Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň üstünligi | TDH
Sport

Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň üstünligi

опубликованно 31.05.2015 // 950 - просмотров
 

Bangalor, 31-nji maý /TDH/. Şu gün Hindistanyň Bangalor şäherinde jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Merkezi we Günorta Aziýa çempionaty tamamlandy. Şonda türkmenistanlylar medallaryň 14-sini /!/—sekiz altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazanyp, ýokary sport ussatlygyny görkezdiler.

Ýaryşlar 11 ýurtdan— Hindistandan, Şri-Lankadan, Pakistandan, Owganystandan, Nepaldan we Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan we beýlekilerden türgenleriň ýüzlerçesini ýygnady.

Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüne ýygyndymyzyň zenanlar düzümi altyn medallaryň bäşisini gazanyp, uly goşant goşdy. Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Margarita Filippowa /49 kilograma çenli/, Madina Aýdogdyýewa /55 kilograma çenli/, Wioletta Şumilowa /62 kilograma çenli/, Zyba Orunowa /70 kilograma çenli/ we Gowher Atdaýewa /70 kilogramdan ýokary/ çykdylar.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň düzüminde Döwletmyrat Kasymow altyn medal gazanyp, 85 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. Kerimberdi Döwletow /62 kilograma çenli/ we Dortguly Jumaýew /94 kilograma çenli/ kümüş medala, Mekan Nurjykow /69 kilograma çenli/, Abdulla Babaýew /77 kilograma çenli/ we Muhammet Adaýew /94 kilogramdan ýokary/ bürünç medala mynasyp boldular.

Mundan başga-da, türkmenistanlylar jübütleýin ýaryşlarda “özüňi goramak” görnüşinde tapawutlandylar. Şunda M.Filippowa-W.Şumilowa hem-de K.Dowletow-M.Nurjikow jübütler altyn baýraga mynasyp boldular. D.Jumaýew we A.Babaýew dagy bürünç medal gazandylar.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň we Omar Muhammetnazarowyň türgenleri zenanlaryň arasyndaky ýaryşldarda umumy toparlaýyn hasapda birinji orny we erkekleriň arasynda ikinji orny eýelediler.

Jiu-jitsu 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň sport meýdançasynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça
V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şoňa görä-de, türkmenistanlylaryň Merkezi we Günorta Aziýa çempionatyndaky şeýle ajaýyp netijeleri biziň ýygyndymyzyň yklymyň diňe bir Aziýa böleginiň ýurtlaryndan däl, eýsem-de, Okeaniýa ýurtlarynyň toparlaryny hem Aşgabatda ýygnajak “öýdäki” toplumlaýyn ýaryşlarda şonuň ýaly netijeli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter