Şort-tregiň ýaş ussatlarynyň ilkinji halkara üstünligi | TDH
Sport

Şort-tregiň ýaş ussatlarynyň ilkinji halkara üstünligi

опубликованно 09.02.2015 // 934 - просмотров
 

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde türgenleri hormatlamak dabarasy boldy. Olar Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen şort-trek boýunça (konkide typmak sportunyň bir görnüşi) ýaşlaryň halkara synag-ýaryşynda Türkmenistan üçin ilkinji medallaryň ähli görnüşlerini gazandylar.

Sportuň şu görnüşi boýunça gönüden-göni ýaryşlaryň geçirilmegine getiren gysga ýodada konkide çalt typmak boýunça sport okuwlary 2018-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde guraldy. “Dream program” maksatnamasy 13-den 17 ýaşa çenli bolan ýetginjekleri lyža sporty, snoubording we figuralaýyn typmak boýunça okuw derslerini özünde jemleýär. Bu okuwlar Hindistandan, Katardan, Indoneziýadan, Urugwaýdan, Ýemenden, Paragwaýdan, Ugandadan, Türkmenistandan we beýleki döwletlerden ýüzlerçe wekilleri ýygnady.

Biziň ýurdumyza türgenleriň üçüsi wekilçilik etdi. Esasy bellemeli zat bolsa, olaryň ählisi Watanymyza medal bilen dolanyp geldiler. Ýaryşlar 500 metr aralyga geçirildi. Türkmen toparynda altyn medaly bu aralygy 55,13 sekuntda geçen Pena Ataýew eýeledi.

Kümüş baýragy Sakina Gulamalyýewa gazandy, hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Kuwwatmyrat Agamyradow çykdy.

Şort-trek boýunça ýaş ussatlarymyzyň üçüsi hem ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň okuwçylarydyr. Olar bu ýerde Aýhanym Gulamalyýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler. Koreýa Respublikasynda türkmen toparyna ýolbaşçylyk eden Ýana Wahitowany hem belläp geçmek gerek. Onuň köpýyllyk tälimçilik tejribesi sportuň şu görnüşi boýunça ýaryşlarda ilkinji halkara üstünligini gazanmaga kömek etdi.

Phençhandaky türgenleşik okuwlarynyň özi barada aýdylanda, olar iň abraýly halypalaryň ýolbaşçylygynda geçirildi. Olaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň at gazanan tälimçisi, şort-trek boýunça öz ýurdunyň köp gezek çempiony, ýaş şägirtlerine köp sport syrlaryny açan Kim Sung Han bar.

Sportuň gyşky görnüşleriniň köp sanly sport söýüjiler bilen birlikde ýurdumyzda sportuň täze görnüşiniň dörändigine, esasan hem onda türkmen türgenleriniň gazanan ilkinji halkara baýraklaryna tüýs ýürekden begenmek isleýäris. Bu oňat başlangyçdyr...

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter