Türkmenistanda köpçülikleýin sport we jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň biraýlygy geçirilýär | TDH
Sport

Türkmenistanda köpçülikleýin sport we jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň biraýlygy geçirilýär

опубликованно 31.03.2015 // 1151 - просмотров
 

1-nji aprelde — Türkmenistanda uly möçberli çäre —“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygy badalga alýar.

Aprel aýynda giňden bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre biziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda bu çärelere raýatlaryň köpçülikleýin gatnaşmagynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, çünki döwletiň ileri tutulýan durmuş wezipeleriniň biri halkyň saglygy baradaky alada bolup durýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýe we sporty ösdürmek boýunça ähli işler toplumlaýyn, ulgamlaýyn çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmalydyr. Şoňa görä-de, öňde boljak çäre mazmunly, göreldeli we baý häsiýetli, gyzykly we oňa gatnaşyjylar üçin peýdaly bolmalydyr. Guralýan sport çäresi ýurtda sport-sagaldyş hereketine täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Ähli şäherlerde we obalarda, etraplarda, welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylýan sport çäresi şu gün köpçülikleýin ylgamakdan badalga alýar. Paýtagtymyzda saglyk baýramçylygy häzirki bahar paslynda dag etekleriniň aýratyn gözel ýerlerinde Köpetdag şaýolunyň ugrundaky böleginden başlanar. Uzak aralyga köpçülikleýin ylgamaga ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşarlar. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary baharyň ir ertirinde hereketiň we şähdaçyklygyň şatlygyny duýmak üçin hemmeleri ylgamaga çykarýar.

Keselleriň öňüni almakda sportuň mümkinçiliklerini, onuň adam synasyna oňyn täsirini peýdalanmak “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygyna hem-de awtory milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bolan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň mowzugy bolup durýar. Ol şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde lukmançylygyň we sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.

Şu gün agşamara biraýlygyň açylmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda, şeýle hem welaýat merkezlerindäki sport toplumlarynda, stadionlarda we sport mekdeplerinde bolup geçer. Bu çäreleri guramaga Sport baradaky döwlet komiteti, Medeniýet, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, jemgyýetçilik guramalary, şäherleriň we sebitleriň dolandyryş merkezleri gatnaşýarlar. Köpsanly tomaşaçylary özüne çekjek görkezme çykyşlary, ajaýyp sport çäreleri biraýlygyň ilkinji gününde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralarynyň oňat ýatda galmagyna täsir eder.

2 — 4-nji aprelde biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sport ulgamynyň hünärmenlerini, mediýa bilermenlerini, pudak edaralarynyň, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini Aziada — 2017-ä hem-de Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sporty ösdürmekdäki ornuna bagyşlanyp, bäş ýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriljek halkara maslahaty özünde jemlär. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi forumyň guramaçylary bolup çykyş ederler.

Maslahata V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň görnüşleri boýunça Aziýa federasiýalarynyň, milli sport merkezleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Sport mediýa-forumynyň ikinji tapgyrynyň bilermenleri, gatnaşyjylary, daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Onuň dabaraly açylmagy Milli sport we syýahatçylyk institutynda 2-nji aprelde bellenendir. Şol institutda bolşy ýaly, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde hem bu forumyň bölümlerdäki işleri geçiriler. Maslahatyň çäklerinde 3-nji aprelde Sport mediýa-forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzda bina edilýän Olimpiýa şäherçesine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Aziada — 2017-niň ýaryşlary geçiriler.

Biraýlygyň çäklerinde geçiriljek dürli çäreler, şol sanda halkara derejesindäki çäreler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň üstünlige beslenýändigini gözleri bilen görüp şaýat bolmaga köpsanly daşary ýurtly myhmanlara mümkinçilik berer. Şol syýasata laýyklykda, sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we saglyk öýleri yzygiderli gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar. Olaryň ählisi halkara ülňülerine laýyk gelip, türkmen topragynyň şäherleriniň we obalarynyň görküni has-da artdyrýar. Biziň mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherimizde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk iň iri taslamalaryň biri bolan Olimpiýa şäherçesiniň birinji nobatdakysynyň gurluşygy eýýäm tamamlandy we onuň desgalarynyň ikinji we üçünji nobatdakysy gurlup başlandy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda şahsyýetiň saglygyna we ruhy dünýäsine zeper ýetirýän ýaramaz endikleriň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylýar, sagdyn durmuş ýörelgelerini we işjeň dynç alşy wagyz etmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyryldy. 2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna goşuldy. Bu abraýly halkara guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin edarasy bilen bilelikde “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012 — 2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasy” işlenip düzüldi. Ol häzir ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2013-nji ýylyň dekabrynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň Üçünji müňýyllygyň uly maksatlaryna — Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagynyň üpjün edilmeginiň bähbidine saýlap alan ýoly boýunça öňe ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça çäreleriň netijeliligi görnükli üstünlikleriň gazanylmagynyň hem şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanlylaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy 72 ýaşdan geçdi.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda häzirki biraýlygyň maksatnamasyna laýyklykda, 2 — 3-nji aprelde “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumy aşgabatlylary çagyrýar. Bu ýerde sportuň başa-baş we söweş görnüşleri boýunça ussatlaryň görkezme çykyşlary bolup geçer.

2-nji aprelde Türkmenabat şäherinde kuraş göreşi boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty badalga alýar. Köpsanly janköýerler kökleri köpasyrlyk taryha siňip gidýän bu milli göreşiň ussatlarynyň netijeli tilsimlerini synlap, nobatdaky gezek lezzet alyp bilerler.

Sportuň akyl-paýhas görnüşlerine sarpa goýýanlary 1 — 5-nji aprelde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy bir ýere ýygnar.

Şol günler Maryda woleýbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugurda ýetginjekleriň arasynda ýaryşlar geçiriler.

3-nji aprelde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” diýen şygar astynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçiriler. Bu ýaryşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sport desgalarynda guralar.

Şu hepdäniň aýratyn üns çekiji wakalarynyň biri figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary bolar diýlip garaşylýar. Ol şenbe güni sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumynyň buzly meýdançasynda geçiriler. Okgunlylygyň we ymtylyşyň nyşanyna öwrülen sportuň bu owadan we özüne çekiji görnüşi birnäçe ýyl mundan ozal paýtagtymyzda Buzly köşgüň açylmagy netijesinde ýurdumyzda ösüp başlady. Ýaş hokkeýçiler we figuraçylar ýyl geçdigiçe barha köpelýär, şunda degişli düzümleriň ösdürilmegi bilen sportuň gyşky görnüşleri türkmenistanlylaryň müňlerçesini özüne çekýär.

4 — 5-nji aprelde sport çärelerini Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň ýetginjekleriniň arasynda sambo boýunça açyk birinjilik ugrundaky ýaryş dowam eder. Başa-baş söweşiň geljekki ussatlary öz aralarynda tutluşarlar. Olar halkara ýaryşlarynda biziň ýurdumyza wekilçilik eder.

Mundan başga-da, 5-nji aprelde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary Saglyk ýoluna çykarlar we Köpetdagyň eteginiň ajaýyp bahar tebigatynda ýaýbaňlandyryljak sport çäresine gatnaşarlar.

Ýolöten etrabynda welosport boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçiriler. Ýaş wolesipedçileriň ýaryş meýdançasy etrabyň ýollary bolar. Ol ýol ajaýyp türkmen tebigatynyň gülläp başlan baglarynyň we meýdanlarynyň ugrundan geçer.

6-njy aprelde Aşgabatda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde BMG-niň edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny we derman senagatyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçiriler. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti maslahatyň guramaçylary bolup çykyş ederler. Onda keselleriň öňüni almagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, ilatyň saglygyny üpjün etmekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň we sportuň ornuna garalar.

7-nji aprelde, tutuş ýurdumyzyň bütindünýä Saglyk gününi bellejek gününde ýene-de bir uly sport çäresi — welosport boýunça köpçülikleýin ýöriş guralar. Welosport Türkmenistanda barha köp meşhurlyga eýe bolýar we şeýle çäreler sagaldyş hereketine uly goşanda, ekologiýa babatda täze düşünjä eýermäge, jemgyýetiň daşky gurşawyň ýagdaýyna jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga çagyryşa öwrülýär.

Şol günüň baý maksatnamasyny Aşgabatda Olimpiýa suw sport toplumyndaky sportuň suw görnüşleri boýunça açyk ýaryşlar dowam eder. Ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň sanynyň artmagy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglaryna çenli ähli ýerde köpçülikleýin häsiýetde howdanlaryň enjamlaşdyrylmagy sportuň suw görnüşleriniň binýadynyň giňelmegine hem-de sportuň şu görnüşine eýerýänleriň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Suwda ýüzmek bedeni sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýän sportuň peýdaly görnüşleriniň biridir, onuň dünýäde meşhurlygy degişli ýaryşlaryň sanyny artdyrýar. Şoňa görä-de, bu ulgamyň ösdürilmegi sport äleminde öz üstünliklerini görkezmäge ymtylýan ýurt üçin hakyky zerurlyk bolup durýar. Biziň ýurdumyzda sportuň suw görnüşleriniň meşhurlygynyň artýandygyny ýurdumyzyň gündogar sebitinde 7 — 9-njy aprelde geçiriljek suwda ýüzmek boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi hem görkezer.

Islendik ýaşdakylar üçin sport wakalarynyň şunuň ýaly köpdürli görnüşleri biraýlygyň ilkinji ýedi gününde bolup geçer. Aýyň aýagyna çenli bolsa dürli çäreleriň ýene-de onlarçasy — sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar, maslahatlar, giň köpçülik üçin niýetlenen medeni-dynç alyş çäreleri, çagalar üçin oýun maksatnamalary meýilleşdirilendir. Olaryň ählisi oňa gatnaşyjylaryň mundan beýläk sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna sebäp bolmagyna gönükdirilendir. Özi-de, Türkmenistan üçin sportuň däp bolan görnüşleri boýunça däl, awtomobil we welosiped sporty, gylyçlaşmak, suwda ýüzmek we figuralaýyn typmak, baýdarkada we kanoýada küreklemek ýaly görnüşleri boýunça hem meşgullanmaklaryna degişli bolar. Mundan başga-da, köpçülikleýin sport çäreleri sagaldyş we terbiýeçilik ugur bilen birlikde özünde ruhuňy göteriji oňyn häsiýeti jemläp, dynç alşy hem-de wagyz ediş işini hem birleşdirýär.

Ýurdumyzda däp boýunça aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramy hem şu biraýlygyň dabaralarynyň umumy keşbine ajaýyp öwüşgin çaýar. Bedew baýramçylygyna bagyşlanyp. Her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, medeniýet işgärleriniň arasynda behişdi bedewleriň keşbini hem-de gaýtalanmajak tebigy gözelligini iň oňat beýan etmekde mowzuklaýyn döredijilik bäsleşigi, halkara sergileri we forumlary we elbetde, uly baýramçylyk atçapyşyklary guralar. Olar at sportunyň müňlerçe janköýerlerini hemişe bolşy ýaly özüne çeker.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” çäresiniň ýapylyş dabarasy hem-de “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak “Aşgabat” medeni merkezinde 30-njy aprelde geçiriler.

Şeýlelikde, biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen uly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda häzirki zaman Türkmenistanyň özüni dünýäde diňe bir ykdysadyýeti depginli ösýän kuwwatly döwlet hökmünde däl-de, eýsem, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar etdirýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter