Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 02.12.2018 // 116 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. ABŞ-dan, BAE-den we beýlekilerden gelen täjirler karbamidi (“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni) , Türkiýeden gelen işewür toparlarynyň wekilleri — tehniki kükürdi (“Türkmengaz” Döwlet konserni) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, dürli gaplar, reňksiz aýnalar, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Gonkong, Türkiýe, Owganystan, Estoniýa, Özbegistan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million 587 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 18 million 56 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, pagta şrotyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda jemi bahasy 32 million 841 müň manatlykdan gowrak gurluşyk tehnikasyny we pagta-süýmüni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter