Sloweniýanyň Prezidenti türkmen liderini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Sloweniýanyň Prezidenti türkmen liderini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 02.12.2018 // 577 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlamaga hem-de Size we Siziň dostlukly halkyňyza iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Geçen ýyllarda Sloweniýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga we ikitaraplaýyn gyzyklanma esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýlandygyny çuňňur kanagatlanmak duýgusy bilen belleýärin.

Biziň hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine berk ynanýaryn. Halklarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda gepleşikleriň berkidilmegine bolan ynanyşmak, özara gyzyklanma ýörelgesi dabaralanýar. Biziň hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Mundan dört ýyl ozal Türkmenistana bolan saparymyň barşynda Siziň diýseň ýürekden garşylamagyňyza mynasyp bolandygymy häzire çenli ýatlaýaryn. Şeýle-de, men hem üç ýyl ozal biziň ýurdumyza resmi sapar bilen geleniňizde, Sizi kabul etmek hormatyna mynasyp boldum. Şonda Siz biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarymyzda iň ýokary derejede öçmejek yz galdyrdyňyz. Geljekde hem netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has okgunly dowam etdirmek mümkinçiliklerine şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Borut PAHOR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter