Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 08.12.2018 // 438 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-den gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamide isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna awtoulag, reňksiz aýna, portlandsement, nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 296 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 10 million 748 müň manatlykdan gowrak jinsi önümlerini hem-de nah ýüplügi we mata satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million manatlykdan gowrak bitumy satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter