Aşgabatda IWF-niň kongresi geçirildi | TDH
Sport

Aşgabatda IWF-niň kongresi geçirildi

опубликованно 31.10.2018 // 754 - просмотров
 

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresi geçirildi. Onda sportuň bu görnüşini has-da ösdürmegiň esasy meseleleri we şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän dünýä ýaryşynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga IWF-niň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidentleri, 80 ýurtdan gowrak, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlardan, Wengriýadan we beýlekilerden agyr atletika boýunça halkara komitetleriň hem-de milli federasiýalaryň baştutanlary we wekilleri gatnaşdylar.

IWF-niň baştutany Tamaş Aýan mejlisi açyp, häzirki dünýä derejeli ýaryşyň agyr atletikanyň taryhynda öwrülişikli pursat boljakdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäni we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde şu ýyl Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi üçin Aşgabadyň saýlanylmagy dünýä sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

Täze agram derejelerini we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanmalary almagyň düzgünlerini ornaşdyrmak Halkara agyr atletika federasiýasynyň kongresiniň meseleleriniň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatdaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek erkekleriň we zenanlaryň çykyşlarynda täze agram derejeleriniň 10-sy giriziler. IWF-niň baş maksady, ilkinji nobatda, agyr atletikaçylaryň saglygyny gorap saklamaga laýyk ulgamy işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary sportuň bu görnüşinde sagdyn bäsdeşligi saklamak meselelerine hem-de IWF-niň lukmançylyk komitetiniň işleriniň seljerilmegine bagyşlandy. Dopinge garşy gözegçilik baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen sportunyň arassalygyny saklamak hem-de dopinge garşy çäreleri amala aşyrmak üçin ýurdumyz Bütindünýä doping agentligi (WADA) bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Çykyş edenler Türkmenistanda “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanuna laýyklykda gadagan edilen serişdeleriň ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça işleriň örän aýgytly alnyp barylýandygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň türgenleri, tälimçileri, lukmanlary arassa sport ugrunda hemişe çykyş etdiler we çykyş ederler hem-de mundan beýläk-de mynasyp abraýy, agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňişleri gazanmagy maksat edinýärler.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek babatdaky amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň milli maksada öwrülendigini nygtadylar. Ol halky jebisleşdirip, ýaramaz endiklere garşy birek-birege habar edip göreşmäge hem-de türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge kömek edýär.

Mejlisiň barşynda IWF-niň dürli toparlarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, Buenos-Aýresdäki 2018-nji ýylyň ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň netijelerine garaldy, geçiriljek halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň kongresiniň çäklerinde sportuň bu görnüşini wagyz etmäge goşan goşandy üçin ýadygärlik nyşanlarynyň we sowgatlarynyň hem-de IWF-niň şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter