Türkmen karateçileriniň goşa ýeňşi | TDH
Sport

Türkmen karateçileriniň goşa ýeňşi

опубликованно 04.05.2015 // 858 - просмотров
 

Şotokan karate boýunça ýakynda Tbiliside (Gruziýa) tamamlanan VI dünýä çempionatynda türgenlerimiz oňat netije gazandylar. Aýry-aýry kumite (tutluşyklar) we toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) görnüşlerinde gazanylan iki altyn we bir bürünç medal bilen Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti ýetirildi.

Gruziýanyň paýtagtyna 32 döwletden türgenleriň 1200-den gowragy ýygnandy. Zuhrajan Jumabaýewa ýygyndymyzyň düzüminde iň oňat netije görkezdi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby 18 ýaşdan ýokary bolan gatnaşyjylaryň toparynda aýry-aýry tutluşyklarda ajaýyp çykyş edip, altyn we bürünç medaly gazandy.

Z.Jumabaýewa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna WSKU (şotokan karateniň bütindünýä birleşigi) görnüşi boýunça ýaryşlarda çykdy, üçünji orny bolsa ol Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) düzgünleri bilen kesgitlenen tutluşyklarda eýeledi.

Türkmenistanlylar ýene-de bir altyn medaly 16-17 ýaş toparlarynyň arasynda toparlaýyn kata (WSKU) görnüşinde gazandy. Toparymyzyň düzüminiň Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň şotokan karate boýunça sebit mekdepleriniň üçüsine wekilçilik edýän türgenlerden düzülendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň ýygyndysy örän sazlaşykly çykyş edip, iň oňat sport ussatlygyny görkezdi we garşydaşlaryndan öňe geçdi. Olar Söweş sungatynyň bu görnüşiniň dörän ýurdy bolan Ýaponiýanyň toparyndan hem öňe saýlandy. Iň ýokary gymmatlygy bolan medallary Jelal Satlykgulyýew, Oguzhan Nizamow we Hydyr Hydyrow gazandy.

Biziň ussatlarymyzyň şotokan karate boýunça üstünliklerini ýetip gelýän şanly senä—Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlandyklaryny bellemek gerek.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter