Türkmenistanda Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 25.10.2018 // 638 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň we Portugaliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi öz nobatynda hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine türkmen-portugal hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin diplomatik tejribesini we bilimlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra bolan söhbetdeşligiň barşynda ilçä Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Portugaliýanyň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen hem tanyşdyryldy.

Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwa Portugaliýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Bu syýasat dünýä bileleşiginde Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, sebitde we dünýäde durnuklylygy berkitmäge ýardam edýär.

Dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Portugaliýanyň girýän Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň hem aýratyn möhümdigini bellediler.

***

Şu gün Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi.

Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwa medeni maksatnamanyň çäklerinde “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi, şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň gözellikleri bilen tanyşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter