Dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen samboçylary ýedi medal gazandylar | TDH
Sport

Dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen samboçylary ýedi medal gazandylar

опубликованно 26.01.2015 // 897 - просмотров
 

Şu günler Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýän sport we söweş sambosy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň tapgyrynda türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Ýurdumyzyň türgenleri başa-baş söweş sungatynyň bu iki ugry boýunça jemi ýedi medala — iki altyn, bir kümüş we dört bürünç medala eýe boldular.

Dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlara onlarça ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Ýaragsyz özüňi goramak görnüşi boýunça türkmen zenan türgenleri bir altyn we iki bürünç medala mynasyp boldular.

Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, altyn medala eýe boldy. Şunda biziň türgenimiz finalda ýer eýeleriniň wekili bilen duşuşdy. Tomaşaçylaryň goldandyklaryna garamazdan Gazagystanyň toparynyň samboçysy G.Babamyradowanyň ýokary ussatlygyna garşy durup bilmedi. Netijede biziň türgenimiz altyn medala eýe boldy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenowyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän bu türgeni öň hem ençeme gezek dünýä derejesindäki ýaryşlarda ýeňiji bolupdy. Diňe geçen ýyl Taýlandda geçirilen Aziýa oýunlarynda ol kenarýaka sambo boýunça iň güýçli türgen boldy. Şeýle hem 2014-nji ýylda Gülbadam sportuň göreş görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlarynda — guşakly göreş boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala we Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziýa oýunlarynda dzýudo boýunça kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňişleri onuň geçen ýylda Türkmenistanyň iň güýçli türgenleriniň onlugynda birinji orna eýe bolmagyna getirdi.

Şu ýyl bolsa G.Babamyradowa dzýudo boýunça dünýä we Aziýa çempionatlarynda 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiada ýollanmany almak ugrundaky halkara saýlama ýaryşlaryna gatnaşar. Dünýäniň Kubogy ugrundaky sambo boýunça şu gezekki ýaryşlarda gazanan üstünligi bolsa onuň üçin esasy dünýä ýaryşlaryna gatnaşmagyň ýolunda oňat tejribe bolup hyzmat eder.

Ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy toparynyň hatarynda 60 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Zöhre Madraimowa we Ýokary sport ussatlygy mekdebinde tälim alýan Rano Uzakowa (68 kilograma çenli) bürünç medala eýe boldular, olar hem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin dzýudo boýunça halkara saýlama ýaryşlarynda güýç synanyşarlar.

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň erkekler düzümi hem sambo boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşda “ýaragsyz özüňi goramak” ugry boýunça bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medaly eýelediler. Başa-baş söweşiň bu görnüşi boýunça köp sanly halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Samwel Aýrapetýan (74 kilograma çenli) altyn medaly eýeledi. Aýgytlaýjy tutluşykda ol bolgar türgeni bilen duşuşyp, ilki 1:3 hasabynda utulýardy. Emma S.Aýrapetýan bäsdeşligiň barşynda bar güýjüni jemläp, ýeňiş gazanmagy başardy.

Onuň bilen bile okaýan Nowruz Ataýew 52 kilogram agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. 90 kilograma çenli agramda çykyş eden Jowlanbek Madaminow we Çarymyrat Annagurbanow bürünç medallary aldylar.

Bu türkmen türgenleriniň şu ýylda dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanan ilkinji uly üstünligidir. Ýakyn wagtda sportuň bu görnüşi boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarynyň tapgyrlary geçiriler — olaryň biri 11—13-nji fewralda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide bolar. Türgenlerimize şowly çykyş etmeklerini arzuw edýäris.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter