Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär | TDH
Medeniýet

Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär

опубликованно 29.10.2018 // 543 - просмотров
 

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresini iki ýurduň degişli ministrlikleri guradylar.

Ýokary derejedäki duşuşyklar, ikitaraplaýyn görnüşdäki özara gatnaşyklar, iri halkara düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklar Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň oňat geljeginiň bardygyny tassyklaýar. Ynsanperwer ugur, halklaryň biri-biriniň taryhyna, milli mirasyna we medeniýetine bildirýän özara gyzyklanmasy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Soňky ýyllarda bilelikdäki möhüm resminamalara, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi, döwlet düzümleriniň ugry hem-de hususy ulgam boýunça işewür gatnaşyklary ösdürmek babatda ylalaşyklar gazanyldy, syýahatçylyk, medeniýet we sungat ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň tomsunda Horwatiýa Respublikasynyň paýtagty Zagreb şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Bu topara dürli ugurlarda, şol sanda ynsanperwer-medeni ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm orun berilýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2014-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda ähtnamanyň esasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglylykda dostlukly ýurduň alymlary, sungat ussatlary we medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy hem-de döredijilik forumlaryna işjeň gatnaşyp başladylar.

Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň hem-de fotoserginiň açylyş dabarasy Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi, bu ýere döredijilik işgärleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinde Grabar-Kitarowiçe ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, iki halkyň özara düşünişmegine ýardam edýän parahatçylyk söýüjilikli syýasy ugur üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Häzirki döredijilik çäresi bu ugurda ähmiýetli ädimleriň biridir diýip, çykyş edenler bellediler.

Hut şeýle gatnaşyklar sungatyň ajaýyp dünýäsini açmaga, adamlary ýakynlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär.

Zagreb şäherinde ýerleşen Etnografiýa muzeýi tarapyndan guralan fotosergi dostlukly ýurduň dürli sebitleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berýär.

Ertir Medeniýet ministrliginde Horwatiýa Respublikasynyň resmi wekiliýeti kabul ediler. Myhmanlar türkmen döwletiniň medeniýet, mirasy goramak we dünýä ýaýmak, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrylar.

Medeniýet günleriniň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda horwat kinematografiýaçylarynyň işleri görkeziler, Mukamlar köşgünde bolsa horwat pianinoçylarynyň konserti guralar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter