Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär | TDH
Medeniýet

Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti barada halkara maslahat geçirilýär

опубликованно 06.12.2018 // 83 - просмотров
 

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat açyldy.

Türkmenistanda halkara bilermenleriň maslahatyny geçirmek baradaky pikir ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ösýän hyzmatdaşlygyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goldanyldy. Abraýly halkara guramasy bolan ÝUNESKO BMG-niň möhüm düzümidir hem-de bilim, medeniýet, ylym we maglumat ulgamynda giň hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylyk hem-de ählumumy howpsuzlyk işine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň netijesinde birnäçe bilelikdäki taslamalar amala aşyryldy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna türkmen topragynyň taryhynyň beýikdigine şaýatlyk edýän iri taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý galalary girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ençeme tebigy desgalary, şol sanda dünýäniň bu abraýly sanawyna girizilmäge dalaş edýän Garagum sährasy hem-de iri şäher toplumlary öwrenilýär.

Bu gün ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyga halklaryň özara düşünişmegini saklamak, olaryň syýasy we ykdysady taýdan gatnaşyk etmegine oňaýly ýagdaýlary döretmek üçin möhüm gural hökmünde dünýäde akyl ýetirilendir. Bu işde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän jebisleşdiriji orny aýdyňdyr. Biziň ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy merkezleriniň biri hökmünde häzir sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup çykyş edýär, ynsanperwer gymmatlyklaryň esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny yzygiderli tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlaryna we wezipelerine kybap gelýär. Bu gurama Bitaraplygyň hormatyna biziň milli baýramymyza halkara dereje berip, onuň umumy ösüş ähmiýetini ýüze çykardy. Şoňa görä-de, ýurtlary we halklary ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan ÝUNESKO-nyň häzirki maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda paýtagtymyzda geçýändiginiň özboluşly manysy bardyr.

Bu taryhy ýoluň umumy mirasy döreden baý taryhyna we özara täsirlere has oňat düşünilmegi BMG-niň gün tertibi 2030-da kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen medeniýetara gatnaşyklaryny, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge kömek eder. Mundan başga-da, 2013 — 2022-nji ýyllar döwri BMG tarapyndan medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň Halkara onýyllygy diýlip yglan edildi. Ýurdumyz bu herekete goşulyşyp, 2018-nji ýyly “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda guralan häzirki maslahat durnukly ösüş üçin Beýik Ýüpek ýolunyň wajypdygyny hem-de ähmiýetini beýan etmäge, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary saklamak ugrunda ady rowaýata öwrülen bu ýoluň umumy mirasynyň mümkinçiligini açmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda onuň goşandynyň neneňsi ähmiýetli bolup biljekdigini görkezmäge gönükdirilendir.

Maslahata 50-ä golaý ýurtdan, şol sanda Owganystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Bruneý-Darussalamdan, Kambojiden, Hytaýdan, Müsürden, Gruziýadan, Gresiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Iordaniýadan, Keniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Ýaponiýadan, KHDR-den, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Mozambikden, Nepaldan, Filippinden, Katardan, Ispaniýadan, Şri Lankadan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Sudandan, Siriýadan, BAE-den we beýlekilerden ministrler, ýokary derejeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşýar.

Maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Türkmenistanyň Baştutany Gutlagynda Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmek we onuň taryhy ähmiýetini wagyz etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýändigini belledi.

Demir we awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, ulag ulgamynyň döwrebap desgalarynyň giň gerim bilen gurulmagy, ulag-aragatnaşyk ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap şertlerde täzeden dikeldilýändigini doly subut edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ýüpek ýoly boýunça söwdany we özara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky innowasion tehnologiýalar we çemeleşmeler maslahatyň degişli bölümleriniň birine girizildi. Onda şeýle hem bu ýoluň taryhyna hem-de täzeden dikeldilmegine, BMG-niň gün tertibi 2030-yň maksatlaryna ýetmek üçin ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň syýasatyna hem-de öňdebaryjy tejribesine garalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda her şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp bolan bu taryhy ýoluň döremeginde we işjeň hereket etmeginde esas goýujy orunlaryň biriniň türkmenlere degişlidigini belledi.

Bu ugurda Türkmenistan
ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleri” diýen transmilli taslamanyň çäklerinde depginli iş alyp barýar. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň 25-si Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynyň nominasiýasyna teklip edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy bilim, ylym we medeniýet ulgamynda, halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de köp sanly beýleki ugurlar boýunça taslamalary we maksatnamalary özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa öz çykyşynda BMG-niň maýa goýumlaryň durnukly ösüşiň düzümlerine öwrülmegi üçin institusional we adam mümkinçiliklerini güýçlendirmekde ýurdumyza kömek berýändigini belledi. Ol şeýle hem BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreşiň aýdan sözlerini getirdi. Baş sekretar özüniň ýakynda aýdan sözleriniň birinde dünýäni gadymy Ýüpek ýolunyň tejribesi bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de “bu ýagdaýy hemmeleriň bähbidine täze belentliklere tarap arşa götermäge” çagyrdy.

Hanym Ý.Panowa täzeden dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman keşbine ajaýyp ýagdaýda goşulyşýan Türkmenistanyň ulag we energetika taslamalarynyň hem-de başlangyçlarynyň, Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, “ýaşyl” ykdysadyýete geçilmegini we Aral meselesini özünde jemleýän ekologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebitleýin edarasynyň direktory Aleksandr Leýht ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azuleniň maslahata gatnaşyjylara salamyny ýetirip, onuň wekilçilik edýän guramasynyň adamzada netijeli medeni alyşmalaryň we gatnaşyklaryň täsin nusgasyny beren Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine neneňsi ähmiýet berýändigi barada gürrüň berdi.

Ol şeýle hem bu ýoly öwrenmek boýunça taslamanyň çäklerinde
ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen guralan ylmy saparlaryň ilkinjileriniň birini ýatlady. Bu sapar 1991-nji ýylda Aşgabatda badalga aldy hem-de onuň barlaglary Ýüpek ýolunyň merkezinde esasy sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň eýeleýän wajyp ornuny tassyklady.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň Ýüpek ýoly atly ugry boýunça işlere Türkmenistany goşmak bilen 14 ýurt çekildi. Muňa barha artýan islegler babatda gatnaşyklar, köpdürlülik we ösüşler üçin Ýüpek ýoly boýunça
ÝUNESKO-nyň onlaýn-meýdançasyny döretmek babatda täze başlangyja badalga berildi. Görnüşi ýaly, Ýüpek ýoly diňe bir gymmatly geçmişi däl, ýagty geljegi hem janlandyrýar. Ol şeýle hem ertir üçin hem-de sebitde we dünýäde biziň bilelikdäki wezipelerimizi neneňsi çözýändigimize sapak berýär.

Soňra umumy mejlisde medeniýet ministrleri hem-de dürli ýurtlardan hünär ugurly guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Ýüpek ýoluň wezipesiniň dürli ugurlary, geçen asyrlarda diňe bir harytlaryň däl, eýsem, filosofiýanyň, ylym-bilimleriň, edebiýatyň ýaýradylmagynda onuň eýelän orny barada gürrüň edildi. Hemmeler häzirki dünýäde hut şunuň ýaly medeni gatnaşyklaryň ýagdaýlary sazlaşdyryp, ynsan ruhuny janlandyryp, adamlary ýönekeý we parasatly hakykata, beýlekileri diňlemegi we eşitmegi, düşünmegi we dostlaşmagy başarmaga ýakynlaşdyryp biljekdigi barada bir pikirde boldular. Hut şu ugur boýunça dünýäni güýç ulanmasyz görnüşde göz öňüne getirip bolar.

Ynsan ruhy küýzelere bölünen suwa çalymdaş. Ýöne, suw näçe damjalara bölünen bolsa-da, ol umumylyga täzeden goşulyşyp biler. Gündogar edebiýatynyň bu meňzetmesi medeni gatnaşyklaryň mazmunyny, ýagny çykyş edenleriň pikirine görä, häzirki zamanda maglumatlar akymyna gurşalan adamyň, hakykatdan-da, örän isleýän zadynyň many-mazmunyny beýan edýär. Şeýle hem dürli ýurtlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň häzir täzeden döredilişi, demir ýollaryň, ulag-üstaşyr geçelgeleriň çekilişi, deňiz gatnaw ýollarynyň, söwda ulgamlarynyň ýola goýluşy barada gürrüň edildi. Şeýdip, gadymy ýoluň bilelikdäki mirasy täze keşbe eýe bolup, parahatçylygy we dostlugy özünde jemleýär. Daşary ýurtly myhmanlar soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda bolup geçen özgertmeleriň gerimine mynasyp baha berdiler.

Maslahatyň çäklerinde şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen” diýen halkara bäsleşigiň foto işleriniň sergisi hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň amaly-haşam sungatyny, neşirýat işini beýan edýän beýleki sergi gymmatlyklary guraldy.

Myhmanlarymyz üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy, şol maksatnamanyň çäklerinde olar şu gün Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus” diýen sahna oýnuna tomaşa etdiler, ertir bolsa Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryna bararlar. Şol ýerde bilelikdäki “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti bolar.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter