Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

опубликованно 22.11.2018 // 1036 - просмотров
 

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry bol­dy.

Dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýyn­da ge­çen gep­le­şik­ler wag­tyn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de ar­ka­la­şyk­ly he­re­ket et­me­giň me­se­le­le­ri­niň tu­tuş top­lu­my bo­ýun­ça ne­ti­je­li pi­kir al­şyl­dy. Pre­zi­dent­ler me­se­le­le­riň giň top­lu­my bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­me­giň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky 2017-nji ýy­lyň 8-nji aw­gus­tyn­da­ky Jar­na­ma esas­la­nyp, iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ta­ry­hy taý­dan dä­be öw­rü­len dost­luk­ly we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hyz­mat et­jek, stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­le­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň esa­sy me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy­ny ýa-da ga­bat gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­gi mak­sat ed­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar.

Pre­zi­dent­ler ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň we gol çe­ki­len iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň iş ýü­zün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni ara alyp mas­la­hat­la­şyp, sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ugur­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ösüş dep­gi­ni­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Pre­zi­dent­ler Türk­me­nis­tan we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­la­ry ag­za­la­ry bo­lup dur­ýan hem­me­ta­rap­la­ýyn we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Pre­zi­dent­ler äh­lu­mu­my me­se­le­ler çö­zü­len­de, dur­nuk­ly ösüş üp­jün edi­len­de, dün­ýä­de howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň eda­ra­la­ry­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, şeý­le hem hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­ga howp sal­ýan ag­res­si­ýa he­re­ket­le­ri­ne gar­şy hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­ny art­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň dost­luk­ly döw­let­ler bol­mak bi­len, bi­ri-bi­ri­niň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny, çäk­le­ri­niň bi­te­wü­li­gi­ni hem-de hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edi­len ser­het­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­di­gi­ni aý­gyt­ly gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny ýe­ne-de tas­syk­la­dy­lar.

Pre­zi­dent­ler gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ýö­rel­ge­le­ri­ne we ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, döw­let­le­riň öz­baş­dak­ly­gy­ny, çäk­le­ri­niň bi­te­wü­li­gi­ni hem-de hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edi­len ser­het­le­ri­niň bo­zul­maz­ly­gy­ny hor­mat­la­mak we ber­jaý et­mek esa­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk­ly se­riş­de­ler ar­ka­ly çöz­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dur­nuk­ly we yna­nyş­mak hä­si­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň iki ýur­duň halk­la­ry­nyň örän mö­hüm hem-de uzak möh­let­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne, şeý­le hem se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de esa­sy şert bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ne ynan­ýan­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Pre­zi­dent­ler 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gol çek­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler hem-de bu esas go­ýu­jy res­mi­na­ma­nyň Ha­zar deň­zin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gur­lu­şy­nyň berk esa­sy­ny goý­ma­ga ni­ýet­le­nen­di­gi­ni, şeý­le hem se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Kon­wen­si­ýa­nyň düz­gün­le­ri­niň ne­ti­je­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň hal­ka­ra hu­ku­gyň ýö­rel­ge­le­rin­den we ka­da­la­ryn­dan ugur alyp, ta­rap­la­ryň ara­syn­da deň­ziň düý­bü­niň we ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry­nyň çäk­le­ri­ni bel­le­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň hem çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da Ha­zar deň­zi­niň düý­bü­ni çäk­len­dir­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki iş to­pa­ry­nyň işi­ni do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.

Hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­ga, ekst­re­miz­me, bi­ka­nun mig­ra­si­ýa, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň ýa-da psi­hot­rop mad­da­la­ry­nyň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na, trans­mil­li gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga we hal­ka­ra howp­suz­ly­gyň beý­le­ki we­him­le­ri­ne hem-de howp­la­ry­na gar­şy gö­reş­mek­de hyz­mat­daş­ly­gyň iki­ta­rap­la­ýyn de­re­je­de hem, hal­ka­ra dü­züm­le­ri­ň çäk­le­rin­de hem mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Pre­zi­dent­ler Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­giň stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent­ler ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­sy bo­lan önüm­le­ri ha­ryt do­la­ny­şy­gy­na çek­mek ar­ka­ly öza­ra söw­da­nyň möç­ber­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­ma­gyň we onuň sa­naw­la­ry­ny gi­ňelt­me­giň, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 2019 — 2021-nji ýyl­lar­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky Mak­sat­na­ma­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, oza­ly bi­len, söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­y ös­dür­mek bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy eda­ra hök­mün­de To­pa­ryň or­nu­ny mun­dan beý­läk-de güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar we onuň mej­li­si­ni ýa­kyn wagt­da ge­çir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry te­le­ke­çi­lik işi üçin amat­ly yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe we hu­kuk şert­le­ri­ni dö­ret­me­giň, ha­ryt­la­ry­ny hem-de hyz­mat­la­ry­ny dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň, iki ýur­duň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­jak işe­wür­ler mas­la­hat­la­ry­ny gu­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Pre­zi­dent­ler öza­ra ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­tap, gel­jek­de hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ugur­lar­da ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gol­da­ma­ga, go­ra­ma­ga we hö­wes­len­dir­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Pre­zi­dent­ler ulag we üs­ta­şyr ul­gam­la­ryn­da ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň ýurt­la­ryň hem-de se­bit­le­riň ara­syn­da hal­ka­ra söw­da­ny ös­dür­mek­de esa­sy äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry üs­ta­şyr ýük­le­ri, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port-im­port ýük­le­ri­ni da­şa­mak me­se­le­le­ri­ni gys­sag­ly çöz­mek üçin ulag, üs­ta­şyr we lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-azer­baý­jan to­pa­ry­ny dö­ret­me­gi gol­da­dy­lar.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry ulag ba­bat­da iki ýur­duň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mö­hüm tas­la­ma­la­ry, şol san­da Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe ulag ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­sy­ny, şeý­le hem Ha­za­rüs­ti hal­ka­ra ulag ug­ru­nyň çäk­le­rin­dä­ki tas­la­ma­la­ry gel­jek­de hem gol­da­ma­gy do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.

Iki ýur­duň çäk­le­ri­niň üs­tün­den geç­ýän hal­ka­ra ulag ýol­la­ry­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny we özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Pre­zi­dent­ler da­şa­ry söw­da ýük­le­ri üs­ta­şyr da­şa­lan­da nyrh­la­ry mun­dan beý­läk-de amat­ly ýag­da­ýa ge­tir­mä­ge hem-de ýe­ňil­lik­li şert­le­ri ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len öza­ra bäh­bit­li yzy­gi­der­li hyz­mat­daş­ly­gy do­wam et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny ýe­ne-de tas­syk­la­dy­lar.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry ýo­ka­ry müm­kin­çi­li­gi bo­lan Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny we Ba­ku­wyň Hal­ka­ra de­ňiz söw­da por­tu­ny do­ly güý­jün­de iş­let­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar, bu bol­sa iki ýur­duň üs­ta­şyr ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni ös­dür­mä­ge we Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň üs­tün­den da­şal­ýan ýük­le­riň möç­ber­le­ri­ni bir­nä­çe es­se art­dyr­ma­ga amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam be­rer.

Üs­ta­şyr we ulag hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da 2017-nji ýy­lyň 15-nji no­ýab­ryn­da­ky Yla­la­şy­gy (La­zu­rit ug­ry bo­ýun­ça Yla­la­şyk) iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi bel­le­nip ge­çil­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry Yla­la­şy­gy öz wag­tyn­da dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, 2019-njy ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň hem-de ulag dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy­ny ge­çir­me­gi yla­laş­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn üns be­rip, de­giş­li gu­ra­ma­la­ryň, me­de­ni­ýet we sun­gat, bar­lag mer­kez­le­ri­niň, okuw mek­dep­le­ri­niň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Ylym we teh­ni­ka, sport hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ryn­da bar bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek ha­kyn­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy.

Pre­zi­dent­ler sport ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­ga öz döw­let­le­ri­niň taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di­ler, şeý­le hem tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak, köp­çü­lik­le­ýin spor­ty we sport yl­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry 2017-nji ýy­lyň 12 — 22-nji ma­ýyn­da Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ys­lam Raý­daş­ly­gy­nyň IV Oýun­la­ry­nyň hem-de 2017-nji ýy­lyň 17 — 27-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­mak bi­len bel­le­di­ler, şeý­le hem şu­lar ýa­ly we beý­le­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­ny gu­ra­mak­da öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň we gi­ňelt­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry şu sa­pa­ryň do­wa­myn­da gol çe­ki­len iki­ta­rap­la­ýyn hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler, olar Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hyz­mat eder.

Pre­zi­dent­ler sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň we gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň dür­li ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne, Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň do­gan­lyk halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne, ola­ryň hal-ýag­da­ýy­ny ös­dür­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew azer­baý­jan we­ki­li­ýe­ti­ne myh­man­sö­ýer­lik gör­ke­zen­di­gi, mä­hir­li we dost­luk­ly ka­bul eden­di­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowa min­net­dar­lyk bil­dir­di hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni özi üçin amat­ly wagt­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy. Ça­ky­lyk min­net­dar­lyk bi­len ka­bul edil­di. Sa­pa­ryň möh­let­le­ri dip­lo­ma­tik ýol­lar bo­ýun­ça yla­la­şy­lar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter