Kitaphanalaryň sanlaşdyrylmagy — bilimler jemgyýetiniň ösüşiniň kepili | TDH
Jemgyýet

Kitaphanalaryň sanlaşdyrylmagy — bilimler jemgyýetiniň ösüşiniň kepili

опубликованно 09.11.2018 // 880 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň 9-njy noýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kitaphana işini ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi we bu ulgamda sanlaşdyrmak işi bilen ýakynda geçiren tanyşlygyny umumylaşdyryp, ýurdumyzyň ähli kitap gaznalarynyň birikdirilmegi bilen bir bitewi elektron ulgamy döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

“Kitaphana — ýurdumyzyň medeni-bilim babatda ýeten derejesiniň, ilatyň paýhas ösüşiniň görkezijisi” diýip, milli Liderimiz belledi we halkymyzyň ähli döwürde kitaba aýratyn ähmiýet berendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäginde göçme kitaphanalar bilen bilelikde, Nusaýyň, Köneürgenjiň, Amulyň, Dehistanyň we Gadymy Merwiň iri kitaphanalary hereket edipdir. Altyndan we kümüşden gymmatly saýylan kitaplardan ýüklenen kerwenler özleri bilen täze ylymlary we oňyn ýörelgeleri dünýä ýaýradypdyr.

Gündogaryň belli alymlarynyň jemlenen ýeri bolan Merwde kitap medeniýetiniň ýokary derejesi kemala gelipdir. Irki döwürlerde Merwi “täjirleriň hem-de alymlaryň şäheri” diýip hem atlandyrypdyrlar. Munuň özi şäherde iri ruhy gymmatlyklar gaznasynyň döremegini şertlendiripdir. Häzirki zaman ylmy barlagçylary Merwiň iri kitap ýygyndylarynyň 13-siniň adyny anykladylar. Dünýäniň hiç bir şäherinde şunuň ýaly alymlaryň we bu ugra degişli meşhur adamlaryň toplanan ýeri ýokdur diýip, arap geografiýaçysy Ýakut belläpdir. Şeýle hem Merw ýaýlasyndaky Sarahs we Mäne şäherleriniň kitaphanalary hakyndaky maglumatlar saklanypdyr.

Bu taryhy maglumatlar türkmen halkynyň kitaby we golýazmalary ynsan ruhunyň hazynasy, paýhas çeşmesi, umumadamzat hakydasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde aýawly saklamak däbiniň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýandygyny äşgär edýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar. 2007-nji ýylda Aşgabatda Döwlet medeniýet merkeziniň binalar toplumy, şol sanda Döwlet kitaphanasynyň täze kaşaň binasy açyldy. Soňra ýurdumyzyň Mary, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynda täze kitaphana köşkleri guruldy. Munuň özi kitaphana işiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, oňa dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan anyk çärelerdir.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän kitap sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşmagy işjeňleşdirildi. Munuň özi milletiň ruhy mirasyna ünsi güýçlendirdi hem-de türkmen edebiýatynyň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň neşirýatçylarynyň, terjimeçileriniň tagallasy bilen giňden wagyz edilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň we daşary ýurtly neşirçileriň hem-de terjimeçileriň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Döwrüň geçmegi we täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşdi. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterli boldy. Indi kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi arkaly belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi. Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly usullaryň Türkmenistanda giňden ornaşdyrylmalydygyny aýratyn belleýär. Kitaphana kitaplaryň saklanýan ýeri we medeniýet ojagy bolmak bilen, häzirki zaman okyjylarynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidir hem-de olar bilen işjeň gatnaşygy ýola goýmalydyr. Munuň özi gatnaşyklary we aň-paýhasy ösdürmekde has-da ähmiýetlidir.

Aşgabatdaky Döwlet kitaphanasynda 70 müň müşderi hasaba alyndy. Oňa her günde okyjylaryň 400-e golaýy barýar. Şolaryň köpüsi bolsa talyp ýaşlardyr. Kitaphananyň hyzmatyndan yzygiderli peýdalanýanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ylmy-barlag we bilim jemgyýetiniň wekilleri, tejribe geçýän hünärmenler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň oňyn tejribesine esaslanýan bir bitewi elektron ulgam döredildi. Ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda usulyýet sapaklary, maslahatlar, döwrebap sanly tehnologiýany ulanmak arkaly, işiň netijeliligini artdyrmaga ýardam berýän bäsleşikler guralýar.

Häzirki zaman maglumat jemgyýeti milletiň medeni-ruhy gymmatlyklaryny saklamakda durmuşyň ähli ulgamlarynda talap edilýän bilimiň kemala gelmegini we toplanmagyny şertlendirýän ykdysadyýeti, ylmy, tehnikany we bilimi ösdürýän ulgamda möhüm orun eýeleýän kitaphanalaryň işini guramaga bolan täzeçil çemeleşmeleri talap edýär.

Türkmenistanda taryhy baý dessurlar aýawly saklanylýar, şol bir wagtyň özünde medeni ulgam sazlaşykly ösdürilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň berkidilmegine, ruhy-paýhas mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, halkyň medeni-ahlak gymmatlyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan täzeçil özgertmelere kitaphanalaryň has işjeň gatnaşmagyny talap edýär.

Kitaphanalar maglumat-tehnologiýa mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirip, sanly resminamalaryň we maglumatlaryň köp toplanan ýerine öwrülýär. Bu ulgamyň häzirki zaman ösüş strategiýasy internetiň, web-saýtlaryň mümkinçilikleriniň elektron kitaplary peýdalanyjylara elýeterli bolmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Bu çäreleriň hemmesi kitap gaznalarynyň sanly görnüşdäki elýeterliligi ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanmagynyň ýokary derejesini üpjün etmäge milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugra tehnologiýa täzelikleriniň ornaşdyrylmagy kitaphanalaryň ýaşlaryň arasynda has-da ähmiýetli bolmagynyň binýatlaýyn şertini emele getirýär. Kitaphanalar multimediýa giňişligine öwrülip, şol ýerde diňe bir okamak we gerek bolan maglumatyňy almak üçin däl, eýsem, gyzykly çykyşlary diňlemek, tejribe alyşmak, ussatlyk sapaklaryna we döredijilik duşuşyklaryna gatnaşmak üçin möhüm şertler döredilmelidir.

Kitaphanalar öz jemgyýetçilik ähmiýetini beýleki medeni we maglumat edaralary bilen bilelikde berkitmelidirler hem-de okyjylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmelidirler. Şol bir wagtyň özünde kitap okamak elýeterli we köptaraply häsiýete eýe bolmalydyr. Şunlukda, täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary işjeň ulanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Milli Liderimiziň hepdede bir güni “Kitaphana güni” diýip yglan etmek baradaky teklibi hut şu ugra gönükdirilendir. Munuň özi okyjylar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, kitaphanalaryň medeni-bilim babatdaky ähmiýeti ozalkylygyna galýar. Ýöne ony durmuşa geçirmek täze ýollaryň gözlenilmegini talap edýär. Çünki tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ösmegi we jemgyýetiň kämilleşmeginde kitaphanalaryň däp bolan wezipeleri işleriň sowatly alnyp barylmagyny talap edýär. Şunlukda, bilim kemelmän, eýsem, onuň ugurlarynyň sany has-da artmalydyr. Häzirki döwürde kitaphana diňe bir kitap gaznasy bolman, eýsem, işjeň durmuş-medeni gatnaşyklaryň instituty hem bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Olar ýurdumyzyň ösüş ugurlaryny höweslendirmelidir. Şahsyýetiň we jemgyýetiň döredijilik işjeňligini artdyrmalydyr, raýatlyk — watansöýüjilik aňyny döretmelidir we täze gözýetimleri açmalydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter