Türkmenistanda köpçülikleýin sportuň biraýlygy tamamlandy | TDH
Sport

Türkmenistanda köpçülikleýin sportuň biraýlygy tamamlandy

опубликованно 30.04.2015 // 771 - просмотров
 

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyzda 1—30-njy aprel aralygynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň şäherlerini we obalaryny, zähmet toparlaryny, okuw mekdeplerini gurşap alan dürli ýaryşlar we sport çäreleri sportda gazanylan ýokary üstünlikleriň esasyny döredýän giň bedenterbiýe hereketiniň işjeňleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirildi.

Uly möçberli sport çäresiniň örän giň maksatnamasyna onlarça ýaryşlar, köpçülikleýin çäreler, mowzuklaýyn maslahatlar girizildi. Olar paýtagtymyzda we sebitlerde geçirildi. Biraýlygyň çäklerinde geçirilen ýaryşlar oňa gatnaşyjylaryň diňe bir saglyklaryny berkitmäge hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, geljegi uly türgenleriň ençemesini ýüze çykardy. Şol türgenler halkara sport ýaryşlarynda biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik ederler.

Stadionda dabaranyň myhmanlaryny Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary, ýurdumyzyň meşhur türgenleri mübäreklediler.

Sport biraýlygynyň ýapylyş dabarasynyň barşynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly VI Umumymilli spartakiadanyň ýeňijileri we baýrak eýeleri sylaglanyldy. Olar oňat beden taýýarlygyny we ussatlygyny görkezip, umumymilli derejede tapawutlanan türgenler boldular. Spartakiadanyň maksatnamasyna sportuň ondan gowrak görnüşi girýär. Şolarda tutuş Türkmenistan boýunça adamlaryň müňlerçesi, şol sanda ýurdumyzyň ähli sebitlerinden zähmet toparlarynyň agzalary, talyplar, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Ýeňijileri şu gün gymmat bahaly baýraklar we sowgatlar bilen sylagladylar.

Umumymilli spartakiadanyň netijeleri boýunça Aşgabadyň ýygyndy topary iň güýçlisi boldy. Pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň toparlarynyň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgärleri, hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda bolsa ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary sport we beden taýdan has taýýarlykly diýlip ykrar edildi. Ýörite orta okuw mekdepleriniň arasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen mekdebiniň ýygyndysy iň oňat diýlip yglan edildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda bolsa Aşgabadyň ýygyndy topary öňdebaryjy boldy.

Dabaralar mynasybetli stadiona aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Olar türgenleriň, meşhur estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp şüweleňiň şaýady boldular. Bu ýerdäki çykyşlar aýdym-sazyň we sportuň hakyky baýramçylygyna, olaryň ajaýyp birleşmesiniň özboluşly beýanyna öwrüldi: artistleriň çykyşlarynyň ýany bilen gimnastikanyň, akrobatikanyň, aerobikanyň we beýlekileriň görkezilmegi bilen alnyp barlan özboluşly ajaýyp tanslar, depginli hereketler hemmeleri özüne çekdi. Joşgunly, täsirli aýdymlar ýaşlygyň, bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň senasy bolup ýaňlandy, olaryň ýatda galyjy ruhuňy galkyndyrýan gaýtalamasyny çärä gatnaşyjylar dessine alyp göterip, ol biraýlygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda sahnada aýdymçylar biri-biriniň yzyndan çykyş edip, köpçülige şatlykly we tolgundyryjy duýgulary bagyş etdi. Ol bolsa hemmeleri bagtyýarlyga tarap bir ymtylyşa jemledi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary baýramçylyk şüweleňine aýratyn öwüşgin çaýdy. Şonda ýaş türgenler yhlasly türgenleşiklerde ele alan öz ussatlyklaryny we başarnyklary ajaýyp derejede görkezdiler.

Köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini we sportda ýokary gazanylanlary depginli ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda hemme zerur bolan şertler we düzümler yzygiderli döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen döwrebap sport toplumlary türkmen şäherleriniň we obalarynyň baş keşbine öwrülip, türkmen ýaşlaryny sport ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Ak mermerli Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Merkezi Aziýa sebitinde iň iri sport toplumlarynyň biri — Olimpiýa şäherjiginiň alnyp barylýan depginli gurluşygy Türkmen döwletiniň Baştutanynyň biziň Bitarap Watanymyzy halkara sport ýaryşlaryny geçirmegiň merkezine öwürmek, milli sportuň abraýyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu babatda Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini ýakyn we uzakmöhletli geljek üçin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli çäreleri görmek boýunça hemmelere ajaýyp nusga görkezýär. Şeýle syýasatyň görnükli üstünlikleri hem-de aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işjeňliginiň döwletiň we jemgyýetiň, milli Liderimiziň we halkyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmasy we birleşmesi bolup durýandygyny bütin äşgärligi bilen şöhlelendirýär. Ol bolsa saglygyň gymmatlydygyna hem-de onuň berkidilmeginde iň oňat kömekçi bolup durýandygynda we öňde goýlan maksatlara ýetmekde aýdyň we takyk akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, biraýlygyň dowamynda tutuş Türkmenistan boýunça ozal görlüp-eşidilmedik gerim bilen köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilendigini buýsanç bilen bellediler. Munuň üçin ähli stadionlar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, üsti açyk sport meýdançalary, şeýle hem ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň sport zallary peýdalanyldy. Milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary boýunça ýörite taýýarlanan gepleşikler ýaýlyma berildi, metbugat neşirlerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselelerine bagyşlanan makalalar yzygiderli çap edildi.

Köpçülikleýin sport çäresi tamamlandy. Täze sport üstünlikleri, sporta eýerijileriň sanynyň artmagy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň gymmatlyklaryny has-da wagyz etmekde toplanan uly goşant onuň netijelerine öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter