Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 14.12.2018 // 779 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewiň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat ministriniň orunbasary Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanowyň üstüne ýüklenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny hem-de innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna 2019-njy ýylda degişli sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary hem-de festiwallary ýokary derejede guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda 2019-njy ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi hem tassyklanyldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri degişli sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we festiwallara taýýarlyk görmekde hem-de olary geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýardam bermäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter