Awazanyň şypahana mümkinçiliklerini artdyrmak halkyň saglygy baradaky aladadyr | TDH
Jemgyýet

Awazanyň şypahana mümkinçiliklerini artdyrmak halkyň saglygy baradaky aladadyr

опубликованно 30.10.2018 // 826 - просмотров
 

Balkan welaýatynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz agtyklary bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç edip, şu ýylyň iýul aýynda açylan akwaparka baryp gördi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Hazaryň türkmen kenarynda döredilen halkara derejeli häzirki zaman şypahana zolagynyň düzümleriniň üsti ýylyň-ýylyna täze desgalar bilen ýetirilýär. Bary-ýogy soňky onýyllygyň dowamynda bu täsin künjek jenneti mekana öwrüldi. Bu ýere her tomus möwsüminde müňlerçe adam dynç almaga gelýär. Şunda tutuş ýylyň dowamynda dynç almak üçin, şol sanda maşgala bolup gelmek hem-de wagtyňy gyzykly geçirmek üçin bu ýerde ýokary şertleriň döredilendigini bellemek gerek, muňa türkmenistanlylar we daşary ýurtly myhmanlar mynasyp baha berýärler.

Ýokary derejeli kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottej toplumlary, seýilgäh-dynç alyş toplumlary dynç alýanlaryň ygtyýaryndadyr. Mundan başga-da, Awaza iri işewürlik, medeni we sport merkezine öwrüldi, bu ýerde ýokary derejeli duşuşyklar, wekilçilikli halkara maslahatlar hem-de döredijilik çäreleri geçirilýär.

Hazaryň kenarynda ýaýylyp ýatan köpugurly şypahana zolagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň aýdyň netijesidir, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy bu syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň baş maksady deňiz kenarynyň ägirt uly saglygy dikeldiş mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny adamlaryň hyzmatyna gönükdirmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli bu taslamasynyň durmuşa geçirilip başlan pursadyndan ähli gurluşyk serişdeleriniň hem-de önümçilik tehnologiýalarynyň ekologiýa kadalaryna laýyk gelmegi, daşky gurşawa, sagaldyş serişdeleriniň hem-de deňiz kenarynyň biologiýa köpdürlüligine aýawly çemeleşmek üýtgewsiz talap bolup durýar. Şu nukdaýnazardan myhmanhana toplumlary hem-de işjeň dynç alyş merkezleri, şypahana hojalygynyň senagat we ulag düzümleri guruldy, şeýle hem Hazaryň kenarynda agaç nahallaryny oturtmak çäreleri geçirildi.

Häzirki wagtda Awazada diňe bir ýokary derejeli dynç almak däl-de, saglygyňy berkitmek, bejeriş tapgyryny geçmek mümkindir, ol lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanýar. Geçen tomus möwsüminde bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda saglygy dikeltmegiň häzirki zaman usullaryny hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasiýa häsiýetli tehnologiýasy ornaşdyrylan şypahana ulanmaga berildi.

Awazany ösdürmek we abadanlaşdyrmak meseleleri, onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň barşy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar, milli Liderimiziň howandarlygynda bu ägirt uly taslama amala aşyrylýar.

Şunda şu ýylyň mart aýynda milli Liderimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýaryna geçirmek baradaky çözgüdi kabul edendigini ýatlatmak gerek. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly çözgüdi deňiz şypahanasyny ösdürmegiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, işewürligiň çeýeligi hem-de tiz hereket etmegi, täze teklipler bilen çykyş etmegi häzirki wagtda üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlar şertlerinde öňe okgunly hereket etmek üçin örän zerur talaplardyr. Şonuň üçin hem döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler geçirilýär, ähli başlangyçlara giň ýol açylýar, milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar, bu birleşmäniň agzalarynyň amala aşyran taslamalarynyň hatarynda şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyklary bilen baryp gören “Awaza” akwaparkyny görkezmek bolar.

Bu iri toplum, suw attraksionlary bilen birlikde, dynç alýanlaryň we dürli ýaşdaky syýahatçylaryň iň ýokary talaplaryny kanagatlandyrmaga niýetlenendir. Bu täsin toplum gyşky we tomusky akwaparklary, söwda merkezini, onlarça dükany öz içine alýar, olarda harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär, mundan başga-da, toplumyň çäklerinde 30-a golaý kafe we restoran, 1640 orunlyk amfiteatr, myhmanhana, emeli daglar, köller, şaglawuklar, dag çeşmejikleri bar, bularyň ählisi ertekiler dünýäsini ýatladýar.

Bu ýerde milli Liderimizi körpeler uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz akwaparkda dynç almagyň olarda nähili täsirler galdyrandygy bilen gyzyklandy. Soňra döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde çagalaryň şatlykly gülküsi ýaňlanýan akwaparkyň gyşky binasyna bardy. Körpeler köp sanly attraksionlarda we howuzlarda hezil edip dynç alýarlar, her hili oýunlar oýnaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üsti ýapyk akwaparkyň içini synlap, körpeleriň gyzykly we şadyýan dynç almagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Güýz pasly dowam edýär. Binanyň içinde bolsa emeli suwa düşülýän ýerleri, deňiz tolkunlary-gaýtgynlary hem-de dürli öwüşginli suw dagjagazlary bolan täsin baglar ösüp otyr.

Üç gatly gyşky akwapark 41 müň inedördül metr meýdany eýeleýär hem-de ýylyň islendik paslynda suwa düşmek üçin niýetlenendir. Binanyň merkezindäki emeli dag hem-de şaglawuk täsin tebigy gurşawy döredip, adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde çagalar we ulular üçin dürli ölçegdäki howuzlar, şol sanda sýörfing üçin howuz, dürli kiçi we uly päsgelçilikli suw attraksiony, ýarym olimpiýa ýüzülýän suw howdany göz öňünde tutulypdyr.

Körpeler üçin şeýle hem, olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, köp sanly suw attraksionlary döredilipdir. Çagalaryň oýnamagy üçin gurnalan dürli düzümler köplügi bilen haýran galdyrýar. Emeli suwa düşülýän ýeri ýatladýan “kenarda” şatlykly dynç almak bolar, bu ýerde kenarýaka woleýbolyny oýnamak üçin meýdança bar, ol çäge bilen ýörite örtülipdir. Bu binanyň örtügine ulanylan ýörite aýna açyk howada hem-de Gün şöhleleriniň astynda aýratyn täsin ýagdaý döredýär.

Hormatly Prezidentimiz çagalaryň ýanyna baryp, olaryň nireden gelendiklerini, bu ýerde dynç almagyň özlerinde nähili täsir galdyrýandygyny sorady. Körpeler öz ýürek joşgunlaryny paýlaşyp, şeýle ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýodajyk bilen üsti ýapyk akwaparka baryp, ol ýerden bu ýerde oýnap ýören çagalary synlady. Ýetginjekler suwda ýüzmek boýunça özara bäsleşýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtyklary hem olaryň oýnuna höwes bilen goşuldylar.

Gyşky akwaparkda howdanlardan we suw attraksionlaryndan başga-da elektron oýunlarynyň meýdançasy, 7D kinoteatr, milli we dünýä aşhanasynyň dürli tagamlaryny hödürleýän kafeler we restoranlar, şeýle hem sauna, hammam we gözellik salony bar. Bu ýerde gaýalaryň etegindäki ajaýyp keşpli görnüş we bezegli açyk akwapark gözlere röwşenlik berýär.

Beýiklikden bökülýän howdanlar, suw futboly bilen meşgullanylýan ýer hem-de emeli tolkunly howdan üýtgeşik täsir galdyrýar. Bu ýerde şeýle hem ýel bilen çişirilýän gämilerde ýüzmek üçin niýetlenen, uzynlygy 800 metrden gowrak bolan emeli rafting derýajygynyň bardygyny bellemek gerek.

Dürli tebigat gözelliklerine: daglara, adajyklara, köl kenarlaryna beslenen köp sanly kafeler hem Awaza akwaparkynyň ajaýyplyklarynyň biridir. Desganyň çäginde bina edilen iki gatly söwda merkezinde hem akwaparka gelýänler, şeýle hem Awazada dynç alýanlaryň hemmesi üçin amatly şertler döredilipdir. Desganyň çäginde gije-gündiziň dowamynda işleýän söwda merkezi, kafe hem ýerleşýär. Toplumyň düzümine myhmanhana hem girýär. Konsertleri we baýramçylyk çärelerini geçirmäge bolsa öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 1640 orunlyk amfiteatr niýetlenipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow akwaparkda dynç alýan çagalary synlap, olaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerini, janlarynyň sag bolmaklaryny hem-de beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, terbiýeli, bilimli bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.

Çagalar geljekde Watanymyzy has-da şan-şöhrata beslemek üçin gowy okajakdyklaryna söz berip, milli Liderimize bagtyýar çagalyk üçin döredilen şertler, atalyk alada we üns üçin ähli deň-duşlarynyň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi, soňra olar bilen mähirli hoşlaşyp, öz agtyklary bilen bilelikde Awazanyň kenarynda dynç alýan ähli myhmanlar üçin ajaýyp sowgat bolan akwaparkdan ugrady. Akwaparkda dynç alýan çagalara bolsa milli Liderimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Awaza türkmenistanlylaryň abadançylygynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine gönükdirlen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolmak bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan deňsiz-taýsyz özgertmeleriniň aýdyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerimguly bilen bilelikde welosipedde kenaryň ugry bilen göwnejaý bezelen şaýol boýunça deňiz kenarynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy hem-de “Tolkun” ýaht-klubuna tarap ugrady.

2016-njy ýylda açylan bu desga Awazanyň ýahta düzüminiň kemala gelmegini dowam etdirdi hem-de amatly kottej toplumlary we kaşaň myhmanhanalary bilen birlikde myhmanlara bu ugurdaky iň häzirki zaman hyzmatlaryny hödürledi.

Milli Liderimiz 16,5 gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän hem-de jemi 412 orunlyk 25 sany aýratyn binany özünde jemleýän toplumyň çäklerini synlady. Ýaht-klub türkmenleriň “tumary” görnüşinde bina edilipdir, bu bolsa oňa aýratyn özbaşdak milli öwüşginini çaýýar.

Klubuň ygtyýarynda Fransiýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Türkiýede we Gresiýada gurlan dürli nusgaly kiçi gämileriň onlarçasy bar. Isleg bildirýänler diňe bir deňiz boýunça ýahtada gezelenç etmek bilen çäklenmän, ýörite hünärmeniň ýolbaşçylygynda gämä özbaşdak erk etmegiň tärlerini hem ele alyp bilerler. Hormatly Prezidentimiz “Tolkun” ýaht-klubunyň düzümine girýän kenar desgalaryny synlanyndan soňra agtygy bilen bu klubuň çäklerinde welosipedli gezelenç etdi. Mälim bolşy ýaly, welosipedli gezelenç etmek işjeň dynç alşyň iň netijeli görnüşleriniň biridir, ol beden we ruhy güýçleri artdyrýar, saglygy berkidýär hem-de işe ukyplylygy ýokarlandyrýar.

“Awaza” şypahanasynyň saglygy dikeltmek ugrunyň binýady bu künjekleriň tebigatynyň özi tarapyndan goýlandyr, ol deňiz suwunyň hem-de tämiz howanyň seýrek duş gelýän bejeriş häsiýetlerine eýedir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde dünýä derejeli häzirki zaman sagaldyş merkezini döretmek baradaky başlangyjy Hazaryň türkmen kenarynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyna gönükdirilendir, şypahana hyzmatlarynyň, saglygy dikeldiş lukmançylygynyň işjeň dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak bilen sazlaşdyrylmagy ynsan üçin has-da peýdaly bolup biler.

Häzirki wagtda hut şu nukdaýnazardan milli syýahatçylyk zolagy ösdürilýär, diňe bir myhmanhana we dynç alyş desgalary bilen däl-de, köpugurly sport merkezleri hem-de aýry-aýry desgalary bilen Awazanyň düzümi baýlaşdyrylýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sportuň söweş sungaty, oýun, suw we gyşky görnüşleri, şol sanda suwda ýüzmek, hokkeý oýnamak we figuralaýyn typmak, şeýle hem fitnes, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol we beýlekiler bilen meşgullanmak, türgenleri taýýarlamak, dürli ýaryşlary, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Windsýörfing, suw lyžasy, baýdarkalarda we kanoede ýaryşlar, ýelkenli regator — bularyň ählisi Hazaryň türkmen kenarynda meşhurlyga eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem welosipedleri diňe bir sport maksatlary bilen däl-de, ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hökmünde hem peýdalanmak maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şypahana zolagyny döretmek boýunça işleri başlanan pursadyndan ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmegi daşky gurşawyň tebigy dürlüligini gorap saklamak hem-de aýawly çemeleşmek esasy talap hökmünde öňe sürüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Awazada hem köpçülikleýin agaç nahallaryny ekmek, olara ideg etmek boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi, olar boý alyp, giň seýilgäh zolaklaryny we gür tokaýlyklary emele getirýär. Awazanyň gök begresi ak mermerli özboluşly binalar, altyn öwüşginli kenar ýakasy hem-de deňziň mawy giňişligi bilen sazlaşyp, şäher-bagyň ajaýyp keşbini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Tolkun” ýaht-klubundan çykyp, agtygy bilen Awazanyň ýollary boýunça ulagda gezelenç etdi hem-de şypahana zolagynyň binagärlik gözellikleri deňiz görnüşlerini synlap lezzet aldy.

Kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, kottej şäherjikleri, seýilgäh-dynç alyş toplumlary hem-de hyzmatlaryň ýokary derejesi Awazany diňe bir tomus möwsüminde däl-de, tutuş ýylyň dowamynda maşgala bolup dynç almak üçin iň amatly künjege öwürýär.

Hazaryň kenaryndaky ekologiýa taýdan arassa deňiz şypahanasy öz çäklerini barha giňeldip, ýurdumyzda ägirt uly meşhurlyga eýe bolýar hem-de daşary ýurtlarda barha gyzyklanma döredýär, ägirt uly bu taslamanyň geljeginiň örän uludygyny tassyklaýar. Ösüşiň innowasiýa häsiýetini, inženerçilik-tehniki öňdebaryjy pikiri, hyzmatlaryň ýokary derejesiniň baş ugur edinilmegi netijesinde türkmen topragynyň hakykatdan-da, jenneti mekany bolan bu künjegi halkara syýahatçylyk we şypahana-sagaldyş merkezine hem, sport merkezine hem öwrüldi.

Muňa ýakynda geçirilen hem-de Awazanyň çäklerinde tamamlanan, köp ýurtlardan onlarça toparyň gatnaşan uly sport baýramçylygy — “Amul — Hazar 2018” awtorallisi hem şaýatlyk edýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen bu deňi-taýy bolmadyk awtoulag ýaryşlarynyň geçirilmeginiň özi hem sport döwleti hökmünde ornuny berkidýän Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, dostluk we netijeli halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň giň ykrarnama eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagyny tamamlap, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter