Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

опубликованно 28.11.2018 // 760 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihails Popkowsdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň bähbidine türkmen-latyş gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda Mihails Popkows döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugrudyr.

Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň, döwlet maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ylym-bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.

Diplomat ýurdumyzyň uly üstünliklerine tüýs ýürekden gyzyklanmasyny beýan edip, döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ynsanperwerlik ulgamynda, hususan-da, ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek ugry özara hereketleriň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.

***

Şu gün Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň geljegi Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter