Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy | TDH
Ykdysadyýet

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

опубликованно 15.12.2018 // 434 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarcilik” kompaniýasy bilelikde gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen sergileriň önümleriň dürli görnüşlerini görkezmek, täze işläp taýýarlamalary, tehnologiýalary alyşmak üçin hem amatly şertleri döredýär diýip belleýär. Türk harytlarynyň sergisi açylmazyndan ozal hünärmenler nobatdaky forumyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we işewür hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýtdylar.

Sergä gatnaşmak üçin paýtagtymyza Türkiýäniň döwlet düzümleriniň, 70-den gowrak kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýolbaşçylaryndan, hünärmenlerinden hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet geldi. Olar ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler.

Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň agramly bölegi Türkmenistanda öz mümkinçiliklerini we häzirki zaman tehnologiýalaryny beýan etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň önümleridir. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köptaraply ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Bu ýerde türkiýeli önüm öndürijileriň ýokary hilli eksport harytlary, şol sanda senagat pudaklary, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, elektronika önümleri, ýumşak mebelleri, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeleri, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytlary görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny çekmekde aýratyn ähmiýetlidir. Onuň esasy ugurlary önümçilik kuwwatlyklarynyň doly möçberde döwrebaplaşdyrylmagyny we köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň halkara giňişlige goşulmagyny şertlendirýär. Daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil usullary çekmek ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlarynyň ösüşini, ykdysadyýetimiziň täze senagat pudaklarynyň kemala getirilmegini üpjün edýän şertleriň biri bolup durýar.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ýurduň kärhanalary şu gezekki ýöriteleşdirilen sergide öz önümlerini görkezýärler. Olaryň hatarynda elektrik enjamlaryny öndürýän “Vatan Kablo A.Ş.”, “Çagdaş Pano”, “Askomak Gida Degirmencilik”, şeýle hem turba we suw geçirijileri öndürýän “Elmas Irrigation Systems” kompaniýalary bar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçiligi boýunça dürli tehnologiýalary “STK Makina”, “Pimak Professional Kitchen Equipments” kompaniýalary hödürleýär. “Astaş Tekstil”, “Öztaş Iç Giýim” firmalary dokma senagatynyň ýeten derejelerini görkezýär “Monty Parfum” firmasy bolsa parfýumeriýa önümlerini beýan edýär. “EM-KA Çelik Konstrüksiyon”, “Cemina”, “Doguş Firça” ýaly firmalar dürli desgalar üçin niýetlenen gurluşyk serişdeleriniň, metal gurnamalaryň we beýleki gurnamalaryň önümçiligini görkezýär.

Ekologiýa taýdan arassa, ýokumly önümleriň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzda ýylyň ähli paslynda ter önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine gönükdirilen özgertmeleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Döwletimiz obasenagat toplumyna hemmetaraplaýyn goldaw berip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, ekerançylyga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygyna anyk goldawy bermek, şeýle hem gök ekinleri daşary ýurtlara eksport etmek üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň ähli paslynda ter oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen ýyladyşhananyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Olaryň gurluşygyny şeýle taslamalaryň bähbidine, olaryň ykdysady taýdan ýokary girdejilerine we özüni ödemäge ukyplylygyna ýokary baha beren ýerli telekeçiler alyp barýarlar. Ter we ýokary hilli önümlere bolan isleg, bölek söwdada bolşy ýaly, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda hem barha ýokarlanýar. Yzygiderli hereket edýän ýyladyşhana hojalyklary ýylyň ähli paslynda netijeli girdeji gazanýar.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde guralan sergide ýyladyşhana hojalyklary üçin hem häzirki zaman tehnologiýalary hödürlenýär. Olary Türkiýäniň “Sistem suntek sera”, “Metas”, “Erenoglu Mühendislik”, “Gençgüçsan” ýaly kompaniýalary görkezýär. Türk hünärmenleriniň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda bu pudak sazlaşykly ösüşe eýe bolýar, olar öz tarapyndan ýurdumyzyň telekeçilerine şeýle taslamalary durmuşa geçirmekde amatly teklipleri hödürlemäge taýýardyrlar.

Köp sanly sergä gatnaşyjylar, potratçy kompaniýalaryň we ugurdaş edaralaryň, hususy telekeçiligiň wekilleri sergide görkezilýän önümleriň nusgalary we türkiýeli önüm öndürijileriň teklipleri bilen içgin tanyşdylar.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň telekeçileri we türk kompaniýalarynyň wekilleri azyk senagaty, ýyladyşhana hojalyklary, şeýle hem metal gurnamalar hem-de gurluşyk serişdeleri üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almak babatda 10-a golaý şertnama baglaşdylar.

Bu gezekki ýöriteleşdirilen sergi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter