«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen ýygyndynyň nobatdaky jildi | TDH
Jemgyýet

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen ýygyndynyň nobatdaky jildi

опубликованно 18.12.2018 // 1009 - просмотров
 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen ýygyndynyň nobatdakysy — 11-nji jildi çapdan çykdy. Kitaba hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýyldaky maksatnamalaýyn çykyşlary, makalalary, interwýulary, ýüzlenmeleri we gutlaglary girizildi.

Neşir “Täzeçillik ýoly bilen — döwrüň belent maksatlaryna tarap” diýen sözbaşy bilen açylýar. Onda ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen milli, sebitleýin we pudaklaýyn maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna jikme-jik seljerme berilýär. Syn berilýän makalada döwlet gurluşynyň, jemgyýetçilik-syýasy we ruhy-medeni durmuşyň, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň we durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň, daşary syýasaty durmuşa geçirmegiň meseleleri hemmetaraplaýyn we içgin beýan edilýär.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertmegi, täze taryhy eýýamyň ägirt uly gazananlaryny, özygtyýarly we Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyny, özleriniň bagtly geljege bolan ýagty umytlaryny hem-de ynamlaryny türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň ady we işleri bilen mynasyp baglanyşdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynyň esasy wezipelerini öňde goýýar we şolary çözmegiň ýollaryny, usullaryny hem-de serişdelerini kesgitleýär. Şunuň netijesinde milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty oýlanyşykly, esaslandyrylan häsiýete eýedir we adamlaryň düýpli bähbitlerine kybap gelýär. Onuň baş maksady – döwleti kämilleşdirmek, jemgyýetde bitewüligi, jebisligi pugtalandyrmak.

Makalada işgärler syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berlip, döwlet Baştutanymyz ony amala aşyrmak bilen, adamlaryň ideýa-syýasy, ruhy-ahlak, işewür we guramaçylyk sypatlaryny göz öňünde tutýar. Ilkinji nobatda, munuň özi dogruçyllyk, tertiplilik, ygtyýarlylyk, özleriniň güýjüni doly bermek bilen zähmet çekmäge ymtylyş, bilim we tejribe, täzeligi duýmak, adamlar bilen işlemek başarnygy, özüňe talap edijilik, başlangyçlary öňe sürmek häsiýetleridir.

Şeýle hem halkara ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň ilerledilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilip, ýurtda alnyp barylýan konstitusion we hukuk özgertmelere uly üns berilýär.

Neşire girizilen eserler döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň işini beýan edýär, döwlet, partiýa we jemgyýetçilik gurluşlaryny demokratiýalaşdyrmagyň, raýat jemgyýetiniň kemala gelşiniň we halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň pugtalandyrylyşynyň barşyny açyp görkezýär. Ýurdumyzda adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini üpjün etmek babatda halkara şertnamalarynyň, konwensiýalarynyň hem-de ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin ýurtda döredilýän syýasy-hukuk şertlere aýratyn üns berilýär.

Makalalaryň köp bölegi milli ileri tutulýan ugurlary we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda umumy goşulyşmak ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, adamyň işewürlik we döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň esasy meselelerine bagyşlanýar. Ylmy çemeleşme, strategiki meýilnamalaşdyryş we hojalygy sowatly dolandyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda durýar.

Ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlary nobatdaky neşirde öz beýanyny tapan 2017-nji ýylyň möhüm wakasy boldy. Bu saýlawlar türkmenistanlylaryň erk-isleginiň hakyky dabaralanmasyna, halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän däplerini pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ykrar edilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynamly ýeňiş gazanyp, iň ýokary döwlet wezipesine üçünji gezek täzeden saýlanmagy bilen dabaralandy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň döwletliligi pugtalandyrmaga, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge hem-de ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirip, alyp barýan syýasy ugruny türkmen halkymyzyň doly we hemmetaraplaýyn goldaýandygynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary neşiriň beýan edýän esasy wakalarynyň biridir. Oýunlaryň geçirilmeginiň özüniň dürli ýurtlaryň, halklaryň, medeniýetleriň gatnaşyklarynda parahatçylygyň ynsanperwer taglymatlaryna hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga esaslanandygyny belläp geçmek möhümdir.

64 döwletden 6 müň türgen gatnaşan “Aşgabat — 2017” oýunlarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şeýle ýaryşlaryň taryhynda ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden toparlar hem-de Afrikanyň döwletlerinden türgenleri birleşdiren bosgunlaryň ýygyndy topary wekilçilik etdi.

Iň iri möçberli hem-de öz tapgyrynda wekilçilikli bolan V Aziýa oýunlary türkmen sportunyň ösüşiniň taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrdy, biziň ýurdumyzy yklymda halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjylarynyň hataryna çykardy.

Neşirde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän ulgamynyň — durmuş ulgamynyň ösdürilişi baradaky meseleler giňden beýan edildi. Milli ykdysadyýetiň ösmegi halkyň maddy hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagyna, ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösen, beden taýdan berk we ýokary ruhda terbiýelemek üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Türkmen döwletiniň esasy şygaryndan ugur alyp, adamlara hyzmat etmek, olaryň bähbitlerini we isleglerini üpjün etmek, halkyň durmuşynyň abadançylygy, ähli babatda mynasyp ýaşaýşy üçin alada milli Liderimiziň alyp barýan içeri syýasatynyň düýp özenini düzýär.

Şu asylly maksatlara ýetmek üçin býujet serişdeleriniň 80 göterimi bilimiň, ylmyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň, saglygy goraýşyň, durmuş üpjünçiliginiň, medeniýetiň we beýlekileriň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär. Her ýyl aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ýokarlandyrylmagynyň, şeýle hem milli ykdysadyýetimize bazar usullarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen telekeçiligiň ösdürilmeginiň hasabyna raýatlaryň anyk girdejileriniň we satyn alyjylyk ukybynyň ösüşini beýan edýän makalalar munuň subutnamasy bolup durýar.

Neşir fotohronika bilen tamamlanýar, ol okyjylara häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny aýdyň duýmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň nobatdaky jildi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine çuňňur düşünmekde, ýurdumyzda bolup geçýän taryhy özgertmeleriň ägirt uludygyna akyl ýetirmekde örän uly nazary we amaly gymmatlyga eýedir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter