklarymyň dowamynda biz hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ylalaşdyk. Ykdysady ulgamda, hususan-da, işe girizilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny göz öňünde tutmak bilen, ulag babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berdik. Soňky ýyllarda biz Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdyk. Syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda doganlyk gatnaşyklarymyzyň işjeň alnyp barylmagy bu hyzmatdaşlygyň netijelidiginiň aýdyň mysalydyr.

Biz Täjigistan hem-de Gyrgyzystan bilen hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdüreris. Bu döwletler bilen bizi umumy taryhymyz we medeniýetimiz birleşdirýär.

Goňşy döwletlerimiz bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitimizi parahatçylyk, durnuklylyk, giň halkara hyzmatdaşlygy zolagyna öwürmek geljekde hem Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolmagynda galar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň goňşy ýurtlardaky ilçilerine gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, kabul edilen borçnamalaryň takyk ýerine ýetirilmegini hormat goýmak bilen, ýöne tutanýerli gazanmagy tabşyrýaryn.

Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli, dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek biziň daşary syýasatymyzyň örän möhüm ugry bolup durýar. Häzirki döwürde hut şu sebitde maliýe, ykdysady we tehnologik ösüşiň täze merkezleri kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, biz Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Malaýziýa ýaly döwletler bilen uly işleri alyp barmalydyrys. Bu ýurtlaryň maliýe edaralary hem-de işewür toparlary bilen hemişelik gatnaşyklary ýola goýmalydyrys. Türkmenistanyň öňe sürýän ykdysady taslamalaryna olaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmalydyrys.

Biziň ýurdumyz Ýewraziýa ugrunyň çatrygynda, geografiýa taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň örän möhüm böleginde ýerleşýär. Bu bolsa Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň, Günorta Aziýanyň, Gara we Ortaýer deňizleriniň sebitleriniň bazarlaryna Türkmenistanyň örän gysga ýol bilen çykmagyna mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň bu hyzmaty ýerine ýetirmegine işjeň ýardam bermek Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryndaky diplomatik gulluklarymyzyň we wekilhanalarymyzyň häzirki döwürde öňünde goýulýan esasy wezipedir.

Biz hyzmatdaşlygyň Ýewropa ugruny ikitaraplaýyn derejede hem, Ýewropa Bileleşiginiň ugry boýunça hem hil taýdan güýçlendirmelidiris. Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň oktýabr aýynda ýewropaly hyzmatdaşlarymyz Türkmenistan bilen howpsuzlyk, energetika, ulag, söwda, ekologiýa babatda arkalaşykly işlemegi giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Biz hem bu işe taýýardyrys we ýewropaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen yzygiderli, uzak möhletli gatnaşyk etmäge bolan islegini goldaýarys. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde alyp barýan işimizi depginli dowam ederis.

Russiýa Federasiýasy biziň strategik hyzmatdaşymyz bolup durýar. Türkmenistan bilen Russiýanyň halkara syýasy giňişlikdäki köpýyllyk ysnyşykly hyzmatdaşlygy, birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldamak ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratynlygydyr. Bilelikdäki işiň ugurlaryny giňeltmek, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak türkmen-russiýa ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy häsiýetli tarapydyr. Biz russiýaly hyzmatdaşlarymyz bilen ylym-bilim we medeni gatnaşyklary berkitmegiň uly geljeginiň bardygyny görýäris.

Ermenistan, Gruziýa, Belarus, Ukraina, Moldowa döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryny Türkmenistan gyşarnyksyz ösdürýär. Bu bolsa Gara deňzi sebitine, Günorta we Gündogar Ýewropa döwletlerine çykmak bilen, biziň ulag üpjünçilik ulgamlarymyzy ösdürmek baradaky meýilnamalarymyzy göz öňünde tutanyňda aýratyn möhümdir.

Türkiýe Respublikasy bilen biziň doganlyk gatnaşyklarymyz barha giňeýär.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde gatnaşyklary berkitmek boýunça köptaraply bilelikdäki hereketleri ösdürmäge, sebitara gatnaşyklaryň täze gurluşyny döretmäge oňyn täsir edýär.

Däp bolşy ýaly, Günorta Aziýa hem Türkmenistan üçin uly ähmiýetli sebit bolup durýar. Biz Hindistan we Pakistan bilen gatnaşyklarymyzy özara hormat goýmak esasynda ýola goýýarys. Bu döwletleri syýasy, söwda-ykdysady we energetika ulgamlarynda möhüm hyzmatdaşlarymyz hasap edýäris.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen gatnaşyklarynda has öňegidişlikler gazanyldy. Biziň Katara, Saud Arabystanyna, Kuweýt Döwletine, Birleşen Arap Emirliklerine ýokary derejedäki resmi saparlarymyz bolup geçdi. Arap dünýäsiniň şu we beýleki döwletleri, umuman, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek dünýä ykdysadyýetine hem-de söwda ulgamyna goşulmak üçin Türkmenistana goşmaça uly mümkinçilikleri döredýär.

Ýakyn Gündogarda ýurdumyza wekilçilik edýän ilçilerimiz gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirmelidir. Bu ylalaşyklar maýa goýum, energetika, ulag we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarymyzy, ozaly bilen, Merkezi Aziýada we serhetdeş zolaklarda parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi saklamak ýaly möhüm meselelerde hyzmatdaşlygy dowam ederis. Energetika howpsuzlygyny, ykdysadyýeti, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmegi gazanarys.

Latyn Amerikasy döwletleri bilen hem biz alyp barýan işlerimizi güýçlendirmelidiris. Şu kontinentiň Braziliýa, Meksika, Argentina ýaly ýurtlary Ýer ýüzüniň ykdysady taýdan ösen iň iri ýigrimi döwletiniň hataryna girýär. Bu ýurtlar dürli ugurlarda giň gerimli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, Latyn Amerikasy döwletleri hiç bir toparlara girmeýändigi bilen tapawutlanýar. Däp bolşy ýaly, halkara guramalarda ösüp barýan ýurtlary goldaýarlar. Bu bolsa daşary syýasatda hyzmatdaşlyk etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Biz Afrika kontinentiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň, aýratyn-da, Türkmenistanyň Afrika Birleşigi hem-de Demirgazyk we Günbatar Afrika döwletleri bilen gatnaşyk edip başlandygyny göz öňünde tutanyňda, bu hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny görýäris.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň
agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Şu ýylyň awgust aýynda möhüm waka bolup geçdi. Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Bu Konwensiýa gol çekilmegi Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň täze tapgyryna öwrüldi. Ykdysadyýetde, söwda, ulag we tebigaty goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Indi biziň öňümizde bu resminamany düzýän çözgütleri ýerine ýetirmek boýunça tagallalary birleşdirmek wezipesi durýar. Şunuň bilen baglylykda, men ýurdumyzyň Hazarýaka döwletlerindäki ilçilerine bu Konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrýaryn. Öz bolýan ýurtlarynyň ygtyýarly edaralary bilen bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek boýunça ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhüm diýip hasap edýärin.

Aral meselesini çözmek hem örän möhüm ugur bolup durýar. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk eden iki ýylynyň dowamynda bize bu düzümiň işini ep-esli güýçlendirmek, oňa zerur bolan takyklygy bermek başartdy.

Mysal üçin, dokuz ýylyň dowamynda ilkinji gezek Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň teklibi boýunça ýokary derejedäki bu duşuşygyň Jemleýji resminamasyna Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek hakyndaky düzgün girizildi.

Munuň öňüsyrasynda, ýagny 2018-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek» hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky Türkmenistanyň wekillerine bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmegi, onuň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda goldanylmagyny gazanmagy tabşyrýaryn.

Häzirki döwürde ähli döwletleriň deňhukuklylygy, özara hormatlamagy we jogapkärçiligi esasynda suw meselesi boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistan şu nukdaýnazardan yzygiderli çykyş etmek bilen, sebitimizde suw meseleleriniň: birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ikinjiden, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen; üçünjiden bolsa, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe öňe sürüp geldi.

Şu meselede biz suwuň bütin dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, suwa deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmegiň bolsa adamyň esasy hukugy bolup durýar diýen düşünjeden ugur alýarys. Suw meselesi ara alnyp maslahatlaşylanda biziň ähli diplomatik wekillerimiz hut şu ölçegleri goldanmalydyr. Umuman, biz halkara işde suw diplomatiýasy ugruny güýçlendirmelidiris.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba alanyňda, ulag we energetika diplomatiýasynyň orny hem ýokarlanýar. Bu ugurda biz eýýäm belli bir iş tejribesini topladyk. Ýöne wagt bir ýerde durmaýar, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp düzmegi, hakyky ussat hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Şol hünärmenler meselä düýpli düşünip, hyzmatdaşlar bilen jikme-jik we hemmetaraplaýyn gepleşikleri alyp barmalydyr.

Şu maksat bilen, men Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň has möhüm ugurlary boýunça ýörite okuw merkezini döretmek barada karara geldim. Bu barada aýdylanda, biziň gysga wagtyň içinde öz milli diplomatiýa mekdebimizi döretmegi başarandygymyzy bellemek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilenine on ýyl boldy.

Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde dört fakultetde okuwlar alnyp barylýar, iki sany merkez işleýär. Biz institutyň işiniň ylmy-barlag ugruny güýçlendirmegi göz öňünde tutýarys. Syýasaty öwrenişe, häzirki döwürde dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlary we meýilleri öwrenmäge aýratyn üns bermegi maksat edinýäris. Bu institutyň tejribe geçmek bilen bagly işini güýçlendirmek, mugallymlaryny hem-de talyplaryny beýleki döwletleriň ýokary diplomatik okuw mekdeplerine tanyşdyryş saparlaryna ýygy-ýygydan ibermek hem zerur bolup durýar.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň
agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan 2019-njy ýyly «Parahatçylyk we Abadançylyk» şygary bilen geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Bu teklibi öňe sürmek bilen, biz dartgynly ýagdaýlary gowşatmagy, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy diplomatik usullar bilen çözülmegini maksat edindik. Şeýlelikde, jogapkärli we oýlanyşykly çözgütleri kabul etmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamagy göz öňünde tutduk.

Şunuň bilen baglylykda, men Daşary işler ministrligine degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrýaryn. Bu teklipler Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde umumy gepleşikler ulgamyny tapmaga ýardam berer. Dünýä syýasatynyň esasy meselelerini çözmekde päsgelçilikleri ýeňip geçmäge we özara düşünişmegi ýola goýmaga kömek eder.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň
agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Daşary ykdysady ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek biziň daşary syýasy gullugymyzyň işinde möhüm ugur bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň bir ýüzden hem köp döwleti bilen ykdysady, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny saklaýar. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ýagdaýyna öz wagtynda we dogry baha bermäge hem-de geljekde bu gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemäge şert döredýän seljeriş işini güýçlendirmelidiris.

Şunuň bilen baglylykda, men Daşary işler ministrliginde täze düzüm birligini — Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk bölümini döretmek barada karara geldim. Iri halkara taslamalary öwrenmek hem-de şolary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de dürli ýurtlar bilen Türkmenistanyň ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işine gözegçilik etmek hem-de utgaşdyrmak bu bölümiň wezipesine girer. Bu işi yzygiderli ýola goýmak, oňa hemişelik we belli bir maksada gönükdirmek häsiýetini bermek zerur bolup durýar.

Daşary işler ministrliginiň arhiw gullugynyň mümkinçiligini berkitmek hem möhüm diýip hasap edýärin. Bu gulluk Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça zerur bolan resminamalary döwlet edaralarynyň ýüztutmalary esasynda bermäge hemişe taýýar bolmalydyr. Daşary işler ministrliginde bu işi kämilleşdirmek maksady bilen, Diplomatik gullugyň arhiw bölümi açylýar.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň
agzalary!
Hormatly diplomatlar!

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy hem-de mertebesi, ýurdumyzyň howpsuzlygy we durnuklylygy, ykdysady ösüşiniň hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesi, köplenç, bu işiň netijeli bolmagyna baglydyr. Biz muňa düýpli düşünmelidiris hem-de ony gündelik işde goldanmalydyrys.

Şoňa görä-de, döwletimiz diplomatlarymyzyň işine geljekde hem uly üns berer. Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we wekilhanalarymyzyň doly derejede işlemegi üçin zerur bolan ähli guramaçylyk, maliýe, maddy-enjamlaýyn hem-de beýleki şertleri döreder. Biz diplomatlarymyzyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge doly jogapkärçilik bilen düşünip, geljekde hem söýgüli Watanymyzyň — Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerine gulluk ekjekdigine berk ynanýarys.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter