Mary şäheri – türki dünýäsiniň paýtagty myhmanlary kabul edýär | TDH
Medeniýet

Mary şäheri – türki dünýäsiniň paýtagty myhmanlary kabul edýär

опубликованно 27.01.2015 // 1046 - просмотров
 

Mary, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi.

Türkmenistanyň Mary şäheriniň şu hormatly derejä 2015-nji ýylda eýe bolmagynyň çuňňur manysy bar, şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty yglan edip, dünýäniň dürli ýurtlary we iri halkara guramalary bilen giň gerimli gepleşigiň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen özara gatnaşyklary dostluga, hoşniýetli goňşuçylga mahsus däp-dessurlardan ugur alyp we deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanyp guraýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gadymy türkmen şäherleriniň birine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň derejesiniň berilmegi Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän şan-şöhratly taryhynyň asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň özara medeni aragatnaşyklarynyň ulgamynda uly ähmiýete eýe bolandygyna hem-de häzirki wagtda türkmen döwletiniň parahatçylygyň we ösüşiň ýolunda gazananlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde döredijilikli mümkinçilikleri jemläp, şonuň esasynda dürli görnüşdäki täsirli medeni we gumanitar çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol çäreler taryhyň dowamynda emele gelip berkän medeni gatnaşyklara hem-de biziň günlerimizde garaşsyz döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasynda dowam edýän gepleşige esaslanýar.

Ýeri gelende aýtsak, TÜRKSOÝ diňe bir şu gurama goşulýan ýurtlary däl-de, eýsem, köpsanly döwletleri we halklary halkara hyzmatdaşlygyna çekýär, şu gurama tarapyndan Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilen geçen ýylda geçirilen çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda Mary şäheri ýurdumyzyň medeni we ylmy durmuşynyň mekrezleriniň biri hökmünde köp sanly alymlaryň, syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň ünsüni çekýär. 2012-nji ýylda Mary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we bellenilen çäreler täsirli geçirildi.

Mary jülgeçi gadymy türkmen topragydyr. Taryhy ýadygärlikler irki döwürlerden bu ýerde medeniýetiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Ençeme asyr mundan ozal Mary welaýatynyň çäginde kuwwatly, ösen köp sanly türkmen döwletleri bolupdyr, şunda ylma, edebiýata we sungata uly hormat goýlupdyr. Siwilizasiýanyň bu gadymy ojagy dünýä sungatyň, binagärligiň, onlarça senetleriň ajaýyp nusgalaryny peşgeş berdi. Dürli döwürlerde, gadymy Merwde görnükli alymlar we filosoflar, lukmanlar we matematikler, sazandalar we şahyrlar ýaşapdyrlar we döredipdirler. Gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, siwilizasiýalaryň özboluşly çatrygy bolupdyr. Bu ýerde Gündogarda belli metjitler we medreseler, bazarlar hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden gelen täjirleriň düşgän uly kerwensaraýlary gurlupdyr. Bu ýerde tutuş türki dilli dünýä öz täsirini ýetiren oňyn medeni ösüşler bolupdyr. Dürli ugurlar boýunça bilimleriň ojagy diýlip hasaplanan kitaphanalar, ylym we bilim merkezleri Merwiň hökümdarlarynyň we raýatlarynyň buýsanjy bolupdyr. Dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan alymlar bu ýere gelmäge çalşypdyrlar. Bularyň ählisi medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam berip, umumy adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň kemala getirilmegine oňyn täsirini ýetiripdir. Hut şoňa görä-de, Gadymy Merwiň biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp taryhy ýadygärlikleri we binalary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi
hem-de tutuş dünýäniň alymlaryň, şeýle hem syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň ünsüni çekýär.

Soňky ýyllarda Maryda iri halkara ylmy forumlar we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär. Dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň medeni däp-dessurlary aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, muzeý we kitaphana işiniň, şäheriň binagärlik keşbiniň ösüşinde öz beýanyny tapýar, bu ýerde ajaýyp bilim we medeniýet merkezleri guruldy. Bularyň arasynda Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň binalaryny, Ruhyýet köşgüni, Marynyň welaýat kitaphanasynyň binasyny görkezmek bolar. Welaýatyň kitaphanasy Merwiň meşhur kitaphanasynyň we onlarça alymlaryň ylmy barlaglary geçiren obserwatoriýasynyň özboluşly mirasdüşerine öwrüldi.

Köp asyrlar mundan ozal gadymy Merw şäherinde bolşy ýaly, häzirki Mary Gündogaryň myhmansöýer şäherleriniň biri diýlip hasaplanýar. Şu dabara gatnaşyjylar – Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň Diwanynyň ýanyndaky Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça müdirliginiň (TIKA) resmi wekilleri, birnäçe ýurtlaryň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Makedoniýanyň, Bosniýanyň we Gersegowinanyň, Wengriýanyň, Bolgariýanyň, Gagauziýanyň (Moldowa Respublikasy), Russiýa Federasiýasynyň sebitleri: Tatarystanyň, Başgyrdystanyň, Hakasiýanyň, Tuwanyň, Saha-Ýakudystanyň, Galmygystanyň we Altaý ülkesiniň döredijilik wekiliýetleri bu barada aýtdylar.

Dabaranyň geçirilen ýerinde, Ruhyýet köşgüniň binasynyň öňündäki meýdançada şadyýan ýagdaý höküm sürdi. Bu ýerde özboluşly türkmen obasy gurnalypdyr, ak öýlerde Mary welaýatynyň dürli etraplarynyň ussatlary öz işlerini görkezýärler, bu özboluşly sergide milli senetlere degişli zatlar, milli geýim we elin matalar, halylar we keçeler, keramiki we zergärçilik önümleri, milli saz gurallary görkezildi.

Meýdançada teatryň artistleriniň we şäheriň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda, şäheriň şanly we gahrymançylykly taryhyna bagyşlanan “Taryha jan berýän, eziz Arkadag” edebi-sazly tomaşa görkezilýär.

Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýan köp sanly adamlar- ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, talyp ýaşlar, bu çärä gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleri ýygnandylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagyny üns berip diňlediler. Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, gadymy Mary şäheriniň umumyadamzat siwilizasiýanyň taryhynda uly ähmiýete eýe bolandygyny hem-de türkmen halkynyň baý taryhynyň, özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklarynyň halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna ýardam berýändigini belledi.

“Munuň şeýledigini 2015-nji ýylyň dowamynda Mpary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek ýigrimä golaý çäräniň mazmuny hem doly subut edýär. Bu çäreler häzirki zaman dünýäsinde türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň milli aýratynlyklary, şeýle hem olaryň ylymda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşmaga doly mümkinçilik berer” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady hem-de şol çäreleriň sebitiň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygyň, agzybirligiň has-da berkemegine uly itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dusanbaý Kaseinow bu şanly wakanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň aýawly saklanmagyna we ösdürilmegine, häzirki tapgyrda medeniýetleriň gatnaşygynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ol bu gün türki dünýäsiniň medeni paýtagtynyň çäklerinde bu çäreleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilen gadymy Merwde – häzirki Maryda geçiriljekdigini aýtdy. Şunda umumy medeni mirasyň gymmatyna uly hormat goýulýandygyna göz ýetirip, dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biriniň ähmiýetini aýdyň duýmak bolýar. Şu günki waka türki dilli ýurtlaryň ählisi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Dusanbaý Kaseýinow özboluşly taryhy-medeni mirasyň Mara türki dünýäsiniň medeni mirasynyň merkezi diýlip hasaplanmagyna hukuk berýändigini belläp, döwletleriň arasynda medeni gatnaşyk üçin örän oňaýly şertleriň döredilendigi hem-de jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy ähli çäreleriň guramaçylykly geçiriljekdigine, ýatdan çykmajak duşuşyklaryň gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirýändigini aýtdy.

Dabaraly çäreleriň çäklerinde bu ýerde baýramçylyk konserti boldy. Onda türki dilli ýurtlaryň birnäçesinden sungat ussatlary çykyş etdiler.

Konsertiň başynda “Türkmen halkynyň şan-şöhraty äleme doldy” diýen edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Onda geçmişiň we häzirki döwrüň, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň beýik işleriniň hem-de ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleriniň aýrylmaz arabaglanyşygy nygtaldy.

Uly konsert maksatnamasyny halk aýdym-sazlary, aýdyň horeografiýa kompozisiýalary we folklor sahna oýunlary düzdi. Olarda türki halklaryň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapdy.

Tomaşaçylar Azerbaýjandan gelen “Jangi” folklor saz toparynyň, Türkiýe Respublikasynyň Eskişehir häkimliginiň halk oýunlary we tans toparynyň, Gazagystanyň “Ak žaýyn” aýdym-saz toparynyň artistleriniň ussatlygyna we zehinine el çarpdylar. Bosniýa we Gersegowinanyň “Gaýrat” medeniýet assosiasiýasynyň folklor topary “Saraýewonyň milli tansyny” tomaşaçylara hödürledi. Olaryň Wengriýa Respublikasyndan gelen kärdeşleri – “Majar Turan” folklor topary “Çarwa tansyny” ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Faýzi Gaskarow adyndaky Başgyrt döwlet akademiki halk tans topary, Bolgariýadan gelen “Rodop ýelleri” atly folklor topary, Moldowa Respublikasynyň (Gagauziýa) “Dusawa” tans topary, Russiýa Federasiýasynyň Tuwa Respublikasynyň “Saýan” aýdym-saz we tans topary, Makedoniýadan gelen “Täze dünýä” folklor topary hem özleriniň halklarynyň tans sungatyny görkezdiler.

Ruhyýet köşgünde meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde gazak, tatar, türk, ýakut, hakas, tuwa, altaý aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Türkmen sungaty ýurdumyzyň meşhur tans, folklor we saz toparlary, belli estrada aýdymçylary we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler tarapyndan hödürlenildi. “Mukam” skripkaçylar toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren türki halklaryň “Saz çemeni” myhmanlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Konsertiň maksatnamasyna “Türkiwideniýe -- 2014” bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik eden Zylyha Kakaýewanyň çykyşy hem girizildi. Şol bäsleşikde türkmen aýdymçysy häzirki zaman aýdym-sazynda milli ýollary saklamak ugrundaky ýörite baýraga mynasyp bolupdy.

Artistler çykyş edende, olaryň ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi.

Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda “Küştdepdi” gadymy türkmen tansy ýerine ýetirildi. Bu tansda milli medeniýetiň sazlaşygy we ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy.

Dostluk konsertiniň ahyrynda dostlugyň we doganlygyň mekany bolan eziz Watanymyzy, türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän “Türkmenistan” diýen aýdym ýaňlandy. Bu aýdymyň owazy astynda konserte gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykdy. Olar özleriniň halklarynyň sungatynyň baý we köpöwüşginli ýörelgelerini görkezmegi başardylar.

Şekillendiriş, amaly-haşam we surat sungatynyň eserleriniň halkara sergisi Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu gün bu şäherde geçirilen çäreleriň ilkinjileriniň biri boldy. Bu sergi TURKSOÝ-yň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň, şeýle hem şäheriň jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň döwlet taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly açyldy.

Muzeýiň birinji gatynda ýaýbaňlandyrylan sergide Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Makedoniýanyň we Türkmenistanyň suratkeşleriniň, keramikaçylarynyň we suratçylarynyň işleri hödürlenildi. Türki halklaryň durmuşy, olaryň däp-dessurlary, sungaty, medenýiet we sungat ulgamynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän sergi köpöwüşginli boldy. Sergä gelenlere milli lybaslaryň toplumlary, şay-sepler, ussat halyçylarymyzyň dokan halylary, agaçdan we ýüpekden döredilen täsin işler görkezildi. Suratkeşleriň we suratçylaryň suratlarynda ajaýyp tebigy gözellikler, taryhy şahslaryň we döwürdeşlerimiziň keşpleri janlandyryldy, Türki dünýäniň medeni paýtagtlarynyň taslamasynyň çäklerinde guralan möhüm çäreler öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň myhmanlary üçin Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi boýunça gezelenç guraldy. Bu muzeýiň hem-de onuň şahamçalarynyň gaznalarynda gymmatlyklaryň – türkmen halkynyň taryhy, medeni we sungat ýadygärlikleriniň 60 müňe golaýy bar. Gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, halk ussalarynyň kümüşden ýasan şaý-sepleri, arheologlaryň bir mahallar gülläp ösen döwletleriň mesgen tutan ýerinde tapan gadymy medeniýetiň hazynalar toplumy, öý goşlary, ülkäniň taryhy baradaky resminamalar we beýlekiler muzeý gymmatlyklaryny baýlaşdyrýar.

Gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi netijesinde Mary welaýatynyň döwlet taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzyň çäginden daşda hem bellidir. Diňe geçen ýylyň dowamynda onuň gymmatlyklary Türkmenistanyň Belarus Respublikasynda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Minsk şäherinde guralan sergide görkezildi.

Gezelenç tamamlanandan soň, myhmanlar muzeýiň golaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary bölüminiň zalyna çagyryldy. Şol ýerde olara welaýatyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, şol sanda hususy önüm öndürijileriň ýeten belent sepgitleri görkezildi. Sergide welaýatyň hususy kärhanalarynda öndürilen azyk önümleri, milli lybaslar we ýurdumyzyň telekeçiler tarapyndan taýýarlanan sowgatlyklar, şeýle hem ýurdumyzyň dokma toplumynyň tebigy çig maldan taýýarlanan ýokary hilli önümleri hödürlenildi. Myhmanlary Marynyň körpe ýaşaýjylary mähirli garşyladylar. Olar myhmanlara iňlis dilindäki aýdymy hem-de dostluk hakyndaky goşgyny peşgeş berdiler.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin taýýarlanan medeni-tanyşlyk çäresiniň maksatnamasyna laýyklykda, olar düýn “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghana baryp gördüler, şol ýerde täsin binagärlik ýadygärlikleri – Soltan Sanjaryň kümmeti, Hoja Ýusup Hamedaniniň metjidi, gadymy Erkgala we Gyzgala bilen tanyşdylar.

Gyzgalanyň golaýynda türkmen ak öýleri dikildi. Myhmanlar şol ýerde türkmenleriň däp bolan senetleri bilen tanyşdylar, bu ýerde taýýarlanylýan milli tagamlardan dadyp gördüler, şeýle hem ýyndam we syratly ahalteke bedewleriniň gözelligine hem-de bezegli düýelere syn etdiler.

Çärä gatnaşyjylar Marynyň welaýat kitaphanasyna hem baryp gördüler. Bu kitaphana sebitiň ruhy durmuşynyň, ylmyň hakyky merkezine öwrüldi. Myhmanlar kitaphananyň köpsanly zallary we onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Uly binanyň gümmeziniň aşagynda ýerleşýän obserwatoriýa bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlar üçin şeýle hem köpugurly söwda merkezine – özboluşly gündogar bazaryna gezelenç guraldy. Gadym döwürlerden hem şeýle bazarlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen uly şäherleriň jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň merkezi bolupdyr.

Dabara gatnaşyjylar Aşgabada gaýdyp gelenlerinden soň türkmen paýtagtynyň muzeýlerine we beýleki ajaýyp ýerlerine baryp, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşlygy dowam ederler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter