“Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda türkmen dzýudoçy gyzynyň altyn medaly | TDH
Sport

“Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda türkmen dzýudoçy gyzynyň altyn medaly

опубликованно 27.07.2015 // 922 - просмотров
 

Türkmen türgeni Gülbadam Babamyradowa Taýwanda tamamlanan dzýu-do boýunça “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy. Lebaply 23 ýaşly halkara derejeli sport ussady 52 kilograma çenli agram derejesinde şeýle ajaýyp üstünlik gazandy.

İldeşimiz birinji tutluşygynda ýerli türgeni ýeňdi, soňra Slowakiýaly türgeniň garşysyna ýeňiş gazanmagy başardy. Finalda bolsa ol Koreýa Respublikasyndan Ýura Kimden üstün çykdy.

“Gülbadam Babamyradowa ýalkym saçýan sport ýyldyzy bolup durýar” diýip, Taýlandyň Phuket adasynda geçen ýyl geçirilen IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda, belli neşir «Inside the games» ýazypdy.

Mundan birnäçe ýyl ozal G.Babamyradowa sport dünýäsinde olimpiýa sanawyna girmeýän sport görnüşlerinde--sambo we guşakly göreşde giňden tanalýardy. Ol sambo boýunça Aziýa çempionatlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazandy. 2012-nji ýylda sportuň bu görnüşi boýunça Minskide geçen dünýä çempionatynda we Kazanda talyplaryň arasynda dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda ol ýeňiş gazanmagy başardy. Mundan iki ýyl ozal Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçen XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada Gülbadam guşakly göreşde altyn medaly eýeledi. Samboçylaryň arasyndaky ýaryşda bolsa ol bürünç medala mynasyp boldy. Geçen ýyl Taýlandda geçirilen Aziýa kenarýaka oýunlarynda ol türkmen sportynyň taryhynda ilkinji gezek sambo boýunça ýaryşda altyn medal gazanmagy başardy. Aşgabatda geçen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem ol dünýäniň çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldy.

İldeşimiziň “Taipei-2015” atly Aziýanyň açyk ýaryşynda gazanan bu uly üstünligi, sportyň olimpiýa görnüşi bolan dzýudo boýunça gazanylanlygy üçin has hem gymmatlydyr. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl, Inçhonda geçen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda G.Babamyradowa kümüş medaly gazanmak bilen, ýapon göreşiniň bu görnüşi boýunça türkmen sportyna ozalky gazanan üstünliklerini täzeden gaýtaryp getirdi. Çünki şu şanly wakadan öň türkmenistanly dzýudoçylar soňky sapar Koreýanyň Pusan şäherinde Aziýa oýunlarynda hormat münberine çykypdylar. Şonda erkekleriň arasynda 66 kilograma çenli agram derejesinde Guwanç Nurmuhammedow kümüş medala, zenanlaryň arasynda 78 kilograma çenli agram derejesinde Nasiba Surkiýewa bürünç medala mynasyp bolupdylar.

Ynha indi bolsa, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň iň ussat türgeniniň Taýwanda geçirilýän Aziýanyň açyk ýaryşynda gazanan nobatdaky üstünligi.

G.Babamyradowanyň “Taipei-2015” atly wekilçilikli ýaryşlarda gazanan ajaýyp ýeňşi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Aşgabatda birnäçe stadionlar, Olimpiýa suw sport toplumy, Sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport desgalarynyň üçüsi gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň hemmesinde 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionly döwrebap sport toplumlary ulanylmaga berildi. 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherçesi sportuň ösmegine we ýokary netijeler gazanylmagyna uly itergi berdi.

Aziýanyň açyk ýaryşynda Gülbadam Babamyradowanyň dzýudo boýunça gazanan altyn medaly ezber türgenimiziň 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk gazanjakdygyna hem-de ol ýerde Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny üstünlikli gorajakdygyna umyt döredýär. Gülbadamyň özi hem öňünde hut şeýle wezipe goýupdyr. Ýakyn günlerde ol ýene-de bir jogapkärli ýaryşa—awgust aýynyň 24-30-y aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriljek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar.

Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ýaryşlar tamamlanan dessine Gülbadam Babamyradowa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge girişer. Sport bilermenleriniň pikirine görä, Gülbadamyň sambo we guşakly göreş boýunça bada-bat iki altyn medaly gazanmaga mümkinçiligi bar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter