Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly

опубликованно 14.12.2018 // 765 - просмотров
 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip belledi. Milli Liderimiz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan doganlyk hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, şonuň bilen birlikde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, halkara derejedäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işi yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen bir hatarda, üstaşyr geçelgeler üçin oňaýly şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün edýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň fewralynda “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesine girýän Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi. Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doly öz üstüne alan ýurdumyz doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, Turgundy demir ýol menziliniň geçirijilik ukyby ýokarlandy. Şeýlelikde, Owganystanyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy we goňşy ýurduň haryt dolanyşygynyň artmagy bilen bu ugurda amala aşyrylýan çäreler Owganystan üçin gysga we amatly ýol bilen öz önümlerini halkara bazarlara çykarmak hem-de isleg bildirilýän harytlaryny ýurdumyza getirmek mümkinçiligini döretdi.

Ýokarda agzalyp geçilen wideoşekilli iş maslahatynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga” laýyklykda, Hyratdan ilkinji ýük kerweniniň ugradylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrini Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky degişli Buýruga gol çekip, döwlet Baştutanymyz bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ählumumy ykrar edilmegine görä, sebitde özara ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna gyşarnyksyz ygrarly bolmak bilen, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze pikirleri barha işjeň öňe sürýär. Şol pikirler bolsa halkara ähmiýetli taslamalarda öz beýanyny tapýar.

Döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzümini döretmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň görýän anyk we netijeli çäreleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, eýsem, sebit ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Türkmenistan sebitiň we yklymyň möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde özüniň eýeleýän ornuny has-da berkidip, tutuş sebitiň we aýry-aýry ýurtlaryň, şol sanda Owganystanyň abadançylygynyň bähbidine bu ulgamda özüniň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanýar.

Mysal üçin, 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) hem ähli ugurlarda Owganystan Yslam Respublikasynyň ösmegine ýardam edýän, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli düzümleýin taslamalaryň, goňşy döwleti sebit hyzmatdaşlygyna çekmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini (“Lapis Lazuli”) döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge özüne Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini birleşdirýän giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Biziň ýurdumyz Owganystan bilen gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, onuň durnukly ösmegi, sebit we ählumumy ösüşe doly möçberli goşulyşmagy, berk parahatçylygy we ylalaşyk ýagdaýyny berkarar etmek üçin şertleri döretmäge ýardam edýär. Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyny gazanmak mümkinçiligine bolan berk ynam türkmen tarapynyň garaýyşlarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň arasynda giň milli gepleşikleri ýola goýmak üçin Türkmenistanyň syýasy giňişligini teklip edýär.

Biziň ýurdumyz bu ugurda ykjam işlemäge taýýardygyny tassyklamak bilen, häzirki wagtda bar bolan syýasy mümkinçilikleri hem-de halkara guramalaryň kuwwatyny ulanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi hem-de BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça Missiýasy (UNAMA) bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky tagallalaryny yzygiderli goldaýar we olara gönüden-göni gatnaşýar.

Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek onuň üçin esasy mesele bolup durýar. Türkmenistan ykdysady taýdan ösüşiň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, giň möçberli durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, bilim derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagynyň ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsir edýändigine, bu ýerde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigine ynanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şunda halkara kömegi netijeli we anyk bolmalydyr.

Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen Owganystany ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen halkara gatnaw ýollaryna birikdirmek hakynda milli Liderimiziň başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Hyratdan awtoulag ýük kerweni (Owganystan) Turgundy menziline geldi. Ýükler ýurdumyzyň çägi boýunça geçer we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä getiriler. Şoňa görä-de, bu ilkinji gatnaw aýratyn ähmiýetli waka hem-de köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýüregi bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hyrat şäherinde şu waka mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy, hususan-da, Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Çärä gatnaşyjylaryň pikirine görä, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi Aziýa üçin örän wajyp bolan ykdysady meseleleriň birnäçesini çözmek üçin esasy ugur bolup durýar. Täze geçelge sebitde önümçiligiň ösmegine kuwwatly itergi berip biler.

Aýratyn hem munuň özi Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine oňyn täsir eder. Biziň ýurdumyz doganlyk döwlete hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Serhetabat — Turgundy demir ýoly we beýlekiler bar. Degişli hünärmenleriň pikirine görä, hut ulag taslamalary Owganystanyň we tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine eýýäm ýakyn wagtda kuwwatly itergi bermäge ukyplydyr.

Umuman, döwrebap ulag düzüminiň gurulmagy hem-de “Lazurit” geçelgesiniň doly derejede işlemegi haryt öndürijileriň işini işjeňleşdirmäge ukyplydyr. Hereket edýän ulag-üstaşyr ýollarynyň çäklidigi sebäpli, häzirki wagtda olaryň önümleri alyjylara ýetip bilmeýär.

“Lapis Lazuli” taslamasy ýük akymlaryny ep-esli çaltlandyrmaga hem-de harytlary öndürijilerden önümleriň ýerlenilýän bazarlaryna çenli aralygy gysgaltmaga mümkinçilik berer. Munuň özi bolsa daşary ýurtly sarp edijiler üçin önümiň bahasyny arzanladar we iri söwda kärhanalarynyň sebitde önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatdaky gyzyklanmasyny artdyrar. Şunda Türkmenistanyň ulag düzümine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzyň bu ugurdaky kuwwaty ençeme esse artdy.

Ýeri gelende aýtsak, Hyratda tutuş sebit üçin ähmiýetli bolan waka mynasybetli guralan halkara maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdy. Ol maslahatda eden çykyşynda bu çäräniň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda edilýän tagallanyň örän wajypdygyny nygtady.

Prezident Aşraf Gani hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň owgan halkynyň hemmetaraplaýyn ösüşi ugrunda berýän kömeginiň bimöçberdigini belledi. Munuň özi asyrlaryň dowamynda goňşy oturan halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň üçin bolsa owgan halkynyň Türkmenistanyň hormatly Prezidentine bolan alkyşynyň, hoşallygynyň çägi ýokdur diýip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti aýratyn nygtady. Şeýle hem OYR-nyň Baştutany türkmen halkynyň ynsanperwer kömeklerini owgan halkynyň ýürekden kabul edip, sebitde durnuklylygy we agzybirligi saklamakda hut türkmen Lideriniň aýratyn goldawynyň bardygyny aýtdy.

Owganystanyň harytlarynyň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ugradylmagy goňşy ýurt üçin ýokary derejedäki amatly ýagdaýy üpjün edýär. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag geçelgelerini ösdürmek baradaky oňyn syýasatynyň öňdengörüjilikli we netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu geçelgeler giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli ýollary bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter