Ak bugdaý etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi | TDH
Ykdysadyýet

Ak bugdaý etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

опубликованно 31.10.2018 // 418 - просмотров
 

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda “ak altyn” möwsümi güýçli depginde dowam edýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary hem möwsümiň öňdebaryjylarynyň hataryna goşuldylar. Olar şu gün Watan harmanyna 32 müň 200 tonnadan gowrak pagta goşup, şertnamalaýyn borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdiler.

Şu ýyl etrabyň kärendeçi daýhanlary ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm bolan bu oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däplerini hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny utgaşdyryp, gowaçanyň bereketli hasylyny aldylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat ulgamynda amala aşyrylýan düýpli düzümleýin özgertmeleriň çäklerinde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görlen çäreler ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berdi. Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik ulgamynda tiz ýetişýändigi, hasyllylygy hem-de süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan orta we inçe süýümli gowaçanyň etraplar boýunça ekilýän täze görnüşlerini döretmek babatda yhlasly işler alnyp barylýar.

Dokma önümleri üçin dürli görnüşli ýüplügiň, şeýle hem matalaryň hem-de şolardan taýýarlanylýan iň ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň ösüşini artdyrmak babatda ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn üns berilýän gowaçanyň inçe süýümli görnüşleri ekerançylaryň buýsanjy bolup durýar.

Bu gün ýurdumyzyň kärhanalarynda pagtanyň doly gaýtadan işlenilmegi dokma senagatynyň strategik taýdan möhüm wezipeleriniň biridir. Şol wezipe taýýar önümi eksport etmäge gönükdirilendir. Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemek boýunça täze senagat toplumlarynyň gurluşygy hem şu maksatlara ýardam eder.

Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary tarapyndan döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegi mynasybetli dabaraly çäreler sebitiň dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, pagta ýygymy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň, köp sanly ýerli ýaşaýjylaryň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyga beslendi.

Dabaralaryň barşynda bu ýere ýygnananlar halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky ýadawsyz aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli we giň gerimli özgertmeleriň oba hojalyk pudagynyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, daýhanlaryň durmuşy we netijeli zähmet çekmegi üçin oňat şertleriň döredilmegine gönükdirilendigi, munuň bolsa täze zähmet ýeňişlerine we uly üstünliklere ruhlandyrýandygy nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter