TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda | TDH
Syýasat habarlary

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

опубликованно 01.12.2018 // 4487 - просмотров
 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83 868,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 21 501,2 mln. manat möçberde tassyklamaly.

2-nji madda

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 76 604,8 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 14 237,6 mln. manat möçberde tassyklamaly.

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2019-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan peýdadan ýerasty baýlyklardan
baha üçin alynýan peýdalanmak
salgytdan salgytdan üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 4,0% 4,3% 4,0%
Ahal welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Balkan welaýaty 16,0% 14,8% 16,0%
Daşoguz welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Lebap welaýaty 95,0% 95,0% 95,0%
Mary welaýaty 58,0% 57,4% 58,0%

4-nji madda

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 513,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

Ahal welaýaty 187,2 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 104,1 mln. manat
Lebap welaýaty 222,5 mln. manat

5-nji madda

Ýerli býujetleri 8 777,4 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

Aşgabat şäheri 1 683,1 mln. manat
Ahal welaýaty 1 149,1 mln. manat
Balkan welaýaty 1 003,9 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 556,4 mln. manat
Lebap welaýaty 1 800,5 mln. manat
Mary welaýaty 1 584,4 mln. manat

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
GurbangulyBerdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.
№ 96-VI.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter