Türkmenistan - ABŞ: Durnukly ösüşiň maksatlarynda işewür hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan - ABŞ: Durnukly ösüşiň maksatlarynda işewür hyzmatdaşlyk

опубликованно 25.10.2018 // 863 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda nobatdaky Türkmenistan — ABŞ ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyza Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary giňeltmek, durmuş we medeni gatnaşyklary ösdürmek hem-de adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek bilen bagly meseleler girizildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýär.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy durmak meselelerinde hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistan XXI asyryň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşyp, giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Bu babatda ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam görkezildi, onuň ösdürilmegine döwletleriň ikisi hem bilelikde işlenip toplanan tejribäni hem-de bar bolan giň mümkinçilikleri nazara almak bilen, uly üns berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze anyk mazmuna eýe bolan, däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň hem-de özlerini ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde görkezen dünýä belli amerikan kompaniýalarynyň birnäçesiniň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň munuň subutnamasy bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Türkmenistan — ABŞ Işewürlik geňeşiniň giň gerimli işleri netijeli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýär, ol hereket edip gelýän on ýylynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm, täsirli guralyna, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen işewürler maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen Lideri işewür toparlarynyň wekilleriniň öňünde çykyş edip, iki döwletiň işewürleriniň arasynda uly abraý gazanan bu düzümiň işine ýokary baha berdi. Türkmenistanyň we Birleşen Ştatlaryň hökümet edaralary onuň pikirine we maslahatlaryna eýerýärler. Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşy özara gatnaşyklaryň täze sepgitlerini kesgitlemek, şeýle hem bilelikdäki pikirleri we başlangyçlary amala aşyrmak üçin ugur görkezijä öwrüldi. Bu çykyşda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň esasy ugurlary beýan edildi hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň özara bähbitli ugurlary kesgitlenildi.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy, oba hojalygy, innowasion tehnologiýalar ugry we beýlekiler türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda durýar. Dünýä bazarynda ýangyç serişdelerine we önümlerine bolan isleg örän uludyr. Bu barada aýtmak bilen, iri amerikan işewürliginiň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ähmiýetli düzüm taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga yzygiderli artýan gyzyklanmasyny bellemek gerek. Ýakynda Nýu-Ýorkda geçirilen işewürler maslahatynda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň beýan eden teklipleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ynsanperwer ugur boýunça özara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm düzümleriniň biri bolup durýar. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däbe öwrülen türkmen-amerikan gatnaşyklary bilelikdäki taslamalarda we çärelerde öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda yzygiderli geçirilýän Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri hem-de ABŞ-nyň biziň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri bar. Şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara düşünişmegiň berkemegine ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine hem-de ony geljekde hem hemmetaraplaýyn berkitmek we ösdürmek hyýalyna esaslanýan, özara gyzyklanma bildirilýän döwletara hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň ýolunda täze ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter