Birinji milli awtomobil ýaryşynyň ýeňijileri kesgitlendi | TDH
Sport

Birinji milli awtomobil ýaryşynyň ýeňijileri kesgitlendi

опубликованно 30.04.2015 // 807 - просмотров
 

Paýtagtymyzda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy, ony Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi guradylar.

Birinji milli awtomobil ýaryşynda sürüji Muhammet Gurbanow we ýolbelet Serdar Aýdogdyýew ýeňiş gazandylar. Didar Orazmetow — Gurban Daňatarow hem-de Merdan Toýlyýew — Aýdyn Mämmedow baýrakly orunlary eýelediler. Olar ýolsuz ýerde ýaryşmak boýunça degişlilikde kümüş we bürünç medallaryna mynasyp boldular. Baýrak eýeleriniň hemmesi hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

— Ýoluň çylşyrymlylygy her tapgyrda artdy — diýip, ýaryşyň baş emini Şamyrat Gurbanow gürrüň berdi. — Ugur ýolsuz ýerlerden — gumuň we gum alaňlarynyň içinden geçip, onuň her bir kilometri ýaryşa gatnaşyjylar tarapyndan kynlyk bilen geçildi. Toparlaryň ikisi ýoldan çykdy — olaryň ikisinde hem ulag hereketlendirijileri näsazlyk tapdy. Merkezi Garagumuň içi bilen ulagy ýokary tizlikde sürüp, ony dolandyrmak ýeňil däl. Ýöne türgenleriň hemmesi-de wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardylar, olaryň ökdeleri bolsa sylaglara mynasyp boldular. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Milli awtosport merkezinde halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek üçin toparlar döredilýär. Bu ilkinji nobatda «Dakar» tapgyrynyň nobatdaky ýaryşy bolup, onuň ugry 2016-njy ýylda Günorta Amerika ýurtlarynyň üçüsiniň çäginden geçer.

Ýeri gelende aýtsak, biziň türgenlerimiz awtosport boýunça halkara ýaryşlaryna ozal hem gatnaşdylar. Şolaryň biri — 2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçen meşhur «Ýüpek ýoly» ýaryşydyr. Soňra türkmen türgenleri Peterburg — Soçi (2010-njy ýyl), Moskwa — Soçi (2011-nji ýyl), Moskwa — Gelenjik (2012-nji ýyl) ugurlary boýunça geçirilen ýaryşlara, Dünýä Kubogynyň Abu-Dabide geçirilen tapgyryna (2013-nji ýyl) gatnaşyp, olarda üstünlikli çykyş etdiler. Şu ýylyň ýanwarynda milli awtosport merkeziniň başlygy Gulmyrat Agamyradow, ussa Gurban Daňatarow we toparyň agzalary — sürüji Şamyrat Gurbanow we ýolbelet Rafael Gaýnulin «Dakar — 2015» tapgyrynyň ýaryşyna gatnaşdylar.

Bu ýaryş Argentinanyň, Çiliniň we Boliwiýanyň çäklerinden geçip, 9 müň kilometrden gowrak ýoly öz içine aldy. Onuň ýarysy dürli ýerler boýunça ýokary tizlikli ýörite ugurlardan ybarat boldy. Ýaryşa gatnaşyjylar 14 günüň içinde daglyk ýerlerden, çylşyrymly ýollardan, gum depelerinden we alaňlaryndan geçdiler. Munuň özi yzygiderli beden we ruhy agramlyk şertlerinde sürüjileriň we tehnikalaryň çydamlylygyny barlaýan, ýoluň, tizligiň takyk meýilleşdirilmegini talap edýän uly synag boldy.

Türkmenistanyň toparynyň halkara awtomobil ýaryşlarynda çykyş etmegi milli awtomobil sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrýan ýurdumyz üçin kanunalaýyk ýagdaý bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň bu görnüşiniň hakyky muşdagy bolmagy bellärliklidir. Munuň şeýlidigine bolsa biz milli Liderimiziň ýaryş ulaglaryny dolandyrmakda ussatlyk görkezip, ýokary netijeleri gazananda göz ýetirmäge mümkinçilik aldyk.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşlaryň barşynda döwlet Baştutanymyz «Bugatti Veyron» sport ulagynyň sürüji hökmünde ajaýyp çykyş etdi. Şonda milli Liderimiz ýaryşlarda ynamly ýeňiş gazanyp, gowy wagt görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, awtomobil ýaryşlarynyň örän gyzykly, emma çylşyrymly görnüşinde — driftde ýokary ussatlyk görkezdi. 2013-nji ýylda bolsa döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň täze Awtomobil sport merkezinde geçirilen ilkinji ýaryşlara gatnaşdy. Şonda «Alfa Romeo» ýaryş awtoulagyny dolandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tejribeli sürüjileriň arasynda nobatdaky gezek ýeňiji boldy.

Täze eýýamda ýurdumyzyň welaýatlarynda awtomobil klublary döredildi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýan awtomobil sporty boýunça milli ýaryşlar geçirilýär. Türkmen türgenleri bu gün döwrebap awtoulaglardan başlap dünýä belli önüm öndürijileriň awtoulaglarynda dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar. Awtomobil sport merkezi üçin täze ulaglar yzygiderli satyn alynýar, bu bolsa sportuň bu gyzykly görnüşi bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň artmagyny üpjün edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter