Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty başlandy | TDH
Sport

Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty başlandy

опубликованно 03.04.2015 // 856 - просмотров
 

Aşgabat, 2-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.

Adyndan belli bolşy ýaly, maslahatyň wezipesi ýurduň içeri we daşary syýasaty babatda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ähmiýetine garamakdan ybaratdyr. Munuň özi olaryň ýurdumyzyň diňe bir sport ulgamyna däl, eýsem, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna hem täsir edişiniň hem-de miras galmagynyň peýdasynyň has doly derejede bolmagyny gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan başlap, sebit we dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynyň durmuşa geçirilişine çenli ugurlara degişlidir. Çäreleri guraýjylar bolan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle maksady öz öňlerinde goýdular.

Aziadanyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda ýerleşen Milli sport we syýahatçylyk instituty maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Sport we syýahatçylyk pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi dünýä derejesinde ýörite bilim bermegi guramak üçin hemme şertleri bolan ajaýyp topluma üç ýyl mundan ozal göçüp geldi. Şu ýerden uzak bolmadyk ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep hem ýerleşýär. Onuň esasy wezipesi ýaş zehinleri ösdürmekden we geljekki çempionlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Şeýlelik bilen, şu üç desga “mekdep-institut-stadion” diýen ýokary derejeli türgenleri taýýarlaýyş ulgamynyň özboluşly özenini emele getirdi. Olaryň toplumlaýynlygyna hem daşary ýurtly myhmanlar baha berdiler.

Şol myhmanlar bolsa diňe bir Aziýadan däl, Ýewropadan hem bolan köp ýurtlaryň wekilleridir. Ol ýurtlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Filippinler, Katar, Eýran, Yrak, Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Beýik Britaniýa, Awstriýa, Fransiýa we beýlekiler bar. Şu günki umumy mejlise ertir geçiriljek sport media-forumyna gatnaşjaklar hem çagyryldy. Institutyň maslahatlar zalyna ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýurdumyzyň dürli pudak edaralarynyň, sport guramalarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şu gün myhmanlary kabul edýän ýokary mekdebiň mugallymlary we talyplary bar. Bu ýerdäki foýede Aziada bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyrylypdyr. Onuň esasy eksponatlarynyň arasynda Olimpiýa şäherçesiniň uly makedi bar.

Maslahatyň dabaraly açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiz Gutlagynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, sport ulgamynda gazanýan üstünliklerimizi dünýä ýaýmakda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn diýip nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aziadanyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, türkmen hünärmenleri Ýer ýüzünde iri sport çärelerini geçirmekde baý tejribesi bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalary, ýörite ugurly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistany Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar, dürli döwletleriň milli Olimpiýa komitetleri, sport federasiýalary bilen hünär boýunça gatnaşyklary ýola goýuldy. Häzirki maslahat hem bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça bilelikde kabul edilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň işi V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýewiň giriş sözi bilen başlandy. Ol bu ýere ýygnananlary gün tertibinde bellenen ugurlar boýunça Türkmenistanda geçirilýän işler bilen gysgaça tanyşdyrdy. Şu babatda ýurdumyzda badalga alan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň ähmiýeti hem bellenip geçildi. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça her ýylda guralýan uly möçberli bu çäre ýurdumyzyň sport tejribesini, şol sanda köpçülikleýin ýaryşlary geçirmek babatda tejribäni artdyrmaga we baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýanyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň Aziada-2017-ä gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Ýagny, türkmen paýtagtynda Aziýa oýunlary ilkinji gezek 60-dan gowrak ýurdy öz içine alýan geografik taýdan has giň görnüşde geçiriler. Bu öz gezeginde Oýunlary guraýjýlaryň üstüne uly jogapkärçilik ýükleýär, olardan şeýle uly möçberli sport baýramçylygyny üstünlikli geçirmek üçin sazlaşykly we utgaşykly özara hereket etmegi talap edýär.

**

Soňra Aziýa Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Weý Jizhonga söz berildi. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň adyndan sport ulgamynda türkmen döwletiniň syýasatyny goldaýandygyny we oňlaýandygyny beýan edip hem-de biziň ýurdumyz tarapyndan Oýunlara taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilýändigini bellemek bilen, myhman ynsanlary we halklary birleşdirýän sportuň möhüm wezipesiniň, Olimpiýa hereketiniň çuňňur mazmunynyň hem-de onuň parahatçylyk, deňlik, erkinlik diýen ruhy gymmatlyklarynyň üstünde durup geçdi. Jenap Jizhongyň Olimpiýa hereketiniň gymmatlyklarynyň şahsyýetiň we jemgyýetiň mümkinçilikleriniň açylmagyna ýardam edýändigi baradaky täsirli gürrüňi diňleýjilerde uly tolgunma döretdi.

Soňra myhman Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň orny we onuň alyp barýan işi, 1951-nji ýyldan bäri geçirilýän hem-de sport ähmiýetli çäklerden geçip, uly jemgyýetçilik-syýasy täsirlere eýe bolan Aziýa oýunlarynyň taryhy barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda ol görnüşleriniň bäşisini özünde jemleýär--olar toplumlaýyn Aziýa oýunlary (her dört ýyldan), gyşky, tomusky, kenarýaka (jübüt ýyllar boýunça), Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlar (täk ýyllar boýunça) bolup durýar.

Türkmenistan şeýle ähmiýetli çäreleri guramaga we mynasyp geçirmäge ukyply bolan yklymdaky kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýar. Bu uly waka biziň ýurdumyzyň üstünlikleriniň köptaraplaýyndygynyň, onuň dünýä derejeli ösüşleriň belentliklerine tarap yzygiderli hereketleriniň köpugurlydygynyň we toplumlaýyndygynyň aýdyň tassyklanmasyna öwrüler. “Bütin Aziýa Aşgabatda wekilçilik eder hem-de özleri üçin häzirkizaman Türkmenistany açar” diýip, jenap Jizhong aýtdy. Mundan başga-da Oýunlar türkmen paýtagtynyň düzüminiň gowulanmagyna, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaga çekilmegine, ençeme dolandyryş düzümleriniň işleriniň işjeňleşmegine ýardam eder. Aşgabatdaky Aziadanyň birnäçe görkezijiler boýunça rekorda öwrüljekdigine garaşylýandygy sebäpli, onuň goýjak yzy bütin sebit üçin hem wajypdyr. Bu sebitde gapma-garşylyga parasatly we sagdyn bäsdeş hökmünde Olimpiýa hereketi okgunly depginler bilen ösýär—çünki sport bu ruhuň güýjüdir. Şoňa görä-de köpçülikleýin hem-de ýokary gazanylanlaryň sporty el-ele berip gitmelidir, çünki bir derejede güýjüň artmagy gürrüňsiz suratda beýlekä täsir edýär.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti şeýle hem V Aziada taýýarlygyň we onuň oýunlaryny beýan etmegiň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara hereket etmek meselesini gozgady hem-de häzirki wagtda däp bolan habar beriş serişdeleriniň çeşmelerinden başga-da habarlary ýaýratmagyň internet ulgamynyň has uly täsir edýändigine ünsi çekdi, şu şertlerde hem olaryň mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak we işlemegiň täze görnüşlerini özleşdirmek zerurdyr. Şunda teleradio ýaýlymlarda, sport wakalaryny göni alyp görkezmeklige esasy orun degişli bolmagynda galýar, çünki olaryň her bir pursaty täsindir we gaýtalanmajakdyr.

Soňra maslahatda Aziýanyň sport tansynyň Aziýa federasiýasynyň prezidenti Keýji Ukai, Aziýa-Ýuwaş umman alyp görkeziş birleşiginiň baş sekretary Jawad Mottarghi, Aziýanyň sambo federasiýasynyň prezidenti Alamjon Mullyýew, Inçhondaky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baş sekretary Jeongsang Park, Kataryň ösüşine barlag geçiriş guramasynyň ýerine ýetiriji direktory, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wekili Abdulla Al Mulla çykyş etdiler.

Türkmenistanyň milli Olimpiýa komitetiniň esasy sekretary A.Myradowyň jemleýji çykyşy Aziada guramaçylykly taýýarlyk görmek baradaky media-tanyşdyryş hasabaty hem-de wideoşekilleriň görkezilmegi bilen alnyp baryldy. Şonda Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi, onuň binalary we düzümleýin desgalary hem-de taýýar edilen we tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler görkezildi.

Umuman gurluşygy üç nobatda amala aşyrylýan Olimpiýa şäherjiginiň düzümine dürli ähmiýetli desgalaryň 30-dan gowragy girer. Oňaýly hereket etmek üçin şäherçäniň uly çäkleri boýunça monorels ýoly hereket eder.

Günüň ikinji ýarymynda maslahata gatnaşyjylar Olimpiýa şäherjigine baryp gördüler. Olar ol ýerde ägirt uly toplumyň gurluşyklarynyň depginlerine hem-de hiline gözleri bilen görüp göz ýetirip bildiler, onuň desgalaryna baryp gördüler we ýöriteleşdirilen sport zallarynyň hem-de köpugurly meýdançalaryň, şol sanda 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek meýdançasynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

Şol gün türkmen tarapynyň wekilleriniň Halkara sport guramasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Ertir, 3-nji aprelde maslahat öz işini bölümçelerde dowam eder. Olaryň biri “Aziada-2017—Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň orny” diýlip atlandyrylýar. Oňa sportuň ýapyk görnüşlerindäki federasiýalarynyň wekilleri gatnaşar. Mejlis Milli sport we syýahatçylyk institutynyň binasynda geçiriler.

“Olimpiýa we Aziýa oýunlaryny geçirmekde halkara tejribe” diýen beýleki bölümçe Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň maslahatlar zalynda söweş sungatlarynyň federasiýasylarynyň wekillerini jemlär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter