Türkmenistanyň Prezidenti ekerançylaryň zähmet üstünligi hakynda hasabatlary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ekerançylaryň zähmet üstünligi hakynda hasabatlary kabul etdi

опубликованно 09.11.2018 // 741 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi hem-de Balkan welaýatynyň häkiminden miwe-gök önümlerini öndürmegiň bellenilen mukdarynyň tabşyrylandygy baradaky hasabatlary kabul etdi.

Welaýatlaryň ýolbaşçylary türkmen ekerançylarynyň täze zähmet ýeňşi bilen oba zähmetkeşleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, şolaryň baş maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň ygtybarly binýadyny goýmakdan ybaratdyr.

Oba hojalyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ekerançylaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň gurallarynyň kämilleşdirilmegine, obada häzirki zaman ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegine, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Pudagy gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar.

Her bir welaýatda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalar, iri un zawodlary, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermek boýunça alyp barýan syýasaty netijesinde bu pudakda öndürilýän önümleriň mukdary yzygiderli artdyrylýar, şol önümlere içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Döwlet maksatnamalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli sebitleriň keşbi düýpgöter özgerdi. Welaýatlarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, göwnejaý enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we medeniýet merkezleri, sport desgalary, häzirki zaman düzümleri bolan döwrebap obalar gurulýar, bularyň ählisi ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlar we çözgütler türkmen halkyny täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, daýhan birleşikleriniň sürüm ýerlerinden bugdaý, gowaça hem-de döwlet sargydyna degişli beýleki ekinleriň hasylyny, gök we bakja önümlerini, ýeralmany, üzümi we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şol gaznalardan oba hojalyk önümlerini öndürijilere 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri bölünip berilýär. Tutuşlygyna bularyň ählisi hususy ýer eýeleriniň, gurply daýhan hojalyklarynyň we birleşikleriniň, netijeli işleýän paýdarlar jemgyýetleriniň kemala gelmegine ýardam eder.

Zähmetsöýer ekerançylar özleri hakda edilýän alada jogap bermek bilen, Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyrdylar. Olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, galan hasyly isripsiz ýygnamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Soňra welaýatlaryň elleri pagtadan püre-pür doldurylan horjunly körpeleri milli Liderimizi pagtaçylaryň gazanan uly üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Olar bu şanly waka bagyşlanan hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän joşgunly goşgulary okaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we arzuwlar üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, olara sowgatlary gowşurdy. Körpeleriň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi, ol pagtaçy kärendeçileriň Watan harmanyna “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnadan gowrak möçberini tabşyryp, döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Wise-premýer edermen oba zähmetkeşleriniň gazanan ýeňşi bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady we milli Liderimiziň tagallasy netijesinde obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändigini aýratyn belledi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri döwlet Baştutanymyzy pagtaçylaryň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri bilen gutladylar.

Türkmen ekerançylarynyň hem-de welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň adyndan oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi, zähmetkeşler hakynda hemmetaraplaýyn aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň bähbidine çekýän ýadawsyz zähmetinde tükeniksiz gujur-gaýrat we täze üstünlikler arzuw edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň Hasyl toýuny uly zähmet ýeňşi bilen garşylaýandyklaryny belledi. Olar Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Şu mynasybetli döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine tutanýerli zähmeti we ýeten sepgitleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygy hem ýokary depginde ösdürilýär. Bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeler oňyn netijelerini berýär diýip, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ekerançylaryň ýokary öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleri döredýändigini, zerur tehnika, dökünler, suw hem-de beýleki serişdeler bilen doly üpjün edýändigini belledi.

“Bularyň ählisi oba zähmetkeşleriniň topraga bolan söýgüsini, bol hasyl almaga höwesini artdyrýar. Ene toprakdan alnan bol hasyl ata Watanymyzyň baýlygydyr, halkymyzyň rysgal-berekedidir” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtaçylary, ähli oba hojalyk işgärlerini ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagt we bolçulyk, ata Watanymyzyň bähbidine uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter