Halkara Bitaraplyk gününe döredijilik sowgady | TDH
Medeniýet

Halkara Bitaraplyk gününe döredijilik sowgady

опубликованно 12.12.2018 // 661 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen bu baýramçylyk aýratyn döwlet we halkara ähmiýetine eýedir hem-de Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ýokary netijesine şaýatlyk edýär.

Konserte tomaşa etmäge ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Tomaşaçylaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda baýramçylygyň öň ýanynda paýtagtymyzda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar. Olaryň baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna, häzirki we geljekki nesilleriň ählisiniň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny özboluşly ýüze çykarýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döredýär. Şunda syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri, ýurdumyzyň deňsiz-taýsyz gazananlaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly hem-de häzirki döwrüň hakykatyna kybap gelýän syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarlar.

Ýurdumyz BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalaryň jemlenilmegine örän işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.

Ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän häzirki ýyl, Halkara Bitaraplyk güni aýratyn özboluşly mana eýe bolýar. Asyrlaryň dowamynda bu transmilli ýol onuň ugrunda ýerleşen döwletleriň diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklaryny däl, eýsem, medeni ösüşini hem üpjün edipdir.

Türkmenistan adamzada netijeli medeni alyşmalaryň we gatnaşyklaryň täsin nusgasyny bagyşlan Ýüpek ýolunyň özboluşlylygyny täzeden dikeltmäge uly ähmiýet berýär, döwletimiziň Bitaraplygy bolsa netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Şol gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň özara ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan özüniň baý taryhy mirasyna we milli ýörelgelerine daýanmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we bütin adamzat üçin parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýar”.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar. Şol teklipde Bitarap döwletimiziň döredijilikli syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygyny alamatlandyryp, Halkara Bitaraplyk güni Ýer ýüzüniň röwşen geljeginiň bähbidine halklary birleşdirýär. Hut şu pikir şu günki konsertiň mazmunyny düzdi hem-de şol pikire konsertiň maksatnamasyndaky ajaýyp çykyşlarda döredijilik taýdan akyl ýetirildi. Konsert “Arkadagym toý tutýar” diýen kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bilen açyldy. Ony “Dokmaçylar” folklor topary ýerine ýetirdi.

Artistleriň çykyşlarynyň ýany bilen monitorlarda Türkmenistanyň iň täze taryhynyň wakalaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şol wakalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen halkara işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şeýle ýokary depginde başlanan baýramçylyk konserti ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur artistleriniň — halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, tans we aýdym-saz, folklor toparlarynyň ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi. Konsert çykyşlarynyň ählisi özüne çekijiligi we täsirliligi bilen tapawutlandy. Munuň şeýle bolmagyna baýramçylyk çykyşlarynyň taýýarlanylyşynda häzirki zaman tehniki serişdeleriniň peýdalanylmagy ýardam berdi.

Sahnada dürli dillerde aýdymlar ýaňlandy, dünýäniň halklarynyň nusgawy hem-de döwrebap saz eserleri we joşgunly tanslary ýerine ýetirildi. Myhmanlaryň hatarynda Hytaýdan, Owganystandan, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Saud Arabystanyndan, Pakistandan, Gyrgyzystandan, Müsürden, Türkiýeden we Özbegistandan belli aýdymçylar hem-de döredijilik toparlary bar. Sahna ussatlary sungatyň dili bilen häzirki wagtda halkara ähmiýetli ykdysady we medeni taslamalarda täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýurtlarda ýaşan halklaryň baý hem-de özboluşly däpleri barada gürrüň berdiler.

Türkmen artistleri hem özleriniň baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Horeografiýa toparlarynyň ýerine ýetirýän owadan hereketleriniň ýany bilen görkezilýän çykyşlar wakalara esaslanyp, ajaýyp baýramçylyk görnüşlerini baýlaşdyrmak bilen umumy spektakly emele getirdi. Munuň özi dünýäniň halklarynyň dostlugynyň we doganlygynyň senasy bolup ýaňlandy.

Umuman, Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan konserti ýurtlar we yklymlar boýunça, aýdym-saz hakydamyzyň tolkunlary boýunça özboluşly döredijilik syýahatçylygy bilen deňeşdirip bolar. Gadymy we hiç öçmejek “küştdepdi” tansy baýramçylygyň hakyky bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň folklor tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde oňa myhmanlarymyz hem uly höwes bilen goşuldylar. Türkmenleriň bu däp-dessur tansynda taryh bilen häzirki zaman täsin birleşdi. Bu tans ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň medeni gymmatlygy diýlip ykrar edildi.

Dünýäniň dürli dillerinde bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de tutuş türkmen halkynyň adyna mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar aýdyldy.

Aýdymçylaryň hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýüpek ýolunyň ýüregi sen, Watanym!» diýen aýdym baýramçylyk dabarasynyň kuwwatly jemleýji bölegine öwrüldi. Bu aýdym parahatçylygyň we dostlugyň ýurduna — milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana bagyşlanyldy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konsertleri şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli iri estrada sahnalarynda-da geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter