Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 14.12.2018 // 1270 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň wajyp meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegi ugur edinýär hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösmeginiň aýrylmaz şertidigini belledi. Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmak, halkara bileleşige Türkmenistanyň häzirki gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmak boýunça Mejlisiň işini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň barşynda gol çekilen hem-de kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döredýän resminamalaryň möhümdigi bellenildi. Şunda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Hazarýaka ýurtlarynyň Prezidentleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda VI Hazar sammitini, 2019-njy ýylda bolsa birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Olar umumy goldawa eýe boldy.

Şol başlangyçlary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda Guramaçylyk topary döredildi. Onuň birinji ýygnagynyň dowamynda esasy guramaçylyk meselelerine seredildi we teklipler taýýarlanyldy, şol sanda forumy hem-de onuň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda çäreleri geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Şol gün, däp bolşy ýaly, Hazar deňziniň güni bellenilýär.

Birinji Hazar ykdysady forumyna hemmetaraplaýyn taýýarlygy üpjün etmek maksady bilen, Daşary işler ministrliginde Utgaşdyryjy merkezi döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna forumy geçirmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanan taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Bu syýasat oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli ädimleri ätmek bilen, Hazaryň köpugurly kuwwatyny amala aşyrmaga uly goşant goşup, onuň parahatçylyk, dostluk we agzybirlik deňzi derejesini berkitmäge ýardam edýär.

Munuň özi Hazar deňzinde özara gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça türkmen tarapynyň netijeli tekliplerinde aýdyň beýanyny tapýar, şolar däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze, häzirki ýagdaýlara we mümkinçiliklere kybap gelýän derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Sebit hem-de sebitara geosyýasy we geoykdysady işlerinde Hazaryň strategik ähmiýeti hem-de onuň möhüm ulag-üstaşyr we logistika merkezi hökmündäki orny uzakmöhletleýin geljegi nazarlamak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny amala aşyrmagyň maksadynda Hazarýaka döwletleriniň tagallalaryny has-da birleşdirmegiň möhümdigini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar we gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegi hem möhüm wezipe bolup durýar.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birinji Hazar ykdysady forumyny we onuň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleri geçirmäge toplumlaýyn taýýarlyk görmek, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de ähli degişli meseleleri öz wagtynda çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygaryna laýyklykda geçirilen çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýylyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan dürli döredijilik duşuşyklarynyň, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň, olimpiadalaryň, sport ýaryşlarynyň, festiwallaryň we aýdym-saz dabaralarynyň geçirilendigi bellenildi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine we mukaddes ýerlerine mowzuklaýyn gezelençler guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň esasynda birnäçe çäreler taýýarlanyldy.

Beýik Ýüpek ýoly mowzugy dünýäniň birnäçe ýurtlarynda guralan medeni çärelere hem-de baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanyp, Türkmenistanda geçirilen halkara pudaklaýyn forumlarda öz beýanyny tapdy. Şolaryň köpüsi ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Aşgabatda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji duşuşygy boldy. Onda gadymyýetde we orta asyrlarda Gündogar bilen Günbataryň arasynda kerwenli söwdanyň hereket etmegi bilen bagly ýadygärlikleriň ugruny taýýarlamak baradaky meselelere seredildi.

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda guralan “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara ministrler derejesindäki maslahat meşhur kerwen ýoluny, onuň medeniýetara gatnaşyklary saklamakdaky ornuny mundan beýläk-de öwrenmäge we wagyz etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen baglanyşykly medeni mirasy mundan beýläk-de öwrenmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň ýylyň maksatnamalaýyn çäreleri bilen çäklenmeýändigini, onuň yzygiderli dowam etdirilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Bu strategiýa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini giňeltmäge, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny guramaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinde hem-de welaýatlaryň çagalar-sagaldyş merkezleriniň 5-sinde 2 — 11-nji ýanwar aralygyndaky gyşky dynç alyş döwründe çagalaryň doly derejeli dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilendigi bellenildi.

Ýaş türkmenistanlylaryň dynç alşyny gyzykly we peýdaly guramak maksady bilen, Bilim ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde çagalar-sagaldyş merkezlerinde Täze ýyly baýram etmegiň, teatr we çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriň döredijilik çykyşlarynyň, Aýazbabanyň we Garpamygyň çykyşlarynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Çagalaryň arasynda dürli döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we dürli ugurlara degişli bäsleşikler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesliň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz gyşky dynç alyş günlerinde çagalaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan, gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin hemme çäreleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi baradaky meselä degip geçip, ähli dabaralaryň hem-de Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede, giňden we şowhunly guralmalydygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri hem-de oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, maýsalara ilkinji ösüş suwy tutulýar, olary dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şular bilen birlikde, tehniki taýdan hyzmat edýän edaralarda oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Alymlar hem-de tejribeli oba hojalyk hünärmenleri önüm öndürijilere oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň netijeli usullaryna degişli maslahatlary berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň mukdaryny artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de obasenagat ulgamynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryny çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmaga, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy babatda amala aşyrylýan işler, şeýle hem öňde duran wezipeleri berjaý etmegiň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň arasynda elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmeginiň ýurdumyzyň taryhy senenamasyna täze möhüm sahypany ýazjakdygyny belledi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge diňe bir giň mümkinçilikleri açman, eýsem-de, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we işjeňleşdirilmegine, ony täze möhüm ugurlara çykarmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olary öz wagtynda hem-de netijeli çözmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini guramak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan bu taslama boýunça meýilleşdirilen ähli işleri berjaý etmek hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin yzygiderli toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyza 2019-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň üstünde işlenen sanawyny hödürledi. Şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatlaryň we sergileriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, halkara ähmiýetli çäreleriň hemmesi şanly seneler we pudaklaýyn hünär baýramçylyklary mynasybetli guralyp, olaryň ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu ugurda işler degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we 2019-njy ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan dürli forumlaryň sanawyny tassyklaýan resminama gol çekip, ýurdumyzyň maýa goýumlaryny hem-de nou-haulary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini we şeýle işewür çäreleriň önümçiligiň dürli ulgamlarynda hem-de tehnologiýalarynda daşary ýurtlaryň iň gowy işläp taýýarlamalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda guralýan halkara maslahatlaryň we sergileriň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň tejribe toplamakda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini we ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny giňden wagyz etmekde has-da wajypdyr. Şeýlelikde, halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi we netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Çakyýew ulag hem-de telekommunikasiýa toplumlaryna degişli pudaklaryň kärhanalarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ulag ulgamy boýunça işleriň gerimini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, sebit we transkontinental ýollaryny ösdürmek boýunça biziň başlangyçlarymyz howa, deňiz we derýa ýollarynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem wise-premýere bu pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi üpjün etmegi, ýük daşalyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň pudagy tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, ulag toplumynyň kärhanalarynyň işiniň zerur hil derejesini üpjün etmek boýunça gözegçiligiň güýçlendirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Bu toplumy dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler hem-de hereket etmegiň anyk meýilnamasynyň berjaý edilmegi zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyryş ulgamyna hojalygy ýöretmegiň häzirki zaman usullaryny giňden ornaşdyrmak baradaky meseläniň üstünde durup geçip, wise-premýere gözegçilik edýän edaralarynyň birnäçesiniň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek hem-de şolaryň binýadynda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradowa ýüzlenip, onuň indi bir ýyla golaý wagt bäri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işländigini, emma ýeterlik derejede gözegçilik etmändigi hem-de işe jogapkärçiliksiz garamagy netijesinde tabynlygyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň düýpli ýaramazlaşandygyny belledi.

Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň meseleleri, şeýle hem käbir beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe meseleleri çözülmän gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylary tarapyndan döwlet emlägini ogurlamak, para almak, artdyryp ýazmak halatlarynyň ýüze çykandygyny aýtdy. Netijede, dokma senagaty ministri para alandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň işine berlen seljermeden ugur almak bilen, degişli Permana gol çekip, K.Durdymyradowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek wise-premýer M.Çakyýewiň üstüne ýüklenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, H.Mergenowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin senagat ministri wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat ministriniň orunbasary T.Dürhanowyň üstüne ýüklenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de aýlyk iş haklaryny öz wagtynda bermek we özara hasaplaşyklary geçirmek barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususy ulgamy pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini has-da özgertmek, degişli döwlet we milli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna esaslanýan wagty Türkmenistan senagatlaşdyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, şeýle hem bank ulgamyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen ädimleri ädýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli edaralaryň maliýe ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň, şeýle hem şonuň esasynda bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bazar ykdysadyýeti babatda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek hem-de ony iş ýüzünde ornaşdyrmak meselelerine uly üns bermegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we zähmetde uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň mähriban halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda rowaçlyk arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter