Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 09.11.2018 // 752 - просмотров
 

Ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň bu goňşy ýurda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy üçin berýän goldawyny mundan beýläk-de dowam etmek hem-de doganlyk owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazari-Şarif şäheri) konsullygyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidi gurmak barada Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P. CO” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we metjidi 2020-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter