Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 26.11.2018 // 845 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin, raýatlaryň ömür dowamlylygyna oňyn täsir edýän saglygy goraýyş syýasatyny dünýä döwletlerine giňden ýaýmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olaryň garşysyna göreşmäge gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji ýokary derejeli halkara maslahatyny 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahatyny geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmäge ygtyýar berildi.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu halkara maslahaty guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygyny hem-de uzak möhletleýin esasda bilelikde geçirýän çärelerini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 6 — 7-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly ministrler derejesinde halkara maslahaty hem-de 3 — 7-nji dekabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugur boýunça Utgaşdyryjy komitetiniň bäşinji mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter