Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 30.11.2018 // 874 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň her birinde bir sany medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3000 orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3000 orunlyk sadaka jaýynyň taslamalaryny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryp we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamalary, eltiji awtomobil ýoluny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny öz serişdeleriniň hasabyna gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binalary 2021-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalara, edaralara we guramalara, şeýle hem hususy telekeçilere konsepsiýany durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter